SÖŸÜP SÖŸÜLMESEŃEM...
Kysmatyňy düzetmersiň el bilen,
Şol sebäpli, gynanmagyn birjigem.
Şor gözýaşdan gül göwünler kirjiger,
Görjegi gowudyr sen deý selbileň,
Kysmat bolsa, düzetdirmez el bilen.
Täze gül gözläniň bolmaz ýazygy,
Goý gitsin, saglykda ýetsin maksada.
Özge diňlär, göwün söýen sazyňy,
Şo zatlaram näler içiň ýaksa-da,
Gül gözläp gideniň bolmaz ýazgydy.
Ýürek duýmaz sögünseňem ursaňam,
Ýitigini gözlär, gider soraga.
Başga hiç zat girip bilmez gursaga.
Seniň borjuň — mertebäňi gorama,
Ýürek duýmaz sögünseňem, ursaňam.
Boýdaşlaryň öz bagtyny mazamlar,
Gol tutuşyp, agşam çykanda seýle.
Agy bar ýerinde şirin sazam bar,
Nätjek-dä, dünýäniň gurluşy şeýle,
Her kim mydam öz bagtyny mazamlar.
Didäňde ýaş görse, bagtyň ýadyrgar,
Şonuň üçin süpür, gözde ýaşyňy.
Durmuş geçmez, şatlygyny dadyrman,
Dünýäde kän her gülüňem aşygy,
Şonuň üçin, süpür gözden ýaşyňy.
Karar
Indi besdir, gamgyn bolmak hebesdir,
bolmadyk işler hiç, boljak iş boldy.
Herniçigem bolsa, ysgajak gülüm
wagtynda açyldy, wagtynda soldy.
Şol sebäplem kalby lälezar eýläp,
Şat aýdym aýdaryn indiden beýläk.
Biminnet nur saçýan Güni hem Aýy,
bu ýagty dünýäni görýän diýibem.
Toýa gitjek ýaly
her gün ir bilen
öýümden keýpi kök örýän diýibem.
Päkize kalbymy lälezar eýläp,
şat aýdym aýdaryn indiden beýläk.
Bilip bolmaz, käte ownuk alada
gam bolup, üstüme salsa kölege.
Şepagat taparyn aýdymdan-sazdan
men öňdenem aýdym-saza ölemen.
Şol sebäpli kalby lälezar eýläp,
Şat aýdym aýdaýyn indiden beýläk. ?
***
Bir tarapyň Hydyr gören çägelik,
Bir ýanyň Hanhowuz gowaçalygy.
Bilýän, bir mahallar ýürgimiňem,
Şu meýdanlar ýaly sowajagyny.
Şoň üçin içmäge ýaran gözleýän,
Belki, o zat ýüregime em eder,
Taýyn men, heserdeş, ykbaldaş bilen,
Güm bolup gitmäge jähenneme-de.
Bir gün säher bilen işigmi açyp,
Başy şlýapaly, ýakymsyz bir tip.
Golumy baglarda, äkdire türmä,
Dünýede düzgünsiz ýaşapsyň diýip.
Garynjaň öýjügni bozmadyk janym,
Neneň döz gelerin, beýle töhmede,
Şehit bolar töhmet okundan ölen,
Şonuň üçin gamgyn bolar söhbedem.
Ýollar nekrologa meňzär bigüman,
Gözleirm zar bolar toýdur-baýrama.
Bu dünýäniň ozalyndan kadasy,
Gülden aýra düşen bilbil saýramaz.
Hut şonuň üçinem içesim gelýär,
Belki, o zat ýüregime em eder.
Taýyn men, heserdeş, ýürekdeş bilen
Güm bolup gitmäge jähenneme-de.
Sersepil
Bigadyr bolarsyň, miwesiz bolsaň,
Duşmadym men heniz seni magtana.
Adamlar hemişe bähbit gözleýär:
Öwüp arşa çykardylar pagtanam.
Çig süýt emen bolýar adam diýeniň,
Hemişe bir zatda gaýdylýar kelte.
Biziň bähbit gözläp, şeýdip ýörşümiz
Ahyry bir belaň üstünden elter.
Tanap goý sen, ikimizem heserdeş,
Sersepilim, sersepilim, sersepil.
Mydam seniň hyzmatyňda gezerdim,
Eger ykbal ellerime berse pil.
Ýogsam, goşgy ýazyp, janymy ýakyp,
Çendenaşa ezýet berdim ýüregme.
Hesret derýasyna atdym özümi,
Ýok gaýygym, ýok elimde küregmem.
Hoşlaşyk
Gördüm, hoşlaşykda egnimden garap,
Açyk penjireden delmurup durşuň.
Seriňde ýatlamaň ýumagyn sarap,
Diňläp durmudyň sen ýüregiň urşun.
Gam çekme, Başyňda sansyz alada,
Mekgäň daşy kimin sallanan çagy.
Hoşsurat bir ýigit gelip alnyňa
Üwrär, täleý atly sallançagyňy.
Men-ä garyp oglan, dagy bolmasa,
Bigamlykdan gaýry ýokdur ýazygym.
Halal nanym, gant, ýagsyz kolbasa
Hem süýji arzuwlar her gün azygym.
Tä ölinçäm seni ýatlap gezerin,
Bolsaňam sen başga kişiň aýaly.
Iller näme diýse, şony diýsinler,
Kalbymda saklaryn ikona ýaly.
Cary YEGENMYRADOW.
Şol sebäpli, gynanmagyn birjigem.
Şor gözýaşdan gül göwünler kirjiger,
Görjegi gowudyr sen deý selbileň,
Kysmat bolsa, düzetdirmez el bilen.
Täze gül gözläniň bolmaz ýazygy,
Goý gitsin, saglykda ýetsin maksada.
Özge diňlär, göwün söýen sazyňy,
Şo zatlaram näler içiň ýaksa-da,
Gül gözläp gideniň bolmaz ýazgydy.
Ýürek duýmaz sögünseňem ursaňam,
Ýitigini gözlär, gider soraga.
Başga hiç zat girip bilmez gursaga.
Seniň borjuň — mertebäňi gorama,
Ýürek duýmaz sögünseňem, ursaňam.
Boýdaşlaryň öz bagtyny mazamlar,
Gol tutuşyp, agşam çykanda seýle.
Agy bar ýerinde şirin sazam bar,
Nätjek-dä, dünýäniň gurluşy şeýle,
Her kim mydam öz bagtyny mazamlar.
Didäňde ýaş görse, bagtyň ýadyrgar,
Şonuň üçin süpür, gözde ýaşyňy.
Durmuş geçmez, şatlygyny dadyrman,
Dünýäde kän her gülüňem aşygy,
Şonuň üçin, süpür gözden ýaşyňy.
Karar
Indi besdir, gamgyn bolmak hebesdir,
bolmadyk işler hiç, boljak iş boldy.
Herniçigem bolsa, ysgajak gülüm
wagtynda açyldy, wagtynda soldy.
Şol sebäplem kalby lälezar eýläp,
Şat aýdym aýdaryn indiden beýläk.
Biminnet nur saçýan Güni hem Aýy,
bu ýagty dünýäni görýän diýibem.
Toýa gitjek ýaly
her gün ir bilen
öýümden keýpi kök örýän diýibem.
Päkize kalbymy lälezar eýläp,
şat aýdym aýdaryn indiden beýläk.
Bilip bolmaz, käte ownuk alada
gam bolup, üstüme salsa kölege.
Şepagat taparyn aýdymdan-sazdan
men öňdenem aýdym-saza ölemen.
Şol sebäpli kalby lälezar eýläp,
Şat aýdym aýdaýyn indiden beýläk. ?
***
Bir tarapyň Hydyr gören çägelik,
Bir ýanyň Hanhowuz gowaçalygy.
Bilýän, bir mahallar ýürgimiňem,
Şu meýdanlar ýaly sowajagyny.
Şoň üçin içmäge ýaran gözleýän,
Belki, o zat ýüregime em eder,
Taýyn men, heserdeş, ykbaldaş bilen,
Güm bolup gitmäge jähenneme-de.
Bir gün säher bilen işigmi açyp,
Başy şlýapaly, ýakymsyz bir tip.
Golumy baglarda, äkdire türmä,
Dünýede düzgünsiz ýaşapsyň diýip.
Garynjaň öýjügni bozmadyk janym,
Neneň döz gelerin, beýle töhmede,
Şehit bolar töhmet okundan ölen,
Şonuň üçin gamgyn bolar söhbedem.
Ýollar nekrologa meňzär bigüman,
Gözleirm zar bolar toýdur-baýrama.
Bu dünýäniň ozalyndan kadasy,
Gülden aýra düşen bilbil saýramaz.
Hut şonuň üçinem içesim gelýär,
Belki, o zat ýüregime em eder.
Taýyn men, heserdeş, ýürekdeş bilen
Güm bolup gitmäge jähenneme-de.
Sersepil
Bigadyr bolarsyň, miwesiz bolsaň,
Duşmadym men heniz seni magtana.
Adamlar hemişe bähbit gözleýär:
Öwüp arşa çykardylar pagtanam.
Çig süýt emen bolýar adam diýeniň,
Hemişe bir zatda gaýdylýar kelte.
Biziň bähbit gözläp, şeýdip ýörşümiz
Ahyry bir belaň üstünden elter.
Tanap goý sen, ikimizem heserdeş,
Sersepilim, sersepilim, sersepil.
Mydam seniň hyzmatyňda gezerdim,
Eger ykbal ellerime berse pil.
Ýogsam, goşgy ýazyp, janymy ýakyp,
Çendenaşa ezýet berdim ýüregme.
Hesret derýasyna atdym özümi,
Ýok gaýygym, ýok elimde küregmem.
Hoşlaşyk
Gördüm, hoşlaşykda egnimden garap,
Açyk penjireden delmurup durşuň.
Seriňde ýatlamaň ýumagyn sarap,
Diňläp durmudyň sen ýüregiň urşun.
Gam çekme, Başyňda sansyz alada,
Mekgäň daşy kimin sallanan çagy.
Hoşsurat bir ýigit gelip alnyňa
Üwrär, täleý atly sallançagyňy.
Men-ä garyp oglan, dagy bolmasa,
Bigamlykdan gaýry ýokdur ýazygym.
Halal nanym, gant, ýagsyz kolbasa
Hem süýji arzuwlar her gün azygym.
Tä ölinçäm seni ýatlap gezerin,
Bolsaňam sen başga kişiň aýaly.
Iller näme diýse, şony diýsinler,
Kalbymda saklaryn ikona ýaly.
Cary YEGENMYRADOW.
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.