Sea man Song

Deňizçiniň aýdymy

Şu äpet tolkunlar gaýygym bolsun,
Şu kiçi gaýygym – tagtymdyr meniň!
Eger dolanmaga birje maý bolsa,
Dolanyp biläýsem, bagtymdyr meniň.

Ýogsa, uly ýola ýalňyz gaýykly,
Kiçijek gaýykly, eýse, kim çykýar?
Gowy zady wada bermeýän ýaly,
Deňiz öňküsinden bulanyp akýar.

Gögüň ýüzi bagrym ýaly garadyr,
Çakýan ýyldyrymam hasratym meniň,
Hudaý bilsin, indi nirä baradyr?
Ugrumy ýitirip, entedim telim.

Bu tolkunlar azaşdyrdy kän meni,
Kän taýdyrdy, şekili ýok damjalar,
Namart bolsam, goý, aparsyn gaý meni,
Şonda, belkem, gowga kalbym y:njalar.

Şu äpet tolkunlar gaýygym meniň,
Egnimiň üstünde şu äpet asman.
Ýöne...biri garaşaýsa kenarda,
Onda men dolanyp gelerin hökman

Bägül ATAÝEWA
1 лайков 60 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.