Tarpa taýyn ölüm

Men seni bir eýýäm "aldyrypdyryn",
Sowapdyr mähirden püre-pür ýeriñ.
Duýmandyryn tutan çagym elleriñ,
"Ajalyñ" kalbyñda köw-söwlän demin.

Sönüp gitdiñ,
Gaýyp gitdiñ gözümden,
Sen bolmasañ "senden" maña ne nep bar?
Köpden bäri men düýnlerde ýaşaýan,
"Bu günlerden" gaçmagyma sebäp bar...

Kölegämden bukup ýörün özümi,
Aýnalary gizläp çykdym ýüzümden.
Garañkylyk garaldypdyr gabagym,
Sen maña üýtgäpsiñ diýip geñleme—
Perdeleri syrylypdyr gözümden,
Görmesiz zatlary görüp başladym...
Bulutlar abanýar,
garalýar dünýäm
Ýöne näm üçindir ýaganok ýagyş..?
Aýtsana,
                sen munuñ jogabyn bilýäñ...

Ýa-ha senden köp zatlary isläpdim,
Ýa saña bir zady kemter beripdim.
Ýalançy-ha däldiñ yöne näm üçin
Hak sözden kem rysgal sözler beripdiñ?!

Tebigatam saña boýun egdi:rdim
(Öte geçsem bagyşla ýa Ýaradan).
Tomusda depäñden ýagdyryp gary,
Ýasardym men eremezek gar adam.

Sen isleseñ ýaz ýagşyna öwrülip,
Saçyñ ezip, lebleriñe damardym.
Ýa, bolmasa, şemal bolup daglaryñ
Howasyndan señ jigerñe salardym.

Arzuw etsek ýyldyzlara ýeterdik,
Ýekän-ýekän söküp yhlas tekjesin...
Tiz döwüldi uzak ýola niýetläp
"Gymmatbaha" alan köwşüñ ökjesi...

...Ynha, bu gün ýürekdäki jesediñ,
Gömüp gaýtdym daş oturdyp üstüne.
"Ölen" ynsan meniñ nämäme derkar?!
Ölen bolsañ gömülmeli dessine!

O dünýäñde gezip ýörmüñ hezilmi?
Ne tüýs bir ýer biwepalañ "
Jenneti"?
Bagyşla ýasyñam tutup bilmedim,
"Kyrkyñdan" soñ galmady oñ gymmaty.

Edepli Gödekow.
7 лайков 145 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
13 июл 2023, 15:45
Edepli Gödekow Awtoryñ adymy ýa nikmi?
Edepli Gödek
Автор 13 июл 2023, 21:48
Remezan, awtoryň ady däl) ýöne awtoryň özi adynyň familiýasynyň ornuna şeýleräk bir zatlar ýazylgy durmagny isläni üçin ýazylan "Edepli Gödekow". Muňam belli bir sebäpleri bar
1-njisi meni tanaýanlaň biri hakyky adym familiam bilen çyrşan zatlammyň birini öňüräk şu saýtda goýamda "Senem bet ekeniňä haçan beýdip söýşüp-köýşüp ýetişdiň?" diýip "prikol" tutup sorag berdi menem bu meň öz başymdan geçen zat dälow ýöne bir ýazaýdym hyýaly dünýäň zady bi hakyky meň durmuşuma degişli zat däl diýsemem düşündirip bilmedim))
2-njisi bolsa käbir ýazan zatlamda täsirlenme bilen bolýamy ýa öz ýadym halan bir setirini hat-da tutuş bendi täze bir zat ýaly edip ýazdyryp goýberýä)) menem muny bilmän aňşyrman öz ýazan zadym diýip adym familiam bilen goýsam gowy zat boljak däl. Şoň üçinem "Edepli Gödekow"
3-njisem halap baramok ýazýan zatlarmy. Öz adym familiamy awtor hökmünde goýmaga bir-iki sany barmak basyp sanamallary bolaýmasa hiç haýsyn laýyk göremok ýazýan zatlarmyň. Gowşagyň gowşagynyň gowşagy baram? şoň üçinem Edepli Gödekow
Öwreniji
13 июл 2023, 23:53
_Bayat

Meñ pikirimçe 100 de biri gowy çyksa gowy goşgy boldugy diýip hasap edýän.
Edepli Gödek
Автор 14 июл 2023, 02:06
Teswirler näme üçin pozuldykan? Remezan aga bir giden teswir ýazypdyr habary geldi-de tesirleň özi ýok. Okamak islärdim. Iş edip ýaltanman ýazypdyr. Pozulmadyk bolanda gowy bolardy?

Автор 14 июл 2023, 02:13
@Gauzen şahsy hat mende ýazyp bolanokda. Şu ýerde hatyň jogaplasam zyýany bolmazla))
Waleýkimessalam. Gowmy jan-saglyk? Sagbol köp-köp. Elden geldigindä indi görübereris ilki öz göwnüme ýarap bilse paýlaşaryn)) täze öwrenje bir höwesjeňiň ýazyp bilýänje gowşagyňam gowşagyndan poşgylardyrda ýaltanman okanyň üçinem sag bol ýene bir gezek.
Öwreniji
15 июл 2023, 15:42
Merdan Baýatowmy?
Öwreniji
15 июл 2023, 15:45
Goşgularyñy başga ýerde paýlaşsañ rugsatmy? Merdan Baýat dp
Edepli Gödek
Автор 16 июл 2023, 01:56
Remezan,
Ýok agam Merdan Baýat däl men) Baýat niki ýöne saýladym. Adym Şyhnazar familiam Durdyýew. Howwa rugsat paýlaşyberiň
Öwreniji
16 июл 2023, 07:25
Ok. Minnetdar
Gauzen
17 июл 2023, 10:05
_Bayat,
Yzy gür bolsun...