Öwrülişik

Tozýar, tozsun gynanamok köwşüme,
Köýneklemem gezekleşip çüýreýär.
Gün kakatdy, ýel kakatdy keşbimem.
Serimiň hem sämäp bagty çüwmeýär.

Düşýär, syçanguýruk boldy saçlarym,
Gaşlarymam gerilmeýär ýaý ýaly,
Dyrnak hynalamamy hem taşladym,
Men şeýle-de bir bölejik Aý ýaly.

Ýygyrtlaram indi ýokuş degmeýär.
Demir dişlere-de öwrenşýän kem-kem ,
Nobatlaram howluksaň, has egleýär.
Işlerem howluksaň, bitegen kemter.

Äýnek, şaý-sep dakynmandym kejigip,
Saýawanam götermedim ömrüme,
Hezildi, şonda-da meniň hiç haçan,
Dönesim gelmedi, talyp döwrüme.

Öňki ýaly ýarygam ýok Zeminiň,
Sähel zada bozulanok keýpimem.
Gülkim tutýar diýäýseler: “Küýküje“
Ýuwaşjadan bolup barýan keýtigem.

Şo bolşuma goşgy goşýan sen hakda,
Şo bolşuma düýşde görüp oýanýan,
Şo bolşuma duýýan:
Ýürek ýukalyp, Akyl goýalýar.
Hem öňküden ýylgyryşym owadan,
Hem öňküden mähirlije seredýän.

2007.

© Laçyn Pürjäýewa
5 лайков 173 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
OrazMuhammet Aşyrow
18 авг 2023, 20:04
Ine bu goşgy edil agzyňda ereýän süýjilik ýaly ýa-da suwsap gelip iýilen salkynjak garpyz ýaly jana örän hoş ýakýar. Umuman adamda döredýän duýgusam hoşamaý we göwün gandyryjy...
bahryalniz prenses
19 авг 2023, 13:34
mrokas
Ine bu goşgy edil agzyňda ereýän süýjilik ýaly ýa-da suwsap gelip iýilen salkynjak garpyz ýaly jana örän hoş ýakýar. Umuman adamda döredýän duýgusam hoşamaý we göwün gandyryjy...

gaty gou menzedme mlds