Ukusyzlyk

Gijäñ ýary,
Ukym uklap ýatyr,
Oýarmaga dözemok.
Meniñ bolsa gözüme çiş kakylan,
Biraz gezim etdim.
Arassa howany bir çilimlik zäherledim,
özümem,
Hyýala çümdümde,
Öz bolşuma durmuşumy düzetdim.

Okuw okamakdan şu wagta çenli,
Bezäp biljek durmuşymyñ bagtyny,
Söýen gyzlarymy ýadyma salyp,
Geçirdim ukusyz gijäñ wagtyny.

Belki-de düýpgöter üýtgäýermidi?
Durmuş guran bolsam ilkinjim bilen.
Ýa ikinjim bilen,
Ýa meni söýmedik, özün söýdüren,
Üçinjim bilen!?

Häzirki bolşumdan bormudym bagtly?
(Şu wagtky bolşuma müñ birde şükür).
Myssaryp duran gelnime derek,
Haýbatly,
Boýnuma atlaýyn münjek gaharjañ gelin,
(Toba kellämde her hili pikir)...

...ukydan oýandy, säher guşlary,
Meniñ bolsa ukym mürgüläp ýatyr.
Kelle doñdy, gyrawlanan gyş ýaly,
Gelinimden başga müñ dürli setir...

© Remezan Mämetgurbanow


1 лайков 107 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.