"AŞYK ÝIGDIŇ ÝARYNA ÝAZAN HATY"
"Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary"
Gurbannazar Ezizow
Gülüm aramyzda menziller ýatyr,
Sen öýüňde, a men başga şäherde.
Ýüreklermiz aýryp bilmez menziller,
Söýgümiz gül açar şamu-säherde.
Seniň gara gözleriňi ýatladym,
Bakyşlaň ýylysy ýüregme ýeter.
Şamar deýin saçlaň gijäň tümlügi,
Güler ýüziň dolan aýa bäs eder.
Ýatladym näzijek gülküleriňi,
Şol gülküler meniň janyma melhem.
Meniň gözlerime sen şeýle gözel,
Saňa aşyk bolar al-elwan gül hem.
Görküň gözlerimiň ýagyny iýjek,
Saňa telwas edýär jan bilen jiger.
Köp wagytdan bäri men saňa diýjek,
Sözlerimden bu gün döretdim şygyr.
Gülüm aramyzda ak ýollar ýatyr,
Belkem äkidýändir ak bagta sary
Olar aramyzy uzak etsede,
Ýollar duşurýandyr ýar bilen ýary.
ÝUSUP MEREDOW
Gurbannazar Ezizow
Gülüm aramyzda menziller ýatyr,
Sen öýüňde, a men başga şäherde.
Ýüreklermiz aýryp bilmez menziller,
Söýgümiz gül açar şamu-säherde.
Seniň gara gözleriňi ýatladym,
Bakyşlaň ýylysy ýüregme ýeter.
Şamar deýin saçlaň gijäň tümlügi,
Güler ýüziň dolan aýa bäs eder.
Ýatladym näzijek gülküleriňi,
Şol gülküler meniň janyma melhem.
Meniň gözlerime sen şeýle gözel,
Saňa aşyk bolar al-elwan gül hem.
Görküň gözlerimiň ýagyny iýjek,
Saňa telwas edýär jan bilen jiger.
Köp wagytdan bäri men saňa diýjek,
Sözlerimden bu gün döretdim şygyr.
Gülüm aramyzda ak ýollar ýatyr,
Belkem äkidýändir ak bagta sary
Olar aramyzy uzak etsede,
Ýollar duşurýandyr ýar bilen ýary.
ÝUSUP MEREDOW
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.