Edebiýatçylar hökman okaň
Salam saýtyň gadyrly agzalary! Siziň gymmatly wagtyňyzyň azajyk bölegini alyp ýekeje zada ünsi çekmegiňizi sizden soraýaryn we bulary aýtmak bilen özüm bilmän göwnüňize degäýsem öňünden ötünç soraýaryn. Saýta goýulan goşgy, hekaýa, oýlanma, sorag jogap islendik mowzuk bolsun okamaga wagt tapýaňyzla öz pikriňizi ýazyp galdyrmagyňyzy ýokuş görýäňizmi ýaltalyk etýäňizmi bilmedim, bu dogrumyka! Dogry ýazylan eser erbet ýa siziň okajak halajak derejäňizde däl bolmagy mümkin ýöne şonuň kem ýerinide tewsiriňizde ýazyp galdyraňyzok. Biziň dinimizdede öwrenmek parz, öwreneniňi öwretmegem parz. Iň bärikisi nahar bişirseňizde eden azabyňyzyň ýerine düşüp düşmändigini başgalara ýarap ýaramandygyny bilmek üçin dadyp gör nähili süýji bolupdyrmy diýip soralýa. Bir goşgy, hekaýa, oýlanma ýazmak näçe wagtyňyzy alýa? boldy edeniňden soňra halka hödürläp goýanyňdan soňra hiç hili jogap bolmasa özüňiz nähili bolýaňyz. Tankyt bolmasa ösüş bolmaýa mümkin ýazylan eser gowşak, birini dogry ýola ugrukdyrmagam sogap iş içiňizde poeziýa, proza gaty gowy düşünýänler bar ýöne olaram hiç hili maslahat berenok. Beýle parhsyzlyk her adama her hili täsir etýär. Siziň beren peýdaly maslahatyňyz bir gowşak zehini has kämilleşmegne kömek edip biler. Edebiýat adamlary beýleki adamlardan dünýä garaýşy birnäçe häsiýetleri bilen beýlekilerden parhly bolýar eýsem biziň parhymyz nirede. Biz birek biregiň ýagdaýyna düşünýäs edilýän azaby bilýäs. Şonuň üçin gowy eser okanmyzda sagbolsun aýtmagam kemterräk ýerinde goltgy bermegem biziň paýymyza düşýär. Meniň özüm şaýat gowy goşgulary okan şahyrlarmyň el telefon nomerine çenli tapyp jaň etýän. Sag bolsunlar!Kakamyrat Rejepow, Goçmyrat Orazberdiýew, Mukam Muhamow, Aşyr Hanow, Sapa Hommadow dagylara bilen gepleşemde peýdaly maslahatlar berip mylakatly gepleşdiler käbirleri bolsa ýazýan sözi bilen durmuşda özlerini alyp baryşlary düýbünden başgaça muny näme üçin aýtdym men 1-nji derejeli maýyp şol adamlaryň ýanyna baryp maslahatlaşara sagbolsun aýdara saglygym ýok diňe internet telefon bilen tanyşaýmasam olam oba ýerinde işlese?Bir mowzuk açmak üçin gaty kän azap etýän. Diýjek bolýanym sizde bar mümkinçilik başgada ýok bolmagy mümkin dünýä haly, ýekeje hoş söz ýekeje berilen maslahat seniň garşyňdaky adamyň dünýäsini üýtgetmegi mümkin.Diňe men däl müňlerçe ýazýan pozýan ýaşlar kän elimizden geldigiçe goldalyň dogry düşündirileň.Eden belligiňi diňlesin diňlemesin sen aýt galany onuň öz işi , iň gowusyna ýazjak diýer ýaly tewsirler sanalgama däl. Galamdan çörek iý iýme tapawudy ýok öz wyjdanyňyza gulak goýuň eger şondada hiç zat ýazjak dälmiň onda ýazmaý. Adam aýdan ýada ýazýan zadyna özi amal etmelidir ilki. Günüň dowamynda gaty gitse 10 mowzuk açylýar okap çykmak üçin 30 minut wagtyňyzam alanok, herkim şu saýta bir zat öwrenmek, ýada ýüregindäkilerini paýlaşmak üçin girýär. Şonuň üçin beýik Edebiýatyň hatyrasyna uzaklardan bolsada eşdilýän ýürekleriň sesini jogapsyz goýmaň. Gymmatly wagtyňyzy sarplap okanyňyza üçin sagboluň! Göýberlen dyngy belgi, we beýleki ýalňyşlyklar üçin sizden ötünç soraýaryn!
Ýalan zada ýalan diýilýän wagty,
Ýalan diýse bolar diňlemän böwrüň.
Ýalan zada dogry diýilýän wagty,
«Däl!» diýmekde dälmi
Manysy ömrüň...
Kerim Gurbannepesow
Ýalan zada ýalan diýilýän wagty,
Ýalan diýse bolar diňlemän böwrüň.
Ýalan zada dogry diýilýän wagty,
«Däl!» diýmekde dälmi
Manysy ömrüň...
Kerim Gurbannepesow
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.