"...DURMUŞA SÖÝGI"
Adamzat bu dünýä döräli bäri,
Bir tarapy şatlyk, birinde gaýgy.
Şeýdip ony bu günlere ýetirdi,
Beýik ýaşaýyşa, durmuşa söýgi.
Adamzat özgerdi, adamzat ösdi,
Gözledi özüne beýikden beýgi.
Ýöne hasam beýiklere göterdi,
Beýik ýaşaýyşa, durmuşa söýgi.
Kän söweşler bolup, köp gan dökülip,
Ýürek paralady ýamanlyk tygy.
Ýene ýaralarna derman bolupdy,
Beýik ýaşaýyşa, durmuşa söýgi.
Adam bar ýerinde derdem tapylýar,
Dertden basmarlaýa umytsyz duýgy.
Ýöne weli ýene hemaýat berýär,
Beýik ýaşaýyşa, durmuşa söýgi.
Asyr täzelenýä, heňňam garraýa,
Ýöne peselmeýär ynamyň tugy.
Şol ynamy ýüreklerde döredýän,
Beýik ýaşaýyşa, durmuşa söýgi.
ÝUSUP MEREDOW
Bir tarapy şatlyk, birinde gaýgy.
Şeýdip ony bu günlere ýetirdi,
Beýik ýaşaýyşa, durmuşa söýgi.
Adamzat özgerdi, adamzat ösdi,
Gözledi özüne beýikden beýgi.
Ýöne hasam beýiklere göterdi,
Beýik ýaşaýyşa, durmuşa söýgi.
Kän söweşler bolup, köp gan dökülip,
Ýürek paralady ýamanlyk tygy.
Ýene ýaralarna derman bolupdy,
Beýik ýaşaýyşa, durmuşa söýgi.
Adam bar ýerinde derdem tapylýar,
Dertden basmarlaýa umytsyz duýgy.
Ýöne weli ýene hemaýat berýär,
Beýik ýaşaýyşa, durmuşa söýgi.
Asyr täzelenýä, heňňam garraýa,
Ýöne peselmeýär ynamyň tugy.
Şol ynamy ýüreklerde döredýän,
Beýik ýaşaýyşa, durmuşa söýgi.
ÝUSUP MEREDOW
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.