Gijeler

Derdimi sözläpler nur saçýan Aýa,
Kä gökden özüme gözledim saýa,
Ýüregim ymtylyp diňe sen taýa,
Arzuwlam özünde jemlän gijeler.

Ýeňledim men ýürek derdimi aýdyp,
Bu ajap pursatlar dolanmaz gaýdyp,
Otyryn ýyldyza syrdaşdyr öýdüp,
Kalbymdaky dertlem emlän gijeler.

Süýji arzuwlarmyz gitmesin gaýyp,
Saklajak ýüregmiň töründe goýup,
Garaş söýen ýaryň geler-le diýip,
Ýyldyzlar göz gypyp ümlän gijeler
.
Ýürek çydam etmez gaýgy-gam, gussa,
Sen bolmasaň meniň ýüregim gysýa,
Ýalňyzlyk hanjar dek kalbymy kesýä,
Ähli arzy-halym diňlän gijeler.

Gel, begendir meni gara göz, dilber,
Ýylgyrsaň dünýäme çaýylar enwer,
Gökdäki ýyldyzlar misli dür, göwher,
Meniň çekýän derdim aňlan gijeler.

Ýüreklerde juwan söýgi joş urup,
Ýakynladar ýary ýara duşuryp,
Meni ýürek söýenime gowşuryp,
Ähli arzuwlarym oňlan gijeler.

Süleýman Tekäýew
3 лайков 147 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Yusupahmet77
26 окт 2023, 13:05
Ajayyp goshgy
Sahedowa
27 окт 2023, 00:15
dogrydanam aytmana sozum yok??
Hemedany
27 окт 2023, 11:25
Agrosenagatda okadyňyzmy?
Azasdym.
27 окт 2023, 12:13
Waw gaty gowy gosgy ustunlik
Diamante_G
27 окт 2023, 16:54
Okamda howes bilen okadym yetirip duruň ?