Özume sowal?

Ýigrim dokuz ýyly ýaşan ömrümiñ
Günasinden artykmyka sogaby?
Munyñ jogabyny agtaryp ýörün
Öz-özüme gaýtalap bu sowaly?

Bilmen,nije göwni bilmezden yykdym
Bilib-ä degmedim ejiz ýürege!
Ömrüñ sa:llarynda eglendim,y:kdym
Meñzemedim bir gayyksyz kürege

Ýetimi göremde başyn ogşadym
Bilýarin! Kyn onuñ gecmeli yoly.
Egnime ýüklermi alyp ýaşadym
Şu gün şu dünýäden göçmeli ýaly

Naçarlara el galdyran tentege
Haýbatly daradym,gargadym,sögdüm
Jandan gecip söýenim ýok entegä
Ýöne söýenimde janymdan söýdüm.

Ýalñyşlarym kän bolupdy,bolaram
Şonçaragam dogrulam bar elbetde.
Gowy günleñ saña gelmegi üçin
Şowsuzlygyñ bolýanlygam erbet däl.

Ýöne, ine yene jogapsyz galdy
Aklygy garadan sapladymmykam?
Ýigrim dokuz ýylda ejemiñ beren
Bir günki süýdüni hakladymmykam?
Awtor:Nurekowa Gülnäz
3 лайков 102 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Abdilla85
13 ноя 2023, 19:56
Bir kem otuz yashan shygyr gahrymany öz özüne hasabat berýar. Ol real dunyade yaşap yoren adamyñ, päli düzüw ynsanyň haýyr işleriniň kölegesiňde şer işleriňem bolup öljekdigi barada oýlanýar.