Sümer Plita ýazgylary (8-dowamy)
ANU ENKINIŇ AÝDANLARYNA ÜNS BERÝÄR
Enki Adapanyň syryny şeýle açyklady. Enkiden gelen bu gizlin habar Anuny geň galdyrdy. Gahary hem geldi, güljeginem bilmedi..
Wezir Ilabrady otagyna çagyrdy we oňa şulary diýdi: ''Oglum Ea, Enki lakamyny almanka aýal-gyzlara bolan höwesini bes edip bilmändi.
Wezir Ilabrata gizlin haty görkezip: ''Düzgün näme? Patyşa näme etmeli?'' diýip sorady wezirden.
ADAPA ÝERE UGRADYLÝAR
''...Kanunlara görä gyrnaklar bilen bolmaga rugsat edilýär, ýöne planetalar arasynda, başga planetaly bilen jübütleşmek kanunymyzda ýok'' diýdi Ilabrat. Eger bu howply bolsa muny çäklendirmek gerek. Adapany häziriň özünde Ýere ýollamak gerek, rugsat berseňiz Ningişzidda we Dumuzi uzak wagtlap bärde bolsunlar. Soňra Anu Ningişziddany öz otagyna çagyrdy. Kakaň ugradan hatynda näme diýendigini bilýäňmi diýip ondan sorady.
Ningişzidda kellesini öňe tutup pyşyrdap şeýle diýdi: ''Bilemok, ýöne şeýle pikir edýärin: Adapanyň janly suwuklygyny barlagdan geçirdim, ol Enkiniň tohumyndan... diýdi. Hatda hem şeýle ýazylan eken diýdi Anu. Adapa häziriň özünde Ýere dolanyp barsyn, onuň täleýi siwilizasiýa adamlaryň atasy bolmaly.
Saňa gelsekNingişzidda, Adapa bilen Ýere dolanyp baryň. Kakaň ýanynda bolup adamzada halypalyk, mugallymçylyk edersiň-diýdi. Anu huzuryna ýygnanan alymlara, asyllylara, şazadalara we soýuzdaşlara şeýle diýdi: ''Bu Ýerlini uzak wagtlap bu ýerde saklap bilmeris, biziň planetamyzda iýip-içmeýär. Onuň haýran galdyrýan taraplaryny hemmämiz gördük, indi Ýere dolanyp barsyn...''
ÄLEM GÄMISINE NIBIRUDAN DERMAN TOHUMLARY SALYNÝAR, NINGIŞZIDDA ADAPA GÜN SISTEMASYNY DÜŞÜNDIRÝÄR
''...Onuň zürýatlary Ýerde ekin-ekip, dikin-dikip, çopançylyk etsinler! Ynamy ödemek we aljyramaz ýaly Ningişzidda hem onuň bilen dolanyp barar. Olar bilen bilelikde Nibirudaky derman otlarynyň tohumlary hem Ýere ýollansyn.
Anunyň bu sözlerine hemmeler baş atdylar. Ningişzidda bilen Adapa Uçýan ulaglaryň ýanyna bardylar. Anu we Dumuzi, Ilabrat we soýuzdaşlar, asyllylar we gahrymanlar olary ugratdylar. Älem gämisi titräp, kükräp süýnüp gitdi. Nibirunyň kiçijek şekilini gördüler...
NINGIŞZIDDA NIBIRUDA BOLUP GEÇEN ZATLARY AÝDYP BERÝÄR
Uçuş wagtynda Ningişzidda oňa planeta Taňrylary hakynda aýdyp berdi. Gün we Ýer hem-de Aý hakynda oňa ders berdi.
Aýlaryň nähili biri-birleriniň yzyndan kowalap ýetýändigini we Ýeriň ýylynyň nähili hasaplanýandygyny öwretdi. Ýere baranlarynda Ningişzidda kakasy Enkä bolup geçen zatlary aýdyp berdi. Enki garnyny tutup hahaýlap güldi. ''Hemme zatlar isleýişimçe bolupdyr...'' diýdi. Dumuziniň galmagy welin meni geň galdyrdy. Ningişzidda we Adapanyň gysga wagtyň içinde yzyna dolanyp gelişlerine Enlil geň galdy.
Näme zatlar bolup geçdi Nibiruda diýip Enkiden we Ningişziddadan sorady. Enki ''Ninmahy hem çagyraly olam eşitsin'' diýdi. Olam geleninden soň Ningişzidda olara bolan zatlary aýdyp berdi.
ENLILIŇ ENKÄ GAHARY GELÝÄR
Enki Ýerli zenanlar bilen bolandygyny aýdyp berdi; Hiç hili kanuny bozmadyk; saklanyp bilmedim diýdi Enki beýlekilere. Enliliň oňa gahary geldi we: ''Hiç hili kanuny bozmadyň, Anunnakiler we Ýerlileriň geljegini oýlanyşyksyz bir iş bilen çyzdyň!... diýip igenip ol ýerden çykyp gitdi.
ÝERLILER TÄLIM ALÝARLAR
Marduk Eriduwa geldi, ejesi Damkina tarapyndan çagyrylypdy. Bolup geçen zatlary kakasyndan we agasyndan eşitmek isleýärdi.
Ataly-ogul bu syry Marduga paş etmediler: '' ''Anunyň täze adamy Ýerdäkileri iýdirip-içirmek üçin ugradandygyny'' aýdyp berdiler. Mardugyň syny Adapada we Titide oturdy. Ogullaryny bolsa halamady. Ningişzidda Adapa tälim berip başlady, Marduk bolsa kakasy Enkiden: ''Rugsat berseňiz menem ogullaryna tälim berip, öwretmekçi'' diýdi. Enki bolsa: ''Marduk birine, beýlekilere Ninurta öwretsin'' diýdi. Eriduda Adapa we Titä Ningişzidda tälim berdi. Ol Adapa sanlary we ýazmagy öwretdi.
MEŞHUR ABYL KABYL HEKAÝASY BAŞLAÝAR, BAŞGA PLANETADAN GOÝUN GETIRILÝÄR
Ninurta Ilkinji dogulan ekizi Bad-Tibara atly öz şäherine alyp gaýtdy. Oň adyna Ka-in dakdy. Ekin ekip hasyl ýygnan diýen manyny berýär.
Oňa ekin suwarmak üçin kanal açmagy öwretdi. Ninurta Kaina odunlardan we agaçlardan ýer sürer ýaly plug ýasamagy öwretdi. Adapanyň beýleki ogluny alyp çaýyrlyga eltdi. Onuň adyna Abael dakdy, suwarylan çaýyrlardan bolan diýen manyda.
(Keramatly kitaplarda belkäm adamogly şol döwre çenli Anunnakileriň gullugynda bolandyklary üçin we ýerli işçiler hökmünde ulanylandygy üçin Kabyl (Kaýyn) we Abael, Adamunyň (Adam) ogullary ýaly edip düşündiripdir. Edil haýsam bolsa bir kinofilmiň gerekmejek ýerini kesip, ol ujundan bul ukyby birleşdiren ýaly bolupdyr. Bolmasa Adamunyň zürýatlary Sümer Plita ýazgylarynda gul hökmünde işledilip, ýerli genetikasy bozulan ýerli işçiler hökmünde düşündirýär.
Sümer ýazgylaryna görä hakykatda Enkiden bolan Adapa, Ka-in we Abaeliň kakasydyr.
Keramatly kitaplar birnäçe üýtgeşmeleri geçirse-de Sümer ýazgylarynda bolup geçen zatlary Ylahy bolup geçen zat ýaly düşündirişine ýene bir delil Kain we Abael hekaýasydyr. Atlary hem üýtgemezden, wakalar hem şol, bolup geçen zatlaram şol bir zat!!!)
Ýaradylyş: 4;1-Adam aýaly How bilen bile ýatdy. How hamyla boldy we Kaýyny dogurdy. ''Rebbiň kömegi bilen bir ogul Dünýä getirdim'' diýdi. 2-Soňra Kaýynyň jigsi Janymy dogurdy. Habyl çopan boldy. Kaýyn bolsa ekin-ekdi.))
Marduk oňa nädip Agyl (mal ýatak) gurmalydygyny öwretdi. Çopançylyga başlamak üçin Dumuziniň gaýdyp gelerine garaşdylar. Şar dönensoň Dumuzi ýere dolanyp geldi. Ýany bilen goýunlaryň öz tohumyny, ulaldylyp ýetişdiriljek urkaçy goýunlary getirdi.
Nibirunyň dört aýakly haýwanlaryny başga bir planeta, Ýere getiripdi. Onuň gelmegi baýramçylyga sebäp boldy.
Zakariýa SEJIN
Terjime: Jeksparrodan

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.