Sowuklyk
Gidenimden soň güneşli şäherimem sowapdyr. Şäherem öz söýeninden jyda düşäýdimikä? Adamlaryň biri-birege aýdýan mähirli sözleri azalyp, sowuk sözler has-da köpeläýdimikä? Ýaryndan aýrylýanlar artýarmyka? Güýz ahyrlap barýar welin, adamlaryňam söýgüsi, mähirleri, ýyly sözleri ýaprak deýin gaçaýýarmyka? Belki-de bütin sowuklygy özünde jemläp, saklap ýören mendirin... Ýa-da maňa meňzeşlerdir...
Öňem bir ýazyjynyň aýdyşy ýaly "Öýde ot ýanýar, diýseň hezil, ýöne bu howada üşeýän bardyr..."
Üşeýän kändir, ýöne olaryň üşemeginiň hersiniň öz sebäpleri bardyr. Käsi daşyndan üşeýän bolsa, käsi-de içden üşeýändir. Howplysy bolsa içden üşemekdir, kalbyň doňmagydyr. Peji "gujaklap" ýatanyň peýdasy barmy, kalbyň doňaklygyny eretmejek bolsa. Käte adamlaryň bolşuna-da haýran galýarsyň. Ýekeje stakan kofeniň berýän ýylylygyny hem berip başarmaýanlar bar. Bir-birekden hoş sözlerini-de gysganýarlar. Hamala hoş söz aýtmak üçinem uly bir sebäp gerek ýaly. Kalplaryndaky güneşi çykarman, gara bulutlary üýşürip ýörler. Ýüzlerden ýylgyryşlaryn-da bukup saklaýarlar. Kiçijek zatlardanam şatlyk döredip başarmaýarlar.
Nähili howa bolanda-da sowuklygy köpeltmäliň. Doňmalyň, ýürekleri doňdurmalyň. Özümiz üşeýäs diýip, başgalary-da üşetmäliň!
Ylham GURBANALYÝEW
18.11.2023
09:30

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.