Kerim Hallyýew ogurlykmy ýa-da täsirlenme

Natanyş özbek şahyry

Şundaý künlar keladi,
Çontak pulga toladi,
Omanatga iň zor bank,
Hotiniňgiz boladi!

Kerim Hallyýew
Arkaýynlyk hem gorky,
Hyýalyň bolar dostum.
Dünýäniň iň berk banky,
Aýalyň bolar dostum.

Otaňgizga koýitgan,
Egri ýoldan toýitgan,
Farzant bilan boýitgan,
Hotiniňgiz boladi.

Gazananyň sowurjak,
Sag janyňy gowurjak,
Çagalarňy dogurjak,
Aýalyň bolar dostum.

Içişiňgizdan toýgan,
Doýim piçoksiz soýgan,
Bir ýostikga boş koýgan,
Hotiniňgiz boladi.

Bir ýassyga baş goýjak,
Göwnün ýyksaň boş goýjak,
Hamyň pyçaksyz soýjak,
Aýalyň bolar dostum.

Tolagan siz mährini,
Keltirsaňgiz kohrini,
Ýamon saçar zahrini,
Hotiniňgiz boladi.

Ir tutup çaýyň berjek,
Gaýyn ata gaýyn berjek,
Zäherden paýyň berjek,
Aýalyň bolar dostum.

Kaýnonani kaýirgan,
Iç içidan ýaýragan,
Ertalapdan saýragan,
Hotiniňgiz boladi.

Şat günüňde ýaýnajak,
Gamgyn günüň gaýnajak,
Daňdan turup saýrajak,
Aýalyň bolar dostum.

Hotinlar köp gibatçi,
Ýoki oddiý bir gapçi,
Kel kolmakga sabapçi,
Hotiniňgiz boladi.

Kä mährinden içirjek,
Kä bagryňy bişirjek,
Barja saçyň düşürjek,
Aýalyň bolar dostum.

Korniňgizni tok kilgan,
Ertalapdan dok kilgan,
Nastrenýani ýok kilgan,
Hotiniňgiz boladi.

Aýalsyz är ownajak,
Günüň şolar gowlajak,
Keýpe sogan dograjak,
Aýalyň bolar dostum.

Işiňgizdan koldirgan,
Biliňgizni toldirgan,
Aýtganini aldurgan,
Hotiniňgiz boladi.

Keýpsiz çagyň galdyrjak,
Büdräniňde galdyrjak,
Islän zadyn aldyrjak,
Aýalyň bolar dostum.

Mas kelip uruşsaňgiz ,
Ne kilişni biladi.
Melitsiýaga beriwergan,
Hotiniňgiz boladi.

Içip gelseň güň etjek,
Bar keýpiňi teň etjek,
Polisýa jaň etjek,
Aýalyň bolar dostum.

Ötmişiňgiz kawlagan,
Işi düşsa awragan,
Bitmagunça jawragan,
Hotiniňgiz boladi.

Iş buýransoň diňmejek,
Sabyr edip bilmejek,
Bitirýänçäň iňlejek,
Aýalyň bolar dostum.

Aýtyp kemu kostiňgiz,
Şilip alar postiňgiz,
Hakyky çin dostiňgiz,
Hotiniňgiz boladi.

Bir ömrüň bar bir başyň,
Emma köp bor gardaşyň,
Şolardan çyn syrdaşyň,
Aýalyň bolar dostum.

Depgiňgizga ýaragan,
Bolaňgizga karagan,
Ok ýuwup ok toragan,
Hotiniňgiz boladi.

Hyzmatyňa garajak,
Çagalarňa ýarajak,
Kä ýüzüňi darajak,
Aýalyň bolar dostum.

Soýa solmasin gam,
Közläri bolmasin nam,
Nima kilganinda ham,
Hotiniňgiz boladi.

Ir ölseň tör saklajak,
Ynamyňy haklajak,
Çagalarňy eklejek,
Aýalyň bolar dostum.

özüňiz baha berin
2 лайков 352 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Süleýman
Автор 07 дек 2023, 12:05
şu goşgyny oturşmada bir özbek oglan aýtýar wideosy ba kim ynanmasa ugradyp berjek
#B.S
07 дек 2023, 13:56
Hasratly ýürek
şu goşgyny oturşmada bir özbek oglan aýtýar wideosy ba kim ynanmasa ugradyp berjek

Ogry deý ol Ýewtuşenkoňam bur goşgusyny ogurlan eken. Kerimgeniý Hallyşenko lakamam bara oň...
Balary
07 дек 2023, 14:35
beyle de bur tâsirlenme bolarmy? öz özündenem monça sâhnan ada prodda bir reportajyny gördüm wln??
Balary
07 дек 2023, 14:37
Ayalyny öwen akmak diyyâmi türkmenler. Bi de bir akmagyn ogry hilisidâ: Hallyştenko?
Süleýman
Автор 07 дек 2023, 17:32
Häzir seni öz üstünde göterip duran Ýer gün gelip sen öz teýine sokar diýýärä şonuň ýaly Kerimi meşhur eden internet indi aýbyny açyp ugrady
Гость
07 дек 2023, 19:50
Degmäňsene şul owlana. Sepini bildirmän ogurlamagam ussatlyk )
Soho
07 дек 2023, 20:16
Zehini bar, ýöne birhili ömürsiz goşgylar ýazýar, zehinini ulanyp başaranok...
Goklors
08 дек 2023, 05:15
ogurlyk, täsirlenme bormy
Enegul
08 дек 2023, 11:37
hmmbah.....