Sensiň
Jady gözleň meni goýupdyr güýläp,
Ne dilim, derdimi bilerdi söýläp,
Ýyldyzlar içinden ýeke-täk saýlap,
Göwün taýym diýip, tutanym sensiň.
Yzyňda nije ýyl sergezdan bolup,
Gamlansaň gamlanyp, şatlansaň gülüp,
Söýgüňi gazanyp razylyk alyp,
Ajap, arzuw eýläp ýetenim sensiň.
Yşgymyz, bekeşdi ýyllardan ýyla,
Kemçilik bolarmy, biz bolsak bile,
Taryp edip, aýdym getirip dile,
Joşup ýazan her bir setirim sensiň.
Ömrüme nur çaýdyň mähiriň bilen,
Täzeden doguldym, baharyň bilen,
Razy men, her dogan säherim bilen,
Maksat myradyma ýetiren sensiň.
Ýazgydymyň, güller açan ykbaly,
Göwnümemi, bizden bagtly ýok ýaly,
Gel, gülüm bu bagty aýap saklaly,
Kalba çäksiz söýgi getiren sensiň.
Süleýman Tekäýew
Ne dilim, derdimi bilerdi söýläp,
Ýyldyzlar içinden ýeke-täk saýlap,
Göwün taýym diýip, tutanym sensiň.
Yzyňda nije ýyl sergezdan bolup,
Gamlansaň gamlanyp, şatlansaň gülüp,
Söýgüňi gazanyp razylyk alyp,
Ajap, arzuw eýläp ýetenim sensiň.
Yşgymyz, bekeşdi ýyllardan ýyla,
Kemçilik bolarmy, biz bolsak bile,
Taryp edip, aýdym getirip dile,
Joşup ýazan her bir setirim sensiň.
Ömrüme nur çaýdyň mähiriň bilen,
Täzeden doguldym, baharyň bilen,
Razy men, her dogan säherim bilen,
Maksat myradyma ýetiren sensiň.
Ýazgydymyň, güller açan ykbaly,
Göwnümemi, bizden bagtly ýok ýaly,
Gel, gülüm bu bagty aýap saklaly,
Kalba çäksiz söýgi getiren sensiň.
Süleýman Tekäýew
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.