BAHAR BUŞLUKÇYSY

Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör:
— Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

Gol ýaýratdy bagymyzyň üzümi,
(Uzak ýaşar şol üzümden dadanlar).
Bahar ýeli sypap geçdi ýüzümi:
— Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

— Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar,
Lälezarda öwşün atýar gunçalar.
Ýodalary suwlap, ýuwdy topragy
Bahar buşlukçysy — hoştap damjalar.

Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Pikir beriň, ahmal galmaň, tijeniň:
— Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

Halyl Kulyýew
4 лайков 43 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Serdar
29 фев 2024, 07:58

Klassik ýazyjy hem şahyr...

Abdilla85
29 фев 2024, 17:34

Halyl Kulynyñ mahmal deyin yumshak mazmunly shygyryet dunyasi bar.