Şumer Plita ýazgylary (9-njy plitanyň soňy) 10-njy plita
ÝERDEN ÇYKYŞ
Enki köpçülige garap: ''Bu jogapkärçilik diňe Enlile degişlidir!'' diýdi-de bu ýerden çykyp gitdi. Marduk hem kakasyndan galmady. Enlil buýruk baryny ýagdyryp ýygnananlaryň arasynda tertibi saklatdy. Taýýarlyk üçin gerek zatlary ýygnap, gelen netijesini açyklady.
Bu ýerden gitmeliler bilen galýanlary topara böldi. Toparlara bellenen ýeri görkezip, ulaglary we ýolbelet dolandyryjyny saýlady. Birinji uçmalylar Nibiruwa gitýänlerdi. Biri-birleri bilen gujaklaşyp hoşlaşanlaryndan soňra Asman ulaglaryna mündiler. Ulaglar Sippardan kükräp süýnüp uçdular.
Yzda galanlar ''Ygtybarly ýol saýlaň'' diýip gygyrsalar-da näme diýýänleri eşidilmedi. Nibiruwa giden gämileriň uçmagy tamamlanandan soň, gezek,Marduga we Ýerdäki aýallara we Igigilere ýetdi.
MARDUK IGIGILER BILEN DÜŞÜNIŞÝÄR
Marduk öz bölünen topary bilen gonuş ýerine bardy we bir saýlawy talap etdi. Marduk we Sarpanit bilen, iki ogly hem gyzlary bilen birlikde Lahmuwa gelip tupan ýatyşýança şol ýerde garaşarlar ýa-da Ýeriň daglyk ýerlerinde gaçybatalga taparlar. Soňra Enlil yzda galanlary hasaplady we olary toparlara bölüşdirip ulaglary taýynlady we Ninurtany Ýeriň gümmürdileri hakynda maglumat bermegi üçin Okeanlaryň aňyrsyna ugratdy. Enlil Nergala we Ereşkigala Ak diýary (Antraktidany) barlap durmaklyk üçin wezipelendirdi. Bu howsalalykda ýerlileriň gozgalaňa başlamaklary daşda däl bolandygy üçin, olar çozmaz ýaly goragy berkidip, geçitleri ýapdyrmak işini Işkura tabşyrdy. Sippar olaryň uçmak üçin taýynlyk görýän ulaglaryň ýerleşen ýeridi.
BELLIK TABLETLERI GELJEKDE TAPYLSYN DIÝIP ÝERIŇ AŞAGYNA GÖMÜLÝÄR
Enlil bolup geçen zatlar tabletlerini Nibrukiden Sippara äkitdi. Ol ýerde geçelge gök-ýer bagyny gurdy. Soňra dogany Enkä seslendi: ''Eger-de Apy-tupandan sag-aman gutulsak, bolup geçen hemme zatlaryň ýatlanmagy üçin bellikler tabletlerini Sipparda, Ýeriň çuňlugyna ynamly galmagy üçin gömeli, sebäbi, PLANETDAN GELENLERIŇ BEÝLEKI PLANETADA NÄMELERIŇ EDILENDIGINI GELJEK GÜNLERDE HEMMELER MUNY BILSIN! (Näme diýýäňiz, siziň pikirimizçe ol bellik kitaplary tapyldymy?)
Enki jigsiniň bu sözlerini makullap kabul etdi. ME-leri we beýleki tabelleri ýerbe-ýer goýuşdyryp altyn sandyklara ýerleşdirdiler.
Geljekgi nesiller üçin Sipparda Ýeriň çuňluklaryna ýerleşdirip gömdüler. Indi bolsa taýynlanan baştutanlar bu ýerden uçmak üçin taýynlanlanýardylar.
Beýik Nibirunyň golaýlaýandygyny gorka-gorka synlaýardylar. Şol wagtlar Enki gyz jigsi Ninmaha şeýle diýdi: ''ÝERDE ÝAŞAÝAN JANLYLARYŇ TOHUMLARYNY TOPLAP GORAG ASTYNA ALMALY WE SOŇRA ÝENE KÖPELTMELI''.
9-njy Plita ýazgysynyň soňy
ONUNJY ŞUMER PLITA ÝAZGYSY
ENKI DÜÝŞÜNDE GALZUNY GÖRÝÄR
GALZU ZIUSUDRA (NUHA) GÄMI GURDURÝAR
Sippara hemme Anunnakiler ýygnandylar we Tupan gününe uzak wagtlap garaşdylar. Otagynda uklap galan hormatly Enki bir düýş gördi. Düýşünde asmanlar ýaly parlaýan ýagty adamyň suduryny gördi. Adam Enkä golaý geldi, bu adam ak saçly Galzudy! Sag elinde oýulyp ýazylýan galamy bardy. (Birnäçe Sümer, Assiriýa, Müsür we ş.m. Plita ýazgylarynda we çyzylan şekillerde Taňrylar ýygy-ýygydan bir elleri ölçeg ýüpli, bir elinde oýulýan galamy bilen, kä wagtlaram şakülly teswirlenýär.
Bular Gudeanyň silindrinde bolşy ýaly daşy ýerleşdirmek ýaly işe başlaýarlar.
Bu daş pikir edilýän ýönekeý daş däl, metaldan edilen berk zatdyr. Bu daşy, hamdaş, şakül ýaly rituallar masonlykda hem esasy ulanylýan zatdygyny bilýäris.
Belkäm bu rituallaryň asly hem Şumerlere baryp direýän bolmaly)
Çep elinde bolsa lajwert daşyndan bir tabel bardy. Enkiniň baş ujuna golaý gelip oňa şeýle diýdi: ''ENLILE NÄGILELIK BILDIRMELI DÄLDIŇ, OL HAKYKATDANAM DOGRY ZATLARY AÝTDY. ENLILIŇ KARARA GELMEGINIŇ SEBÄBI TÄLEÝDI. KYSMAT IŞINI INDI ELIŇE AL, ÇÜNKI ÝER, ÝERLILERE MIRAS GALAR. OGLUŇ ZIUSUDRANY (NUHY) ÇAGYR, IÇEN ANDYNY BOZMAZDAN GOLAÝ GELEN APY-TUPANY OŇA AÝDYP BER. SUWA ÇYDAMLY, SUWA ÇÜMÜP BILJEK BIR GÄMI BINA ETMEGINI OŇA DUÝDUR. SAŇA BU PLITADA GÖRKEZEN ŞEKLIME MEŇZEŞ GÄMI SALDYR; IÇINE GIRIP ÖZÜNI WE MAŞGALASYNY HALAS ETSIN. ULANMA ŞERTINDE HEMME ZADYŇ TOHUMYNY ÝANYNA ALSYN. BU, HEMME ZADYŇ ÝARADYJYSYNYŇ ISLEGIDIR!
ENKI UKYDAN OÝANANDA DÜÝŞÜNDÄKI PLITA ÝAZGYSYNY TAPÝAR
We Galzu Enki ýatyrka tablet Plitada oýup galam bilen surat çekip, Enkiniň baş ujuna ýerleşdirýär.
Ukydan tisginip oýanan Enki esli wagtlap gymyldaman ýatdy. Gören düýşi hakynda pikir etdi: ''Bu düýşümiň ýorgudy nämekä?'' diýip ýerinden turdy, baş ujunda bolsa düýşünde gören Galzunyň Plita tabeli durdy.
GALZUNY TAPMADYK EBKI ZIUSUDRA BILEN GÜRLEŞMÄGE GIDÝÄR
Düýşünde gören tabeli başujynda-dy! Hormatly Enki titreýän elleri bilen tabeli aldy. Ýüzünde geň görnüşli gämi çyzylypdyr. Tabeliň töwereklerinde ölçeg yşaratlary bardy.
Gorka we umyt duýgusy bilen gurşalan Enki ýerinden turup gün dogmanka ilçilerini ugratdy we ''Galzuny häziriň özünde tapyň, oň bilen gürrüňim bar!'' Gün batyp gelýärkä ilçiler dolanyp geldiler we şeýle diýdiler: ''Galzu atly hiç kimi tapmadyk. Nibiruwa uçanyna gaty köp wagt geçipdir!''
Enki muňa geň galdy we munyň gizlin alamatlaryna düşünmek üçin kän oýlandy. Gizlin alamatyny çözüp bilmese-de bu kotly hatyň ýorgudy äşgärdi.
Enki şol gije gizlinlik bilen Ziusudranyň gamyşdan edilen külbesiniň daş tarapyna baryp beren ähdini bozmazlyk üçin (bu äht Enlile berilen, adamlary halas etmezlik ähdi bolmagy ähtimal - terjimeçiniň belligi) Ziusudra däl-de külbäniň gamyş diwaryna ýüzlenip şeýle diýdi:
ENKI ZIUSUDRA GURULMALY GÄMI HAKDA AÝDYP BERÝÄR
Enki:
- ......Oýan! Oýan!'' diýýärdi gamyş diwara. Gamyş perdäniň aňyrsynda Enki gürleýärdi. Onuň sesine Ziusudra (ýagny, Nuh) oýandy. Enki:
- Gamyş perde, gamyş perde! Sözümi eşit, gulak berip diňle! Bütin ýerleri, şäherleri ýok etjek Apy-tupan geler. Adamzat we olaryň perzentleri ýok bolar!
Gelinen karar şeýle, Enliliň mejlisindäki aýdylanlar şeýle.
Anu we Enlil we Ninmah şeý diýdiler. Saňa aýdanlarymy üns berip diňle. Öýüňi terk et, bir gämi gurup başla; malyňdan geç, özüni halas et. Bina edilmeli gämi tabelde äşgär edilen.
Gamyş külbäniň diwarynda goýup gitjek muny. Gämiň durşuna ýapyk dursun. Gün şöhlesem geçmeli däl....''
GÄMINI DOLANDYRJAK ANUNNAKI TAÝYN EDILÝÄR
Enki sözüni şeýle dowam etdirdi: ''.....gurnalyşy güýçli we ykjam, berk bolmaly, Gämi dönüp, bulanyp biler. Ýedi günde gurup tamamla, içine maşgalaňy ýerleşdir. Gämä suw we iýr-iýmiş ýyg, öý haýwanlaryňy hem ýerleşdir.
Soňra bellenen günde saňa yşarat beriler. Suw ýollaryny bilen birini taýynlaryb, şol gün ol seň ýanyňa geler.
Şol gün gelende gämä mün, gapysy berk ýalylsyn! Günortadan geljek Beýik Tupan topraklary we hemmeleri ýok eder. Suw gämini göterer, gämi çaýkalanar. Gämini dolandyryjy seni ynamly ýere äkider.
Seň kömegiň bilen adamzat siwilizasiýasy halas ediler........'' diýen soň, begenen Ziusudra çöküne düşüp seždä gitdi.
(Indi bolsa Şumer hekaýalaryndan ýol alan Mukaddes kitaplardan siziň dykgatyňyza...
Ýaradylyş 6.
14. Özüňe gofer (Töwratda Selwi bagy bolmagy mümkin diýilýär) agajyndan bir gämi ýasa. Içini daşyny berkit. Içinde otaglar ýasa.
15. Gämini şeýle ýasa: Uzynlygy üç ýüz (135 m) giňligi elli (22.5 m), beýikligi otuz arşy (13.5 m) bolsun. (Bir arşyn 45 sm)
Penjirelerini ýasa, boýy ýokarlygyna dogry bir arşyn bolsun. Gapyny gäminiň ýan tarapynda ýerleşdir...)
17. Ýerýüzüne apy-tupan ugradaryn. Gökleriň astyndaky bütin janly-jemendäni ýok ederin. Ýer ýüzündäki her janly-jandar öler.
Ýöne seniň bilen bir şertnama, äht edişerin. Ogullaryň, aýalyň, gelinleriň bilen birlikde gämä mün. 19. Sag-aman galar ýaly her janly haýwanlardan bir erkek, bir urkaçy gämiňe al. 20. Her dürli guşlar, haýwanlar, süýrenijiler ölmez ýaly saňa gelerler.
Ýany bilen özüň hem olar üçin azyk ýygna. Ammar edin. 22. Nuh Taňrynyň bütin buýruklaryny ýerine ýetirdi.
(Bu iki düşündirişleriň haýsysy size mantykly gelýär. Bular ýaly gämide Tupanda-ha däl, açyk deňizde-de güýçliräk tolkun tursa, ýa çaýkalsa gäminiň batjakdygy görlüp dur.
Taňry ýene özi bilen kybap ýer ýüzündäki her janly-jemendäni öldürer in diýýär, hemem olary halas etmek üçin Nuhy ara sokýar.
Dowamly şert edişýär (gysgaldyldy).
Zakariýa SEJIN
Terjime: @Jeksparrodan

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.