Perýat (sonetler çemeni)
Perýat
(Sonetler çemeni)
1
Ruhum gizlenipdir tümünde gijäñ,
Gije damar dañyñ ak synasyna.
Şu pursat söhbetler şeýle bir süýjär,
Ýazmaryn ýazmagyñ hatyrasyna.
Ýazmaryn ýazmagyñ hatyrasyna,
Umydymy baýdak edinip ýörün.
Ylham, bir goşgujyk ber ýazgysyna,
Indiki aýlykda tölejek borun.
Gözýaşlarym gizläýinmi bakandan
Çasly gülkülermi gizläbilmesem?!
Näme agtaraýyn giñiş jahandan?!
Öñki özümi-de gözläbilmesem.
Düşünýärin, oña duşmaryn gaýdyp,
Maña sataşanlar bir salam aýdyñ!
2
Maña sataşanlar bir salam aýdyñ!
Baran ýeri bilen boluwersin soñ.
Mundan beýläk köñlüñ perýady a:ýdyñ,
(Dagy nätsin, arzuwlary ölensoñ?!)
Ýalana gol berdim çynlam dagansoñ:
"Ynamym bar - asla synmajak gaýam."
Ýaşyrynlyk içre näme kylar sen?
Gökden Görýän Göze ählisi aýan.
Täzeje dikindim otly köýnegim,
Ýarysy ataşdan, ýary bulutdan.
Boýun alýan, söýmesemem söýmerin,
Ýöne meni söýenñizi unutman.
Barysy hiç, tabyn bolaýsak ünjä,
Özümizden beter ejeler ynjar.
3
Özümizden beter ejeler ynjar,
Arzuwlarsyñ bolaýsady tersine.
Unudarsyñ ahyrlanda puryja,
Ene ýanar gussalaryñ hersine.
Göýä Arşda uçup ýören hüýr-melek --
Ylham gelmez dileseñem el serip.
A men owalam az saçym tüýderin
Nobatguly däldigime kemsinip.
"Öñki-soñky bar ukypdan binesip!"
"Gyzykly däl, söýseñ söý kemim bilen."
Umumy duşmana garşy birleşip,
Ýaraşyk baglaşjak öz "menim" bilen.
Ýardan özge kime aýdarsyñ dadyñ?!
Köne yzalarmyz dolansa gaýdyp.
4
Köne yzalarmyz dolansa gaýdyp,
Biparhlyga gop ber, (şemaly sergin)
Döredip seriñde täzeçe aýdym,
Başardygyñça-da hiñlenibergin.
Tanyş boluñ: Öz aklynyñ alymy,
Geçse-de deñinden kiosklaryñ.
Kümüş harplarda-da ýazylmaz ady
Ykrar edilmedik filosoflaryñ.
Gerdenimde Begengçgeldi diýmişleý,
Göterýärin intelligent dert baryn.
Geljek günler bu babatda giñişleý
Ýazylmajak kitabymda agzaryn.
Ýaradan goýupdyr mañlaýda "syryn",
Adaty bolmagy başarmaýaryn.
5
Adaty bolmagy başarmaýaryn.
Inçe boýunjygma aljak mertlik bar.
Aşa haýal geçýän wagtyñ azaby
Geplemezek dostum kimin iç ýakýar.
Nälet edip, şükür edip doglanña,
Geçip gidýär myhmanlygyñ giñ dünýä.
Kä ýalbarsyñ: "Al janymy, eglenme!"
Käte "Baky gelsem bolmazmy?" diýýäñ.
Gijäni ürküzen pyşyrdylar-da
Aýan edip bilýär pynhan meýlimi.
Gündelik alada-hysyrdylarda
Siziñki deý güýmäp bilsem beýnimi.
Adatdan daşary pikirlem -- derýa,
Ýogsa, size juda meñzäsim gelýär.
6
Ýogsa, size juda meñzäsim gelýär,
Mesawy söhbetde çyndan ýylgyryp,
Göwnüm goşulmazak goýun dek sürä,
Parhy ýok, ýazgarmañ, ýa-da ýazgaryñ.
Ýatdan çykar arzuwlaryñ paşmadyk,
Ýyldyzlañ tansyna ser sal, oýan-da.
Menem goýup biljek gussa batmagym
Gije göze batmagyny goýanda.
Biriniñ sudury saýgardar çala
Görer göze mälim bolsa al şapak.
Asyl, çetin ezýeti çoh jahanda
Bir höwese uçramasañ ýaşamak.
Özüme teselli berişim täsin:
Sowdum geçmişimiñ aşyny, ýasyn.
7
Sowdum geçmişimiñ aşyny, ýasyn,
"Görünmäge" gelenlerem sag bolsun!
Kör ýollarda ýatyr köýen yhlasym,
Özümden soñ ýörejege aw bolsun.
Senem sag bol, sözüñ bilen söýen ýar,
Mundan beýläk maksatlarma ýaranjak.
Her kim munda öz bagtyna söýenýär,
Bagtyñy güjeñläp näme gazanjak?!
Uzak menzillerde ýykylmaklyk bar,
Hemem käte-käte agsap bilerin.
"Sensiz ýaşap bilmen" janygardyñ baý,
Men bolsa sensizem ýaşap bilerin!!!
Howalaly baglar başyny egýär.
Öñümde rowana geljek görünýär.
8
Öñümde rowana geljek görünýär,
Dar gursagym içre sygjak şatlyk kän.
Köne külbämizde kimsä görünmän
Dogulmaly şygryñ sanjysyn çekýän.
Ezýet bile dünýä inerler olar,
Her harpynda ýüregimiñ dady bar.
Bir sähetli güni serime dolar,
Taraşlaryn, ýöne galmaz ýadygär.
Göge garap, uzasa-da ol gollar,
Ýyldyzlara ýetäýeñok, çek eli.
Hemmeden artykmaç boljak bolanlar
Hiç kimçe-de bolup bilmez ekeni.
Ugrun tapyp, ýalñyzlygy ýeñmeli
Köçe maña, menem köçä siñmeli.
9
Köçe maña, menem köçä siñmeli.
Salgy berýär ýekesirän ahwalym.
(Sowuk ýagmyr gyş geçende diñmeli,
Bahar bilen durmuşyma başlaryn)
Ýazgyt söýgisinden yza tesmesin:
Ýigit barýar ellerinde ter çemen.
Tutulmaly toýumyñ küştdepdisin
Depip ýörler bag üstünde serçeler.
Gara ýerde ak garyny sowuran
Gyşam indi ahyrlapdyr eserin.
Mahal-mahal duýup bilýär sowugy
Giñ "kurtkañ" içinde ýiten bedenim.
Görseñ, şudur ýalançydan ar alyş:
Köçelerde togtamaýar ýaşaýyş.
10
Köçelerde togtamaýar ýaşaýyş,
Dowam edýär, bar ýeñlişe bilgeşleý.
Şu günden soñ şowlulygma a:l salyp,
Ykbalymy çaklap ýörmen bilgiç deý.
Ýöne ýazmagymy entek goýmaryn,
( Ejemiñem aýdyşy dek kesir men )
Her goşgymda özge birin görýärin,
Ýa men ikiýüzli, ýa-da setirlem.
Ýüregimde gussasy bar gül meñiz,
Ýeke pursat ahmyrlamda azaşjak.
Irde-giçde sataşarys diýseñiz,
Akmaklaryñ ülkesinde garaşjak.
Syrlarym gün-günden horlaýar meni,
Içe salyp haçana çen gezmeli?!
11
Içe salyp haçana çen gezmeli?
Bedeniñde dert dömüşin gör onsoñ.
Bir boş gursak tapyp baryn gömmeli,
Üstüni ýagmyrlar ýuwubersin soñ.
Dymmak bilen bolunmaýar hoşgylaw,
Hem bigeleñ görünäýmersiñ dymman.
Uly ile aýan bolan goşgular
Ahmal, syrlarydyr şahyryñ pynhan.
Öñde-soñda biri oka:ýar öýdüp,
Syrlarymy bilmen goşguma salyp.
Siñe baksañ yzlary bar ak köpük
Gijäñ goşarynda sabyrsyz dañyñ.
Gerek bolsa gijeleri aşaýyn,
Syrym sözlemäge gözläp nätanyş.
12
Syrym sözlemäge gözläp nätanyş,
Çykyp gitdim serhedinden zamanyñ.
Ak-garany saýgarmajak çagalyk. --
O günler aýdardym ejeme baryn.
Indi näme ýeke özüm elemde?
Ulalanym üçin boldummy merdem?
Başgaçarak many ýatyr bu heñde:
Ejeler şo-ol öñki, özgerýär dertler.
Körpe wagtyñ ýaly näziñ çekerem,
Arman, teselliler özgerdi kem-kem.
Çaga dälsiñ gujak-gujak edere,
Süýjem bagtly etmez ol günlerki deý.
Ýaşy kämil, körpelikde hyýaly,
Ömrüm şeýdip geçermikä bu ýoly?
13
Ömrüm şeýdip geçermikä bu ýoly?
Wagt içinde bagt agtaryp her haçan.
Hatda, setirlerem taýlydyr taýly
Gel, ömrüm özüñe kapyýa ýasan.
Yşka uçra diýjek bolmaryn saña,
Ýöne böwet bolabilmen söýäýseñ,
Yşk ataş, ýylydar barsañ ýanyna,
A ýanarsyñ has golaýna geläýseñ.
Barybir, çözülmez kalpdaky düwün,
Gussalarny özge ýere ýerlemez.
Bahar geler, toprak açaram gülün,
Göwün diýen her baharda güllemez.
Gözümi ýaşardýar egbarlan haly,
Göýä bir gudrata garaşýan ýaly.
14
Göýä bir gudrata garaşýan ýaly,
Gören ýüzlerime siññin garaýan.
Ýazgyt ýekä ýowuz daraşýan ýaly:
Bagtyñ zaryn çekip gizlin aglaýan.
Ýogsa, juda gaýduwsyzdym ilkiler,
Umyt-arzuwlaryñ terligindendir.
Bir zatlara arkalandym, belki-de,
Ýaşalmaly günleñ känliginedir.
Tersine, ýaşalan günler käneldi.
Ýowuz hakykata añ eden kimin.
Zeýrenere zeýrençlerem köneldi,
Şol bir kino ýene syn eden kimin.
Ahmal, owalynda ýazgydym bijaý,
Ruhum gizlenipdir tümünde gijäñ.
Magistral
Ruhum gizlenipdir tümünde gijäñ,
Maña sataşanlar bir salam aýdyñ!
Özümizden beter ejeler ynjar,
Köne yzalarmyz dolansa gaýdyp.
Adaty bolmagy başarmaýaryn,
Ýogsa, size juda meñzäsim gelýär.
Sowdum geçmişimiñ aşyny, ýasyn,
Öñümde rowana geljek görünýär.
Köçe maña, menem köçä siñmeli,
Köçelerde togtamaýar ýaşaýyş.
Içe salyp haçana çen gezmeli?
Syrym sözlemäge gözläp nätanyş.
Ömrüm şeýdip geçermikä bu ýoly?
Göýä bir gudrata garaşýan ýaly.
Mahym Nurgeldiýewa.
26.02.2024
(Sonetler çemeni)
1
Ruhum gizlenipdir tümünde gijäñ,
Gije damar dañyñ ak synasyna.
Şu pursat söhbetler şeýle bir süýjär,
Ýazmaryn ýazmagyñ hatyrasyna.
Ýazmaryn ýazmagyñ hatyrasyna,
Umydymy baýdak edinip ýörün.
Ylham, bir goşgujyk ber ýazgysyna,
Indiki aýlykda tölejek borun.
Gözýaşlarym gizläýinmi bakandan
Çasly gülkülermi gizläbilmesem?!
Näme agtaraýyn giñiş jahandan?!
Öñki özümi-de gözläbilmesem.
Düşünýärin, oña duşmaryn gaýdyp,
Maña sataşanlar bir salam aýdyñ!
2
Maña sataşanlar bir salam aýdyñ!
Baran ýeri bilen boluwersin soñ.
Mundan beýläk köñlüñ perýady a:ýdyñ,
(Dagy nätsin, arzuwlary ölensoñ?!)
Ýalana gol berdim çynlam dagansoñ:
"Ynamym bar - asla synmajak gaýam."
Ýaşyrynlyk içre näme kylar sen?
Gökden Görýän Göze ählisi aýan.
Täzeje dikindim otly köýnegim,
Ýarysy ataşdan, ýary bulutdan.
Boýun alýan, söýmesemem söýmerin,
Ýöne meni söýenñizi unutman.
Barysy hiç, tabyn bolaýsak ünjä,
Özümizden beter ejeler ynjar.
3
Özümizden beter ejeler ynjar,
Arzuwlarsyñ bolaýsady tersine.
Unudarsyñ ahyrlanda puryja,
Ene ýanar gussalaryñ hersine.
Göýä Arşda uçup ýören hüýr-melek --
Ylham gelmez dileseñem el serip.
A men owalam az saçym tüýderin
Nobatguly däldigime kemsinip.
"Öñki-soñky bar ukypdan binesip!"
"Gyzykly däl, söýseñ söý kemim bilen."
Umumy duşmana garşy birleşip,
Ýaraşyk baglaşjak öz "menim" bilen.
Ýardan özge kime aýdarsyñ dadyñ?!
Köne yzalarmyz dolansa gaýdyp.
4
Köne yzalarmyz dolansa gaýdyp,
Biparhlyga gop ber, (şemaly sergin)
Döredip seriñde täzeçe aýdym,
Başardygyñça-da hiñlenibergin.
Tanyş boluñ: Öz aklynyñ alymy,
Geçse-de deñinden kiosklaryñ.
Kümüş harplarda-da ýazylmaz ady
Ykrar edilmedik filosoflaryñ.
Gerdenimde Begengçgeldi diýmişleý,
Göterýärin intelligent dert baryn.
Geljek günler bu babatda giñişleý
Ýazylmajak kitabymda agzaryn.
Ýaradan goýupdyr mañlaýda "syryn",
Adaty bolmagy başarmaýaryn.
5
Adaty bolmagy başarmaýaryn.
Inçe boýunjygma aljak mertlik bar.
Aşa haýal geçýän wagtyñ azaby
Geplemezek dostum kimin iç ýakýar.
Nälet edip, şükür edip doglanña,
Geçip gidýär myhmanlygyñ giñ dünýä.
Kä ýalbarsyñ: "Al janymy, eglenme!"
Käte "Baky gelsem bolmazmy?" diýýäñ.
Gijäni ürküzen pyşyrdylar-da
Aýan edip bilýär pynhan meýlimi.
Gündelik alada-hysyrdylarda
Siziñki deý güýmäp bilsem beýnimi.
Adatdan daşary pikirlem -- derýa,
Ýogsa, size juda meñzäsim gelýär.
6
Ýogsa, size juda meñzäsim gelýär,
Mesawy söhbetde çyndan ýylgyryp,
Göwnüm goşulmazak goýun dek sürä,
Parhy ýok, ýazgarmañ, ýa-da ýazgaryñ.
Ýatdan çykar arzuwlaryñ paşmadyk,
Ýyldyzlañ tansyna ser sal, oýan-da.
Menem goýup biljek gussa batmagym
Gije göze batmagyny goýanda.
Biriniñ sudury saýgardar çala
Görer göze mälim bolsa al şapak.
Asyl, çetin ezýeti çoh jahanda
Bir höwese uçramasañ ýaşamak.
Özüme teselli berişim täsin:
Sowdum geçmişimiñ aşyny, ýasyn.
7
Sowdum geçmişimiñ aşyny, ýasyn,
"Görünmäge" gelenlerem sag bolsun!
Kör ýollarda ýatyr köýen yhlasym,
Özümden soñ ýörejege aw bolsun.
Senem sag bol, sözüñ bilen söýen ýar,
Mundan beýläk maksatlarma ýaranjak.
Her kim munda öz bagtyna söýenýär,
Bagtyñy güjeñläp näme gazanjak?!
Uzak menzillerde ýykylmaklyk bar,
Hemem käte-käte agsap bilerin.
"Sensiz ýaşap bilmen" janygardyñ baý,
Men bolsa sensizem ýaşap bilerin!!!
Howalaly baglar başyny egýär.
Öñümde rowana geljek görünýär.
8
Öñümde rowana geljek görünýär,
Dar gursagym içre sygjak şatlyk kän.
Köne külbämizde kimsä görünmän
Dogulmaly şygryñ sanjysyn çekýän.
Ezýet bile dünýä inerler olar,
Her harpynda ýüregimiñ dady bar.
Bir sähetli güni serime dolar,
Taraşlaryn, ýöne galmaz ýadygär.
Göge garap, uzasa-da ol gollar,
Ýyldyzlara ýetäýeñok, çek eli.
Hemmeden artykmaç boljak bolanlar
Hiç kimçe-de bolup bilmez ekeni.
Ugrun tapyp, ýalñyzlygy ýeñmeli
Köçe maña, menem köçä siñmeli.
9
Köçe maña, menem köçä siñmeli.
Salgy berýär ýekesirän ahwalym.
(Sowuk ýagmyr gyş geçende diñmeli,
Bahar bilen durmuşyma başlaryn)
Ýazgyt söýgisinden yza tesmesin:
Ýigit barýar ellerinde ter çemen.
Tutulmaly toýumyñ küştdepdisin
Depip ýörler bag üstünde serçeler.
Gara ýerde ak garyny sowuran
Gyşam indi ahyrlapdyr eserin.
Mahal-mahal duýup bilýär sowugy
Giñ "kurtkañ" içinde ýiten bedenim.
Görseñ, şudur ýalançydan ar alyş:
Köçelerde togtamaýar ýaşaýyş.
10
Köçelerde togtamaýar ýaşaýyş,
Dowam edýär, bar ýeñlişe bilgeşleý.
Şu günden soñ şowlulygma a:l salyp,
Ykbalymy çaklap ýörmen bilgiç deý.
Ýöne ýazmagymy entek goýmaryn,
( Ejemiñem aýdyşy dek kesir men )
Her goşgymda özge birin görýärin,
Ýa men ikiýüzli, ýa-da setirlem.
Ýüregimde gussasy bar gül meñiz,
Ýeke pursat ahmyrlamda azaşjak.
Irde-giçde sataşarys diýseñiz,
Akmaklaryñ ülkesinde garaşjak.
Syrlarym gün-günden horlaýar meni,
Içe salyp haçana çen gezmeli?!
11
Içe salyp haçana çen gezmeli?
Bedeniñde dert dömüşin gör onsoñ.
Bir boş gursak tapyp baryn gömmeli,
Üstüni ýagmyrlar ýuwubersin soñ.
Dymmak bilen bolunmaýar hoşgylaw,
Hem bigeleñ görünäýmersiñ dymman.
Uly ile aýan bolan goşgular
Ahmal, syrlarydyr şahyryñ pynhan.
Öñde-soñda biri oka:ýar öýdüp,
Syrlarymy bilmen goşguma salyp.
Siñe baksañ yzlary bar ak köpük
Gijäñ goşarynda sabyrsyz dañyñ.
Gerek bolsa gijeleri aşaýyn,
Syrym sözlemäge gözläp nätanyş.
12
Syrym sözlemäge gözläp nätanyş,
Çykyp gitdim serhedinden zamanyñ.
Ak-garany saýgarmajak çagalyk. --
O günler aýdardym ejeme baryn.
Indi näme ýeke özüm elemde?
Ulalanym üçin boldummy merdem?
Başgaçarak many ýatyr bu heñde:
Ejeler şo-ol öñki, özgerýär dertler.
Körpe wagtyñ ýaly näziñ çekerem,
Arman, teselliler özgerdi kem-kem.
Çaga dälsiñ gujak-gujak edere,
Süýjem bagtly etmez ol günlerki deý.
Ýaşy kämil, körpelikde hyýaly,
Ömrüm şeýdip geçermikä bu ýoly?
13
Ömrüm şeýdip geçermikä bu ýoly?
Wagt içinde bagt agtaryp her haçan.
Hatda, setirlerem taýlydyr taýly
Gel, ömrüm özüñe kapyýa ýasan.
Yşka uçra diýjek bolmaryn saña,
Ýöne böwet bolabilmen söýäýseñ,
Yşk ataş, ýylydar barsañ ýanyna,
A ýanarsyñ has golaýna geläýseñ.
Barybir, çözülmez kalpdaky düwün,
Gussalarny özge ýere ýerlemez.
Bahar geler, toprak açaram gülün,
Göwün diýen her baharda güllemez.
Gözümi ýaşardýar egbarlan haly,
Göýä bir gudrata garaşýan ýaly.
14
Göýä bir gudrata garaşýan ýaly,
Gören ýüzlerime siññin garaýan.
Ýazgyt ýekä ýowuz daraşýan ýaly:
Bagtyñ zaryn çekip gizlin aglaýan.
Ýogsa, juda gaýduwsyzdym ilkiler,
Umyt-arzuwlaryñ terligindendir.
Bir zatlara arkalandym, belki-de,
Ýaşalmaly günleñ känliginedir.
Tersine, ýaşalan günler käneldi.
Ýowuz hakykata añ eden kimin.
Zeýrenere zeýrençlerem köneldi,
Şol bir kino ýene syn eden kimin.
Ahmal, owalynda ýazgydym bijaý,
Ruhum gizlenipdir tümünde gijäñ.
Magistral
Ruhum gizlenipdir tümünde gijäñ,
Maña sataşanlar bir salam aýdyñ!
Özümizden beter ejeler ynjar,
Köne yzalarmyz dolansa gaýdyp.
Adaty bolmagy başarmaýaryn,
Ýogsa, size juda meñzäsim gelýär.
Sowdum geçmişimiñ aşyny, ýasyn,
Öñümde rowana geljek görünýär.
Köçe maña, menem köçä siñmeli,
Köçelerde togtamaýar ýaşaýyş.
Içe salyp haçana çen gezmeli?
Syrym sözlemäge gözläp nätanyş.
Ömrüm şeýdip geçermikä bu ýoly?
Göýä bir gudrata garaşýan ýaly.
Mahym Nurgeldiýewa.
26.02.2024
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.