Bolanok

Nadan dosta berseñ eliñ
Ile ryswa eder kemiñ.
Her gyñaçly töre gelin
Her telpekli är bolanok.

Oýan! Ynsan ogly, oýan
Barmy munda yşkdan doýan.
Gyşyñ güni parlap dogan
Güneş,saña ýaz bolanok.

Ýamandan ýugrulsa teýi
Ýagşy bolmaz pikir-küýi.
Köşk bolsa-da özgäñ öýi
Külbäñ deý rahat bolanok.

Geler ynsanyñ söýesi
Synmanka arzuw höwesi!
Ganat kakan gargañ sesi
Bilbil ýaly saz bolanok.

Päliñ gowa ýorsañ ýagşy
Dogry ýoldan ýörseñ ýagşy
Ýas, toýuña ýaran goñşy
Il içinde kän bolanok.

Alsañ enäniñ alkyşyn
Görersiñ rysgyñ artyşyn.
Utsañda urup-garpyşyp
Hudaý bermese bolanok.
Awtor. Nurekowa Gülnäz....
3 лайков 68 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kelleagyryk
20 апр 2024, 10:33
Goşgyny özüň ýazdyňmy? Bu hili goşgylary men köne diýip hasaplaýaryn. Okalanda manyly ýaly emma durmuşy üýütgetmäne ukyply däl. Mysal üçin çagala akylly bol diýeniň bilen akylly bolanok. Indi bolsa meniň ýazan setirlerimi oka! Doly ýazylmadyk. Seniň goşgyňdan näme tapawudy bar. Kimiň goşgysynyň adama täsir edijiligi güýçli?
Bu dünýä geň-taň zatlardan doly
Garyn diýilýän zat şolardan biri
Ine şu garyny doýurmasaň bolanok
Içini aşdan doldurmasaň oňanok

Garyn aşdan doýmasa seni diňlänok
Şol getir diýýän sesin hiç goýanok
Indi bu garyna alaç ýok eken
Alymlar bu barada kelle döwmeýän eken

Garyny ýok etmek kellä gelmeýär
Onuň ornuna aşy köpeltmeli diýilýr
Ýyl-ýyldan aş çykarmak köpelýär
Ýer şaryna ekin bary ekilýär

Bu iýeninden garyn kanagat etmeäýär
Sygyr, joçka, pil begemotlar iýilýär
Deňiz-okeýan derýälr hem süzüýär
Balyk, kit, delfinler hem iýilýär

Bu wagt alymlar näme işleri edýär?
Bomba, raketa, tanklar bary ýasalýar
Bir tarapdan garyn dünýäni iýse
Bombadyr tanklar bu dünýäni ýumurýar

Adam bir kanagatsyz jandara dönýär
Goý diýeniňe asla boýun egmeýär
Gulnaz Nurekowa
Автор 20 апр 2024, 11:01
Kelleagyryk, minnetdar pikiriniz ucin. Her kimin oz garaysy oz akyl derjesini suratlandyryar
Jacksparro
21 апр 2024, 01:35
Goşgyňyzy yazyjy.ucoz.net-de paýlaşmaga rugsat ediň!
Gulnaz Nurekowa
Автор 21 апр 2024, 10:06
JackSparro, arkayyn