Gadymy türkmen ak öýi barada
Umumy şekili agaçdan ýasalyp, onuň sudurynyň, süňňiniň üsti ýörite edilen keçeler bilen örtülýär. Türkmen ak öýi esasy üç sany uly bölümden ybaratdyr: tüýnük, tärim, uk. Türkmenlerde maşgala gurluşynyň iň esasy tymsaly hasaplanylýar.
TÜÝNÜK – türkmenleriň gadym ak öýüniň uklaryny birleşdirýän ýokarky tegelek bölegi. Türkmen maşgala gurluşyna görä, aýalyň tymsaly diýlip hasaplanylýar. Şonuň üçin öýüň iň ýokarky bölegine eýeçilik edýär. Maşgalada hem gözegçiligi has ýokarydyr. Çagaryk hem öýüň ýokarky böleginde ýerleşýändir.
ÇAGARYK – tüýnügiň içindäki atanaklaýyn goýulýan agaçlardyr. Çagaryk durmuşa çykmadyk gyzyň gözelliginiň tymsalydyr. Belki, bu ýerde “Çagarygy gyşyk hem bolsa, tüssesi göni çykýandyr” diýen durnukly aňlatma köp zady ýatlatjakdyr.
UK – ýokarky ujy tüýnüge, aşaky ujy tärime berkidilýän we türkmen ak öýüniň üstki bölegini emele getirýän uzyn inçe agaçlaryň her biridir. Türkmen maşgala gurluşyna görä, är-aýalyň özara gatnaşygynyň tymsaly diýlip hasap edilýär. Şol özara gatnaşyk ýa-da baglanyşyk bolmasa, onda türkmen ynanjyna görä, öý ýykylar, maşgala hem dargar.
UGUNY ÝEKELEMEK – diýen türkmen durnukly aňlatmanyň manysy şeýledir: biriniň aýdanlaryna garşy çykman, onuň göwnünden turup, assyrynlyk bilen içki syrlarynyň baryny öwrenmek. Onda, uguň ýekelense, öýüň ýykyljagy bellidir. Şonuň üçin “öýüni ýykmak” durnukly aňlatmasynyň manysy bilen deňdir.Uguň ýeke-ýekeden goýluşy we aýrylyşy.
TÜÝNÜKÝÜP – tüýnükden asylyp goýulýan owadan gotazly ýüp.
TÄRIM – türkmen ak öýüniň daýanç merkezi bolup hyzmat edýän hem-de uklaryň aşak ujy berkidilýän gözenek-gözenek agaç. Başgaça, oňa ganat hem diýilýär: alty ganat, sekiz ganat… Türkmen maşgala gurluşyna görä, erkegiň tymsaly hasaplanylýar. Tärimiň toprak bilen bagrybadaşdyrylmagy hem ünsi özüne çekijidir.
GAP BÖWÜR – türkmen öýüniň bir bölegi ýörite gap-gaçlary goýmak üçin niýetlenendir.
DÜÝP BÖWÜR – düýpde goýmak üçin niýetlenilen zatlar ýerleşdirilýär.
OJAKBAŞY – gap böwür tarapda eneleriň ýeri, onuň garşysynda hem-de sag tarapynda gelen myhmanlardyr meduwanlar oturýar.

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.