Gaýgysyz Atabaýew hakynda ýatlamalardan

Türkmenistan döwletiniň düýbüniň tutulanyna 98 ýyl, garaşsyzlygyny alanyna bolsa 30 ýyl bolupdyr. Watanymyzyň döremegi üçin taýsyz tagallalary edenlere dünýä kartasynda Türkmenistan diýen bir döwletiniň serhedini çyzanlara, Gaýgysyz Atabaýewe we onuň ýoldaşlaryna minnetdarlygymyzy bildirýäris. Şonuň bilen birlikde Saparmyrat Türkmenbaşy, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny açyk syýasat üsti bilen görkezen Serdarymyza hem aýratyn minnetdarlygymyzy bildirmelidiris. Bu ady agzalan türkmen ogullarynyň ýatan ýerleri ýagty, jaýy Jennetden bolsun...
Staliniň şahsyýet kulty diýen terrorçylykly ýyllarda toslanyp tapylan görülip eşidilmedik töhmet esasynda gitse gelmez ýoluna iberilen belli türkmen ýolbaşçylaryndan biri hem Türkmenistan respublikasynyň düýbüni tutup, onuň gurulmagyndan tä 1937-nji ýylda tutulýança hökümet baştutany bolan Gaýgysyz Serdar ogly, has dogrusy Täçgök serdaryň ogly Atabaýewdir.
Ol 1887-nji ýylyň oktýabr aýynda Tejen uýezdiniň Mäne obasynda Täçgök serdaryň maşgalasynda eneden bolýar. Alty ýaşynda ýetim galýar. Ol başlangyç mekdebi Tejendäki ýerli ors-tuzem mekdebinde bilim alýar. Seminaride, ýagny 1907-nji ýylda Daşkentdaky Seminariýany tamamlaýar. Seminaride okan döwründe rewolýusion herekete goşulýar, hem patyşa polisiýasy tarapyndan gözlenip yzarlanmaga başlanýar. Gaýgysyz Atabaýew 1907-1913-nji ýyllar aralygynda Maryda we Bäherdende ýerli ors mekdebinde mugallymçylyk edýär. Ýerli halk mugallymçylygyna ynanmazlyk barada ors patyşalygynyň magaryf ministrliginiň beren buýrugy esasynda Gaýgysyz mugallymçylykdan boşadylýar. Şondan soň 1912-1917-nji ýyllar aralygynda Mary bankynda işläpdir. Oktýabr rewolýusiýasy ýeňenden soň Maryda sowet häkimiýetini goramak hem pugtalandyrmak ugrunda tutanýerli zähmet çekýär. 1917-nji 1918-nji ýyllarda ''Işçiler we soldat deputatlarynyň'', ''Mary uýezd sowetiniň'' seksiýasynyň ýolbaşçylarynyň biri, ''uýezd azyk sowetiniň'' ispolkomynyň başlygynyň orunbasary bolup bellenýär. 1919-njy ýylyň Iýun aýynda ''Uýezd azyk sowetiniň'' ispolkomynyň başlygy bolýar. 1919-njy ýylyň Noýabryndan 1920-nji ýylyň Iýulyna çenli Zakaspi oblastynyň rewolýusion komitetiniň başlygynyň orunbasary bolýar we Türküstan ASSR-niň ýer işleri halk komissary, 1920-nji ýylyň Sentýabryndan Hlak komissarlar sowetiniň başlygy wezipelerine saýlanýar. Şol bir wagtda-da Fergana frontunyň rewolýusion sowetiniň başlygy bolýar. 1923-nji ýylyň iýunyndan Buhara Halk Sowetiniň Respublikanyň Nazirler Ministrler Sowetiniň başlygynyň orunbasary bolýar. 1924-nji ýylyň oktýabryndan Türkmenistanyň rewolýusion komitetiniň /Türkmenistan SSSR-niň ilkinji komitetiniň/, 1925-nji ýylyň fewralyndan Türkmenistanyň SSR-niň Halk komissarlar sowetiniň başlyklygyna saýlanýar, hem ömrüniň ahyryna çenli 13 ýyllap dynuwsyz şol wezipede işleýär.
1922-nji ýylyň oktýabryndan RSFR-iň milletler işleri baradaky Halk komissarlygynyň kollegiýasyna agzalyga saýlanýar. 1935-nji ýylda Lenin medaly bilen sylaglanýar.
Gaýgysyz Atabaýew Amyderýanyň aňyrtarapyndaky Özbek ilatlaryny bir gijäniň içinde özüne çekip, özbeklere: ''Men türkmen'' diýdirdipdir. Amyderýanyň aňyr taraplaryny Türkmenistana birikdiren, onuň elden gider howpy bilenem ''Amyderýa köp suwly derýamyz we Çärjewi /Türkmenabat/ Türkmenistanyň paýtagty edip gurnamak gerek'' diýen politikasyny işläp düzýär we ony ýola goýýar.
Gaýgysyz Atabaýew Stalin /Iosif Wassarionowiç Žugaşwilli/ bilen arasy gowy we onuň bilen dostlukly gatnaşyklary saklapdyr. Şol sanda Nedirbaý Aýtakow bilenem arasy gowy eken.
Gaýgysyz Serdar Maňgyşlagy, Özbegistanyň käbir ýerlerini Türkmenistana birikdirilmegini Stalinden soranda Stalin: ''Özbeklere ýer ýetmeýär'' diýip ol ýerleri berilmegini islemeýär.
Gaýgysyz Serdar Staliniň ýygnaklaryna gatnaşan wagtlarynda bir gün Stalin döwlet millet jogapkärlerine ''haýsydyr bir islegiňiz barmy?'' diýip soranda hiç kimde ses çykmandyr. Gaýgysyz Serdar ýerinden turup gadamly ädimleri bilen Staliniň oturan stolundaky duran bulgur suwundan bir ogurt içip gaýdýar. Muňa dogry düşünen Stalin bolsa Türkmenistanda Garagum kanalynyň çekilmegine perman beripdir.
Gaýgysyzyň ýaşy gysga baştutanlyk, mertlik, gaýratlylyk, namysjaňlyk ýaly türkmene mahsus bolan sypatlary özünde jemlän Gaýgysyz Serdaryň ýeke ogly bolupdyr. Onuň adyna Kemine diýipdirler, ol şu wagtlar /2013-nji ýyllarda/ 70 ýaşynda bolup Moskwada ýaşaýar diýilýän maglumatlar bar.
1937-nji ýylyň tomsunda Türkmenistanda başlanan tutha-tutlugyň sebäbini anyklamak hem bu jezalary azaltmaklyk üçin Gaýgysyz Serdar Moskwa şäherine gidýär hem Stalin bilen duşuşmak isleýär. Ýöne ondan kiçiräk işgärlerinden köne tanşy Kaganowiç bilen duşuşyp onuň öýünde Türkmenistanda edilýän eden etdilikler barasynda öz aladalaryny gürrüň berýär. Kaganowiç oňa howsala düşere esasynyň ýokdugyny aýdyp Ýežowyň ýanyna barmagy maslahat berýär. Ol Lýubanka NKWD-nyň edarasynda Ýežowyň ýanyna barýar /şol wagt sene 11.07.1937 ý./ we şol ýerden gaýdyp çykmaýar.
Gaýgysyz Atabaýew ''Türkmen azatlygy guramasyny döretmekde daşary ýurtlardaky milletçi kontrrewolýusion guramalara içalylyk etmekde'' günä ýöňkeýärler. Surnukdyryjy, ynsanlyk mertebesini kemsidiji soraglar bilen Gaýgysyz Atabaýewi 1938-nji ýylyň Fewralyna çenli saklaýarlar.
Oňa sud zalynda /kazy/ sudýa tarapyndan günä ýöňkelen wagty sabyr käsesi dolan Gaýgysyz Serdar: ''Siziň özüňiz kontrrewolýusion bilen meşgullanýarsyňyz, arassa adamlara töhmet atýarsyňyz, halk duşmanlary siziň özüňiz'' diýip oturan ýerinde pola çüýlenen oturgyjyny goparyp sülçiniň depesinden inderýär. Ony şol ýerde atyp öldürýärler. Şol günüň ertesi hem ''Kontrrewolýusion guramalar içalylyk eden'' diýip günä esasynda /aslynda töhmet/ şol hökümden soň atylyp öldürilen hökmünde resmileşdirilýär.
2000-nji ýylda Moskwadaky ''Memorial'' Guramasy Stalin repressiýasynyň pidalarynyň sanawyny kitap görnüşinde çap etdi. Şol kitapda Gaýgysyz Atabaýewiň ady hem bar.
Gaýgysyz Atabaýewiň jesedi başga-da 4-5 müň adam bilen bilelikde Moskwa şäherine degip oturan ''Kommunar'' sowhozynda /sewernaýa/ demirgazyk Butowa diýen ýerde doganlyk mazarynda jaýlanypdyr.
Gaýgysyz Atabaýew hakynda bir makalada çap edilen maglumatlara görä, onuň 1937-nji ýylda öldürilmändigini we onuň 1970-80-nji ýyllarda hem Sibirde Týumende türmede ýatandygyny we onuň adynyň hem ''Daýy Konstantin'' diýlip tutulýandygyny gürrüň berlipdir. Şol makalada türmedäkileriň oňa beýik türkmen diýip hormat goýýandygyny we oňa ökde küştçidigi hakynda aýdylýar. Ony ýaşlykda gören bir ýaşulynyň, türmeden çykandan soň hem gelip Gaýgysyz Serdaryň diridigine, ýöne oňa ömürlik ýyl kesilendigini ýatlapdyr.
Merhum Berdi Kerbabaýewiň Gaýgysyz Atabaýew daga ýadygärlik ýazyp galdyran taryhy dokumental ''G. Atabaýew romanynyň'' ahyrynda Gaýgysyz Atabaýew 1937-nji ýylda öz dogany dan ýakyn dosty Abdyrezzagyň tussag edilen habaryny eşidip Moskwa şeýle ýüzlenýär: ''Häzir ýurtda akyla sygmajak üýtgeşiklik peýda boldy. Sowet /SSR/ kanuny her ädimde basgylanyp, adatdan daşary bidüzgünçilik gidýär. Häzir günäsiz ejir çekýän adam on däl, ýüz däl, müňlerçe! Şonuň üçinem men öz pikirimi Moskwa ýazdym. Bidüzgünçiligiň güne burun ýok edilmegini talap etdim. Şoňa görä meni Moskwa çagyrýarlar, häzir uçýaryn'' /Berdi Kerbabaýew: ''GAÝGYSYZ ATABAÝ'' 1965-ý. TDN/. Gaýgysyz Atabaýew Eýranyň çäginde ýaşaýan türkmenleriň Milli azat edijilik hereketlerine hem goldaw berilmegini goldap çykyş edipdir. Gaýgysyz Atabaýew hem Nedirbaý Aýtakowyň Etrek Gürgen türkmenleriniň 1916-1924-nji ýyllar aralygynda awtonomiýa ugrunda alyp baran göreşlerini ýardam berilmelidigini öňe sürüpdirler. Ýöne onuň egindeş ýoldaşlaryndan kommunistik partiýanyň şol wagtky sekretary Halmyrat Sähetmyradow garşy durupdyr.
Ol Türkmenistanyň serhedi çyzylan wagty Lebap /Çärjew/ bilen Daşoguz welaýatlaryny Özbegistandan aljak bolanda, şol ýerleriň taryhda türkmenlere degişlidigini subut edipdir.
Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow, Bäşim Gülberesow, Bäşim Pereňliýew, Çary Ataýew, Myrat Geldiýew we Şaja Batyrow dagylar hem gahryman we watanperwer ynsanlardyr. Bulary SSSR ýok etdi. I. W. Stalin hem SSSR-i guranlarynda we repressiýasyny ýatlalyň, ýa bolmasa Gökdepe galasy, ol bolmasa Hywaly Babaýewi we Baýmuhammet Garryýewiň hem ýatlalyň. Köp zatlary ýatlasak, diňe däp-dessur däl adat ýa-da dinimizi däl, iň bolmanda Berdi Kerbabýewi; türkmen gyzlar dünýämizi, olaryň egin-eşiklerini, edim-gylymlarymyzdaky SSSR tarapyndan ýetirilen zyýanlary, aňyrda giden alymlarymyzy öldürip, şeýle durmuşa boýun bolmadyk türkmeniň Ak, gara öýlerine, bedew atyna, dinine-diline, medeniýetine sarpa goýmaklyk we ýatdan çykarmazlyk biz bilendir.



Ertir.com
0 лайков 1 830 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
06 июн 2021, 09:09
ellerine saglyk, sagja bol @Jek, shular yaly gyzyldan gymmat materiallary paylashyanyñ uçin minnetdar
Soho
06 июн 2021, 09:11
eger bar bolsa, Turkmenistanyñ (yagny TSSR) ilkinji prezidenti N.Aytakow hakynda hem paylashay
Şamuhammet
Автор 06 июн 2021, 09:22
@soho, nesip bolsa...