Jedel (hekaya 1-nji bölüm)

(Hekaýa)
—Arakesme wagtam-a boluberipdir—diýip, bölüm başlygy Hommat diwarda asylgy duran sagada göz aýlansoň, işlerine gümra bolup oturan kärdeşlerine sala saldy.
—Hawa, arakesmä çykybersegem bolýa indi. —Bölümiň baş hünärmeni Aşyr öňündäki hat-peteklerini bir çete süýşürdi. —Naharhanada garbanamyzsoň, dowam etdiribiris-dä işimizem.
—Seň, näme, toý sadakasyna gitmek hyýalyň ýokmy?—diýip, Hommat stolunyň üstündäki senenama bakdy. —Şu gün Seýitguly toý sadakasyny berýän bolmaly?!
—Be, walla, ýadyma-da düşenok, geçen hepde ýörite gelip, özi elin aýdyp gidipd-ä—diýip, Aşyr başyny ýaýkady. —Gideli, gideli, barmasak, gaty görer.
—Babajan?—Hommat kompýutere dümtünip oturan işgärine ýüzlendi. —Ýör senem biz bilen.
Babajan Hommadyň teklibinden ýüz öwürdi:
—Aý, ýok, Hommat aga, men-ä bärde garbanjak. Siz arkaýyn gidiberiň.
—Ýör, ýör, galma bizden. Çagyrylan ýere barmasaň, aýyp bolar—diýip, Hommat Babajana gatyrgandy.
Ýaşy özünden esli uly bölüm başlygynyň sözlerine Babajan utandy. Onsoň, sesini çykarman, kärdeşleriniň yzyna eýerdi.
Daşarda Gün çykyp duranam bolsa, howa çigrekdi. Aşyr endigine eýerip, ulagyň öňki gapysyny açyp, oturgyçda ornaşdy. Babajan bolsa, Hommat ulagyny gyzdyrýança çeträkde durup, el telefonynda kimdir biri bilen pessaýja gürleşýärdi
—Işinden çala sypyndygy, bes, derrew telefonyna ýapyşaýýa—diýip, Aşyr ulagyň gapdal aýnasyndan Babajany synlap oturyşyna Hommada gep goşdy.

—Ýaşlyk-da...—diýip, Hommadam gürrüňe goşuldy. —Dogrusy, arakesmä çykan badyna telefonyny gulagyndan düşürmän, hymy-symy edip ýörmesi, meňem degnama degmän duranok. Ýöne, herhal, işine jür. Şoň üçinem bu hereketlerini köteklemejek bolýan, başarsam.

—Bir sagatlap dynman nämäň gürrüňini edýäkä?

—Menem haýran şoňa—diýip, Hommat Aşyryň sözlerine loh-loh güldi, soňam el telefonynda gepleşip duran Babajana tarap gygyrdy. —A-how, sen ulaga münjek dälmi?!

—Diňle, diňle...—diýip, Aşyr oturan ýerinden Hommady hürsekledi. —«Men saňa soňrajykdan aýlaýaryn» diýer häzir.

Babajan Aşyryň aýdyşy ýaly gürledi:

—Men saňa soňrajykdan aýlaýaryn, bolýamy? Hawa, häzir bir ýere gidip barýas. Hawa, hawa. Soňrak jaň edäýerin. —Şeý diýdi-de, Babajan el telefonyny öçürip, ulaga mündi.

—Ornaşan bolsaňyz, ýöräliň—diýip, Hommat ulagyny ýerinden gozgady-da, ýola düşdi.

Ulag birsalymdan toý sadakasynyň geçýän ýerine baryp ýetdi. Seýitguly Hommat dagyny gadyrly garşylady.

—Oň bolsun, geljek gelniň aýagy düşsün!—diýip, Hommat toý eýesine ýagşy dileglerini aýdansoň, kärdeşlerini yzyna düşürip, töre geçdi.

Nahar çekilip, tagam dadylansoň, Hommat dagy ulaga münüp, ýene edaralaryna bakan gaýtdylar.

Ulagyň yzky oturgyjynda ber-başagaý bolup telefonyna güýmenip oturan Babajany synlap gelýän Aşyr onuň çetine degip başlady:

—Hatlaşyp oturma-da, gürleşibersene-how.

Aşyryň sözlerine Babajan derrew el telefonyny ýygnamak bilen boldy.

—Ýaş oglany beýdip utandyryp durmasana—diýip, Hommat janykdy. —Ýaşlykdyr. Goý, hatlaşsyn. «Bize toý bolsa bolýa» diýmändirlermi näme? Nesip bolsa, ynha, Seýitgulylara gelşimiz ýaly, Babajanlara-da bararys toý sadakasyna.

—Sizden zat ýaşyryp bolanog-aý...—diýip, Babajan utanjyndan ýaňa boz-ýaz boldy.

—Asyl bizden bir zatlary ýaşyrýandyryn öýdüp öz ýanyňdan göwnühoş gezen bolup ýördüňmi eýse?—diýip, Hommat loh-loh güldi.

Babajan sesini çykarmady.

—Häzirki zamanyň ýaşlary üçin-ä hezillik boldy. Hat alyşjakmy, mesele däl, jaňlaşjakmy, mesele däl. El telefonyňa ýapyşaýmaly. —Şeý diýip, Aşyr Babajana tarap öwrüldi. —Biziň döwrümizde magşugyňa ýekeje habary ibermegiň nähili görgi bolandygyny bilýänem dälsiň?!

—Göz öňüme-de getirip bilemok—diýip, Babajan ýylgyrdy. —Kösenensiňiz ýöne.

—Kösenmek dagam bärden gaýdýa... Gara görgüdir. Ýöne haýran galaýmalydyr...

—Beh, oň ýaly bolsa, hany, bizem diňläli-le—diýip, Hommat ýoldan ünsüni sowman ulagyna erk edip barşyna Aşyra ýüzlendi. —Ýaşlygymyzy ýatladygymyz bor-da...

—Aý, gürrüň beremde-de, sen düşünersiň oňa. Ynha, Babajan-a düşüner öýdemok—diýip, Aşyr elini silkip goýberdi.

—Belki, düşünerin, Aşyr aga...

Aşyr birsalym hiç kime jogap bermän, dymdy. Soňam ýaşlyk ýyllarynyň ýatlamalaryna başlady.

—Maşgalam bilen, umuman, soňky synpda okap ýörkäk sulhumyz alyşdy. Özem okuwyň ahyrky aýlarynda. Ine, mekdep tamamlanyp, her kim durmuş ýoluna gadam basdy. Günde mekdepde görşüp ýören juwanlara-da indi birek-birek bilen görüşmegem ýat boldy duruberdi. Telefon ýok, SMS ýok. Habar gatnadýanyň ýok. Aram-aram welosipedime münüp, obaň içinde aýlanan bolýadym. Gyzyň ýaşaýan ýeri biziň öýümizden iki köçe aňyrdady. Obadaşdygyňa garamazdan, birek-birek bilen ýüzbe-ýüz duşuşyp bolaýanokdy. Käwagt ony ýolda ejesi bilen bir ýerlere barýan çagy synlap bilýädim. Başga wagt oňa aňsat-aňsat sataşyp bilemokdym. Basym harby gulluga gitmeli günümem gelip ýetdi. Göwün beren gyzymyň jemalyna iki ýyllap gözüm düşmejegini ýatlanymda, ýaman hopukdym. Ýüregiňi gowzatmaga adam ýok. Hatda gowy görüşýän dostlaryma-da syrymy aýtmaga ejap edýädim. Ahyry goňşy obamyza durmuşa çykan aýal doganymyň öýüne bardym. Ýagdaýymy düşündirdim. Şonda aýal doganym şeýle maslahat berdi. «Sen şo gyza ýazjak hatyňy meň öý salgyma iberäý. Menem ony diňe şol gyzyň eline gowşar ýaly ederin. Onuň ýazan hatynam saňa gowşar ýaly ederin» diýdi. Aýal doganymyň maslahaty meni biçak begendirdi. Ýöne harby gulluga baramsoň, böwrümde ýene bir bükgüldi döredi. «Birden ýazan hatyma jogap berilmese, ýa bolmasa, hatda ýazan zatlam gyzyň maňzyna batmasa näme?!» Şu ünji-aladalar sebäplem ýarym ýyllap synpdaş gyzyma hat ýazyp bilmän gezdim. Ahyry, ýüregimi bire baglap, günleriň bir güni oňa hat ýazdym. Aýal doganymyň öý salgysyna iberen hatyma bir aýdan soň jogap geldi. Ýöne şol bir aý meň üçin bir ýyla çeken ýaly bolupdy. Haty açyp okadym. Synpdaş gyzym harby gullugymy tamamlap gelýänçäm maňa garaşjakdygyny düşündirip ýazypdyr.

—Baý-bow, seň bu gürrüňleriňi hekaýa edäýmeli eken—diýip, Hommat çyny bilen aýtdy. —Men-ä muň ýaly dert çekip görmändim, dogrusy.

—Belki, sizem gürrüň berersiňiz, Hommat aga—diýip, ulagyň yzky oturgyjynda oturan Babajan dillendi.

—Meň gürrüňim Aşyryňky ýaly gyzykly bolar öýdemok. Ýöne, aýt diýseň, aýdyp beräýerin—diýip, Hommat ýoldan ünsüni sowman ulagyny sürüp barşyna ýatlamalara çümdi. —Bu waka geçen asyryň 89-njy ýylynda, has takygy, otuz ýyl mundan öň bolupdy. Şol gün institutdan çykyp, önümçilik tejribesini geçmeli ýerimize howlugyp barýadym. Irdenem işläp duran sagadym, näsazlyk tapyp, ýatyp galypdyr. Duralga gelip ýetemde wagtyň näçe bolanyny bilmek üçin daş-töweregime göz aýlasam, ynha, özüm deň-duş bir gyz dur. Sagady soradym. Ol bolsa: «Özüňde sagat barka, menden soramaň näme?» diýip, al-petimden aldy. Men oňa sagadymyň ýatyp galandygyny düşündirdim. Gyz welin, şonda-da maňa wagtyň näçe bolanyny aýdanok-da: «Sagadyň ýatyp galan bolsa, hana, institutymyzyň ýanynda sagat ussahanasy bar. Şoňa eltip görkezäýmeli ekeniň-dä» diýdi. Men şonda onuň biziň institutymyza şu ýyl okuwa giren talypdygyny bilip galdym. Ana, şol sagat bahanasy bilenem tanyşdyk. Institutyň çäginde her gezek duşanymyzda, degşip, biri-birimizden sagat soran boluşdyk. Şeýdibem sulhumyz alyşdy gidiberdi. Ahyrynda-da toý tutduk, maşgala gurduk.

—Sagadyň ýatyp galmagy bähbit bolupdyr-da onda?—diýip, Aşyr Hommada degdi. —Eger şol gün sagadyň ýatyp galmadyk bolsa, onda maşgalaňdan nesibäň aýrylaýmagam mümkin eken-dä?

—Bolup biler... Ykbal-da bu. Ýöne ind-ä ýolda-yzda birek-birekden sagat soralmasam ýitip gitdi. Talyp wagtymda günüň dowamynda azyndan iki adam menden wagtyň näçe bolanyny sorardy. Indi, tüweleme, her kimde el telefony bar. Ol sadagaň bolaýynyň enjamynda-da sagadam bar, hasaplaýjam bar, howa maglumatam. —Hommat şu ýerde gürrüňini kesdi. Ulagyny edaranyň derwezesinden salansoňam, kärdeşlerine ýüzlendi. —Ynha, sag-amanja işimize-de geldik.
16 лайков 189 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şamuhammet
14 авг 2021, 09:13
Biz bilen paýlaşanyň üçin sag bol...