Jedel (hekaya 2-nji bölüm)
Hommadyň ulagyndan düşüp, iş otagyna girensoň, Babajan ýaşuly kärdeşleriniň beren gürrüňleriniň täsirinden çykyp bilmän, içki duýgusyny daşyna çykardy:
—Telpek goýdum-aý size! Hasam, Aşyr agaň düşen ýagdaýy täsin eken.
—Görýäňmi, Hommat, bu ýigit diňe biziň ýaňkyja gürrüňlerimize haýran galyp otyr. Eger özi biziň ornumyzda galanlygynda näderdikä?!—diýip, Aşyr Hommada ýüzlendi.
Aşyryň bu sözleri Babajanyň ganyny gyzdyrdy:
—Menem halys nalajedeýiniň biri däldirin-le, Aşyr aga. Biriniň duran ýerinde bizem durarys.
—Häý, näbileýin? Kanagatyň ýeterem öýdemok—diýip, Aşyr Babajan bilen eňekleşdi. —Sebäbi siziň döwrüňiziň ýaşlary kellesini agyrtmaly däl. Çykalga aňsat. El telefony bar. Siz oňa doly uýgunlaşdyňyz. Şol sebäpdenem biziň duran ýerimizde hiç haçanam durup bilmersiňiz.
—Näme durman! Duraryn, Aşyr aga.
—Takatyň ýetmez, inim!
—Men juda sabyrlydyryn, Aşyr aga!
—Sen jedele girme meň bilen, Babajan... Barybir, utularsyň.
—Utuljak bolsam, jedele girmen-ä.
—Onda şertimi diňle!
—Aýdyp otur, şertiňi...
—Häziriň özünde el telefonyňy öçürýäň-de, ony maňa berýäň.
Aşyryň sözlerine Babajan ör-gökden geldi.
—O näme üçin?
—Ana, gördüňmi? Eýýäm ejizläp başladyň. Sebäbi sen telefonsyz oňup bileňog-a. Hut şoň üçinem söýgiň kösençliklerine biz ýaly düşünip bileňok. Dogry dälmi näme, Hommat?
—Hawa, söýgiň kösençliklerine düşünmek üçin olar biziň geçen ýolumyzy geçmeli-dä...—diýip, Hommat Aşyryň hörpünden gopdy.
—Söýgi kösençlikleri diýýäniňiz näme bolýar-aý?
—Ony bilmek üçin magşugyň bilen iň bolmanda, ýekeje gün telefonsyz habarlaşjak bolup gör-dä. Gaýtalap aýdýan, telefonsyz habarlaşjak bolup gör. Şonda göz ýetirersiň. Ýogsa söýgi kösençliklerine hiç haçanam düşünip bilmersiň. —Şeý diýip, Aşyr Babajana tarap elini uzatdy. —Ýeri, berýäňmi maňa el telefonyňy?
Babajan birsellem oýa batdy. Bir tarapdan, özünden otuz ýaş uly Aşyrdan döwi pes oturasy gelenokdy, ikinji tarapdanam, jedele giresi gelenokdy.
—Aýtmadymmy näme, men—diýip, Aşyr başyny ýaýkap, ýerine geçip oturdy. —Siziň gaýratyňyz diňe tehnikanyň güýji bilen-ä...
Aşyryň gižželemesi Babajanyň çetine degdi. Ol el telefonyny öçürdi-de, Aşyra uzatdy.
Aşyr onuň el telefonyny aldy-da, seýfine saldy.
—Hany, jedeliňizi çözen bolsaňyz, işli-işiňiz bilen boluň—diýip, Hommat diwarda asylgy sagada seredensoň, işgärlerine ýüzlendi. —Iş wagty başlady. Jedeliňizi goýuň indi.
Bölüm başlygynyň bu sözlerinden soň Babajandyr Aşyr iş başyna geçdi.
Sagat alty boldy. Işem ahyrlady. Her kim öýli-öýüne gaýtdy. Işinden çykansoň, Babajan endigine görä, penjeginiň jübüsine elini ýetirdi. Ýöne telefonynyň ýokdugyny bilende, Aşyr bilen jedelleşeni ýadyna düşdi. Ahmyr bilen hyrçyny dişledi. «Özüňden esli ýaş uly adam bilen jedele girmek nämä gerekdi?» diýibem, öz-özüne käýindi.
Babajanyň öýüne gelibem mazasy bolmady. Birden Mahym onuň telefonyna jaň eden bolsa... «Gel-aý, Aşyr aga bilip durmy, jigimiň el telefonyndan aýlap goýbereýin-le» diýip, ol goňşy otaga ýöneldi. Uýasyndan el telefonyny bermegini sorady.
—Öz telefonyň nirede?—diýip, uýasy geň galyp sorady.
—Işde galdyryp gaýdypdyryn...
—Wiý, hany, sen özüňi gaty jür kişi hasaplan bolup ýördüň-le...
—Sen telefonyňy maňa berjekmi ýa ýok?—diýip, Babajan uýasyna sesini gataltdy.
—Me...
Babajan uýasynyň telefonyny aldy-da, otagyna girip, hasyr-husur Mahyma jaň aýlamakçy boldy. Emma näçe ýatlajak bolsa-da, gyzyň el telefonynyň belgilerini serine getirip bilmedi. Sebäbi Babajan her gezek Mahyma jaň edende smartfonyndan gyzyň el telefonynyň belgileri boýunça däl-de, diňe onuň adynyň ýazgysy boýunça aýlaýardy. Uýasynyň telefonynda bolsa Mahymyň el telefonynyň belgisi ýatda goýulmadykdy.
«Öz-ä sekiz, alty, üç diýen sanlardan başlaýady» diýip, Babajan uýasynyň el telefonyndaky düwmeleri basyşdyrdy. Ýöne soňky sanlar welin, onuň teý huşuna gelenokdy. Babajan ýadynda galan käbir düwmeleri basyşdyrdy. «Belki, Mahymyň telefon belgisi bolaýady-da» diýip öz ýanyndan umyt etdi.
—Diňleýän—diýip, telefondan nätanyş kişiniň sesi eşidildi.
—Bagyşlaň, men ýalňyş aýlapdyryn—diýip, Babajan gyzyl düwmäni basyp, telefony öçürdi.
Ýigit ýene-de gyzyň telefon belgilerini ýatlamaga synanyşdy. Emma näçe çytraşsa-da, gerek belgilerini huşuna getirip bilmedi. Şu pursadam Aşyryň sözlerini biygtyýar ýatlady. «Dogrudanam, aňsadyna bakmaga halys endik bolup gidipdirin. Ýogsam, heýem bir, Mahymyň telefon belgilerini ýatda saklaman bolarmy?»
Babajan özüni müýnli duýdy. Has-da beteri, Mahymyň öňünde özüni günäkär saýdy. Durmuşda gabat gelip biläýjek kynçylyklara asla taýyn däldigine düşündi. Iş ýerine baranynyň haýry ýokdy. Telefon seýfde ýatyrdy. Aşyr bolsa öýüne gaýdypdy. Babajan nä alaç etjegini bilmedi. Uýasynyň el telefonyny gaýtaryp berdi-de, otagyna geldi. Aşyryň aýdan sözleri-de beýnisinde zol-zol gaýtalandy durdy: «Hany, ýekeje gün telefonsyz magşugyň bilen habarlaşjak bolup gör».
«Telefonsyz Mahym bilen nädip habarlaşyp bolarka?» Bu pikir Babajanyň beýnisinde at bolup çapýardy. Şu pursadam Mahym bilen ilkinji duşuşygyny ýadyna saldy.
Mahymyň öýi Babajanyň mamasynyň öýünden bir köçe aňyrdady. Ol gyza ilkinji gezek mamalarynyň öýünde sataşypdy. Şol gün Babajan daýysynyň oglunyň näsazlyk tapan kompýuterini düzetmäge barypdy, Mahym bolsa, Altyn daýzasynyň ýanyna köýnek biçdirmäge gelipdi. Şonda Altyn daýzasy Babajana Mahymyňam noutbugynyň näsaz işleýändigini aýdyp, goňşy gyza kömek etmegini haýyş edipdi. Şeýdibem, Babajan Mahym bilen tanşypdy. «Bardy-geldi noutbugyňda näsazlyk tapylaýsa, çekinmän jaň edäýgin» diýibem, oňa öz telefon belgisini beripdi. Şondan soň bolsa Babajan bilen Mahymyň arasyndaky telefon arkaly gürrüňler ýygjamlaşyp ugrady.
Bir aýdan gowrak wagt bäri Mahym bilen telefonda gürleşip ýörse-de, Babajan şol günki mamalaryndaky duşuşykdan soň, Mahym bilen bir gezegem ýüzbe-ýüz görüşmändi. «Elmydama telefonda habarlaşyp ýörenim üçin men onuň bilen ýüzbe-ýüz duşuşmadymam-da». Şu zatlary serinde aýlan Babajan Aşyryň sözlerini ýatlady. Içindenem: «Şunça wagtlap gürleşsemem, ony duşuşyga çagyrmaga gaýratym çatmady. Diýmek, bar gaýratym tehnikada eken-dä» diýip, hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady.
Ýagdaýdan çykalga tapmalydy. Birdenem Babajan daýysynyň ogly Allaberdiniň hepdäniň başynda özüne jaň edenini ýatlady. Ol öý telefonyndan mamalaryna jaň etdi. Elmydama bolşy ýaly, telefony Allaberdi galdyrdy.
—Nähil-ow, Allaberdi? Nädýä kompýuteriň? Gowy işleýämi?—diýip, Babajan özüne tanyş sesi eşidenden, daýysynyň ogluna ýüzlendi.
—Aý, bir görseň-ä, işleýä, bir görseňem, doňup dur. Ýalňyşyp, ýene düwmeleri ters basaýdym öýdýän...
—Gaýgy etme, ynha, ertir irden baryp, bejerip gaýdaýaryn, bolmaýamy?
—Gelesiň ýok-laý, her gezek şeý diýýäň-de, aldaýaň-a. Wagty bilen aýlanaňok.
—Ýok, ertir hökman bararyn.
Allaberdi bilen gürleşeninden soň, Babajan biraz rahatlyk tapdy. Kellesine-de ajaýyp bir pikir geldi.
Bäşinji synpda okaýan Allaberdi juda biagyrdy hem geleňsizdi. Babajan şu meselede daýysynyň oglundan halys basylýardy. Sebäbi Allaberdiniň kompýuterini näçe sazlasa-da, iki hepde geçip-geçmänkä, ýene ony bozýardy. Ýöne bu gezek welin Babajan onuň kompýuterini düzetmäge höwes bilen gitdi. Säher bilen turşuna-da göni mamalaryna bardy.
—Goçmyrat jan, senmi, oglum?—diýip, derwezäni açan Halnabat eje agtygyny gadyr bilen garşylady. Ýakyn garyndaşlarynyň içinde Babajany diňe mamasy hakyky ady bilen tutýardy. —Ejeň, kakaňam gurgunmy, oglum? Jigileň jany sagmy?
—Hawa, mama. Şükür, ýagşy. Allaberdi öýdemikä?
—Wiý, ol-a okuwa gidendir. Günortan geler. Näme, ýene oň kompýuterini bejermäge geldiňmi?
—Aý, hawa. Altyn daýzam bardyr-a öýde?—diýip, Babajan mamasyndan sorady.
—Hawa, Altyn daňzaň-a öýde. Hana, körpe gyzynyň öýkesini ýazjak bolup, ber-başagaý bolup ýör—diýip, Halnabat eje Altyna tarap başyny atdy.
Halnabat ejäniň aýdyşy ýaly, bu wagt Altyn üç ýaşlyja keçjal gyzyna ýalbarýardy.
—Giräý, gyzym öýe, daşaryň howasy sowuk. Üşärsiň-dä, kesellärsiň-dä.
—Gir-j-jek däl. Üşej-jek. Men üşärin welin, ana, onsoň senem gynanarsyň—diýip, kiçijik Gülruh ejesine per berenokdy.
—Hana, Babajan geldi. Indi giräý, aýyp bor, gyzym.
Babajana gözi düşensoň, Gülruh öýe atylyp girip gitdi.
—Näme, diýeniňi edenokmy, Altyn daýza?—Babajan Gülruhjygyň bolşuna ýylgyrdy.
—Aý, hawa-da, entek bulaň aýnaýan wagty—diýip, Altyn gyzynyň öýkeläp, her ýerde, her ýerde çykaryp, zyňyp giden köwüşlerini tertipläp durşuna zeýrendi. —Basdaş bular. Muň arkasyny alsaň, beýlekisi öýkeleýä, beýlekisiniň arkasyny alsaňam bu öýkeleýä. Bar haýbatlaram, daşaryk çykyp, sowukda durmak. Şeýtseler, men olar üşäýmesin diýip, eglişige gidýänimi bilýäler bezzatlar.
—Allaberdem meň Goçmyrat janyma iş bolýa—diýip, Halnabat eje Babajan bilen Altynyň ýanyna ýetip geldi.
—Bar günäni oguljygymyň üstüne ataýýaňyz. Şu gezeg-ä Allaberdi döwenok ony, enesi, kakasy döwdi. Düşünmän, ters düwmelerini basyşdyryp, işini gördi ne gözel tehnikaň.
—Wiý, şeýlemidi asyl?—diýip, Halnabat eje gelniniň sözlerine geň galdy, soňam agtygyna ýüzlendi. —Daşarda üşäýme, Goçmyrat jan, gir öýe.
Babajan içeri girensoň, özüne belet otaga bardy. Ol ýerde Allaberdiniň kompýuterine güýmendi. Enjamyň näsaz ýerini sähel salymyň içinde düzetse-de, onuň başyndan turman, esli wagt dümtünen bolup oturdy.
—Bu gezeg-ä köpräk güýmendiň welin, bütinleý hatardan çykaraýypdyrlarmy ýa ony ataly-ogul?—diýip, Altyn Babajanyň oturan ýerine çäýnekde çaý getirip durşuna ondan sorady. —Saňa-da iş bolýas-da...
—Zyýany ýok-la, Altyn daýza. Salymyny bermän dynýan häzir—diýip, Babajan kompýutere güýmenen boldy. Soňam utanyp, boz-ýaz bolup, ýüzüni aşak salyp, Altyndan sorady. —Araky goňşy gyzyňyzyň noutbugy saz işleýämika bir özi?
—Kim, Mahymmy?
—Hawa...
Hiç zatdan bihabar Altyn göwnübir jogap berdi:
—Döwlen däldir-le. Eger näsaz işleýän bolsa, aýdard-a maňa. Günde-günaşa diýen ýaly ýanyma gelip-gidip dur.
—Geçen gezek bir programmajyk goýup bilmedim. Ýanymda ýokdy. Eger noutbugyna şony goýduraýyn diýse, getiräýsin... Alyp geldim men ony.
—Bolýa, häzir oňa jaň edip aýdaýaryn—diýip, Altyn Babajanyň ýanyndan turup gitdi.
«Bäh, tüweleme, men zor-aý, şu sözleri Altyn daýzama aýdyp biläýdim» diýip, Babajan öz dogumyna özi haýran galdy.
Az salym geçmänkä, Altyn Babajanyň oturan otagyna geldi.
—«Birsalymdan aýlanaýaryn» diýdi. Sen howlugýan dälsiň-ä, Babajan?
—Ýok, ýok, bu gün işdenem dynç alýan günüm—diýip, Babajan Altyna jogap berdi.
Mahymyň «birsalymy» uzaga çekdi. Gyz geler ýerde gelmedi. Babajanyň bolsa bar ünsi daşardady. Öýüň daşky gapysy her gezek açylyp-ýapylanda ýigit tisginip gidýärdi. Birden daşarda hümürdi eşidildi. Mamasy bilen gürleşýän kişiniň sesini eşidende Babajanyň ýüregi gürsüldäp, daşyna çykaýjak boldy. Ol özüne tanyş sesi derrew tanady. Bat bilen açylan öýüň daşky gapysynyň sesine Babajan tisgindi. Aljyrap, ýerinden nädip galanyny hem bilmedi. Tolgunjyndan ýaňa ýüregi gürsüldäp, daşyna çykaýsam diýdi. Babajan diňşirgendi. Gapyda Mahymyň keşbini görjekdi. Ýöne onuň garaşany çykmady. Içeri giren Allaberdi göni onuň ýanyna ylgap geldi.
—Nätdiň, bejerdiňmi?
—Bejerdim, bejerdim. Bar, sen eneň ýanyna gidäý—diýip, Babajan Allaberdini otagdan çykarmakçy boldy.
—Ýok-how, näme üçin enemiň ýanyna barmaly?—diýip, Allaberdi portfelini bir gyra oklady-da, kompýuteriniň başyna geçdi. —Işleýär-aý...
Allaberdiniň bolşuna Babajanyň jany ýandy. Ýöne alaç ýokdy. Oglanjyga buýrup bolanokdy. Edil şol wagtam içerik Altyn bilen Mahym girdi.
—Ynha, Babajan, goňşy gyzymyza-da kömek et—diýip, Altyn Mahymy içki otaga saldy.
Biri-birine gözi düşen ýaşlar utanjyndan aşak bakdylar. Telefonda dogumly gürleşýän ýigitdir gyzyň bu wagt seslerine suw sepilipdi. Mahym sesini çykarman, noutbugyny Babajana uzatdy. Babajanam sesini çykarman, oňa güýmenen boldy.
—Düzeldimi seň kompýuteriň?—diýip, Altyn ogluna ýüzlendi.
—Hawa, hawa—diýip, Allaberdi kompýuter stolunyň başynda özbaşyna gümra bolup oturyşyna ejesine jogap berdi.
—Üç gezek dagy jaň aýladym. Almadyň—diýip, Altyn otagdan çykyp gidensoň, Mahym pyşyrdap diýen ýaly gürledi.
—Telefonymy işde galdyrypdyryn-da...
—Onda başga bir telefondan jaň aýlap, aýdaýmaly ekeniň-dä ýagdaýyňy. Jaň edemde almadyň welin, alada etdim näme bolduka diýip.
Gyzyň sözlerine Babajan diýseň tolgundy. Birbada näme diýjeginem bilmedi. Soňam köpmanyly gürledi:
—Aý, men-ä başga telefondan jaň aýlap durman, ýagdaýymy göni ýanyňa gelip aýdaýyn diýdim.
Babajanyň bu sözlerine Mahym uýaldy. Sesini çykarmady.
—Ynha, düýnki telefonda aýdyp duran programmaň. Noutbugyňa goýuldy. Arkaýyn işläber.
—Sag bol. —Mahym noutbugyny aldy-da, gapa ýöneldi. Çykyp barýarka-da, Babajana ýüzlendi. —Indi beri telefonyňa bek bolaweri.
—Hökman—diýip, Babajan ýylgyrdy.
—Babajan, men ýene düwmeleri nädogry basdym öýdýän—diýip, Mahym otagdan çykyp gidensoň, Allaberdi Babajana naýynjar bakdy.
—Aý, indi şu kompýuteriňi näçe döwseň döwüber, men «hä» diýmän saňa ýetişerin—diýip, Babajan iki düwmäni basanda, Allaberdiniň kompýuterini sazlap goýberdi.
Babajan Altyn daýzasynyň getirip giden çaýyndan bir käse içdi-de, mamasy bilen sagbollaşyp, öýüne gaýtdy. Öýüne ýetiberende yzyndan biriniň adyny tutup gygyrýanyny eşitdi. Ses gelýän tarapa gaňrylyp seredende Babajan gözlerine ynanmady.
—Aşyr aga, eýgilikmi?
—Inim, meni bagyşlaweri—diýip, Aşyr has-haslap gelşine, penjeginiň goltuk jübüsinden Babajanyň el telefonyny çykaryp, oňa uzatdy. —Kellämiň gyzgynyna hepdäniň günlerinem unudypdyryn-a. Bu gün şenbe, ertir ýekşenbe. Iki juwanyň arasyna düşen Garaçomak bolaýmaýyn diýip, ynha, işe baryp, seýfden telefonyňy ýörite alyp gaýtdym. Menden gaty görmäweri...
Babajan Aşyrdan telefonyny alyp, penjeginiň goltuk jübüsine atdy.
—Sizden gaty görüp bolmaz, Aşyr aga. Siz, ýaşulular, giden bir mekdep ahyry.
#Eziz GELDIMYRADOW.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.