Bigünäniň ýakylyşy (Ogulsenem Taňňyýewa)3

Aýallaryň bary oňa el serdiler:

—Gel, maňa geläý, Myrat jan, eçje gelýär häzir!

Ol birbada sesini çykarmady. „Diýilýän zatlar çynmyka ýa-da ýalanmyka?“ diýýän ýaly, her kimiň ýüzüne bir nazar aýlap, gözlerini elek-çelek etdi durdy. Soň kellejigini iki ýana ýaýkap: „Ýok“ diýen yşaraty etdi.

Tawus ony gujagyna almaga synanyşdy:

—Men seniň ejeň ahyry, balam, gel, maňa geläý!

Ol Tawusa-da barmady. Ýene başyny ýaýkady. Soň hem daşaryk atylyp çykdy-da, düwdenekläp, öýüň daşyndan telim sapar aýlanyp çykdy. Ylgaýarka, boýunjygyny birgeňsi burup, başyny aşak salýardy. Ýagyrnyjygyny küýkerdýärdi. Gözleri naýynjardy.

Ol enesini hiç ýerden tapmansoň, möňňürmäge durdy:

—Eçje kok! Eçje kok!

Tawus nahar guýup getirdi. Iýdirmekçi boldy:

—Gel, iýeli, oglum!

Myratjyk nahara-da meýil etmedi. Ýene baş ýaýkady. Şol bir heňňamyny gaýtalady:

—Eçje kok! Eçje kok!

Şol wagt gapdaldan kimdir biri gepe goşuldy:

—Mammaňy iýseň, eçje gelýär, Myrat jan, iý naharyňy, bala!

Myratjyk bu sözi diýeni görmek üçin töwerege gaňrylyp seretdi. Özem, dessine çökdi-de, çemçä el uzatdy. Tawus nahary onuň agzyna tutup berdi. Myratjyk tä jamdaky naharyň bary gutarýança, howlukmaçlyk bilen, agzyna tutulan zady düwnüp-düwnüp, ötüginden ötürmäge durdy. Şonda onuň gözjagazlary tegelenip, hanasyndan çykaýjak bolýardy.

Ol naharyny iýip boldy-da, ýene ýerinden galdy. Otaglary aýlanmaga başlady:

—Eçje kok! Eçje kok!

Ony agşam ýatyrmak hem iş boldy. Tawusy bütinleý diňlänokdy.

Myratjyk goňşy gelin Ogulgözel bilen onuň çagalaryna birneme gulak asdy. „Eçje gelýä“ diýip, aldap, ony ilki goňşularda ýatyrdylar. Uklansoň, Tawus göterip alyp gaýtdy. Oýanan halaty çaga ýene wägirip, hopugyp galdy-da, goňşulara tarap düwdenekledi. „Eçje kok! Eçje kok!“ diýip, goňşularyňam ähli otaglaryny aýlanyp gördi. Tawus dagyny ýene ýat görüp, öýden kowýardy. Zol „Gidiň“ diýip aglaýardy.

Tawus perzendiniň bolşuna gynanyp, aglamak aglady. Ony özüne nädip öwrenişdirjegini bilenokdy. Okuwlaryň başlanjak güni hem golaýlaýardy. Ýene ýalan sözlemeli boldy. Myratjygy „Eçjäni gözläli“ diýip alyp gaýtdylar.

Çagajyk bu gezek diýseň ynandy. Bütin ýoluň dowamynda ýeke gezek hem aglamady. Ýitigine diýseň kanagat bilen garaşýardy. Eline näme berilse, arkaýyn iýdi. Ýöne ähli topalaň gije başlandy. Ýat öýde ol asyl-ha ýerlemedi. Aglap, zol daşaryk atyldy. „Eçjä gitjek“ diýip, gygyrýardy.

—Men seniň ejeň, balam!—diýip, Tawus ony bagryna basyp aglaýardy.—Seniň ejeň men, Myrat jan, ol bolsa seniň eneňdi. Ol ho-ol, daş ýerden maşynjyk getirmäge gitdi.

Seýranam daşyna süýjümidir, oýnawaçmydyr, tapan zadyny üýşürip, ogluny köşeşdirjek bolýardy.

—Ine, seniň ejeň—diýip, Tawusy görkezýärdi.

Her zat etselerem, bolmady. Myratjyk sesini goýarly däldi. „Eçjä gitjek, eçjä gitjek!“ diýip, gapa elini uzadyp gygyrýardy.

Gijäniň bir wagty ony daşaryk alyp çykdylar. Paýtagtyň ýagty köçelerinden ýolagçylar eýläk-beýläk ötüşip durdular. „Eçje kok“ diýip aglap duran Myratjyk birden çepiksije eljagazlaryny çarpyp, agy hem gülki gatyşykly nala bilen hykyrdamaga durdy. Ol käte hem el çarpmasyny goýup, barmajygyny uly ýola tarap uzadyp goýberýärdi.

—Eçje... Eçje!—diýip, begençli gygyrýardy. Hem öňe tarap owsun atýardy.

Tawus bilen Seýran Myratjygyň görkezýän ugruna tarap seretdiler. Ýoluň gyrasy bilen edil Suraý daýza ýaly orta boýly, gyňaçly aýal içi zatly toruny bir ol eline, bir beýleki eline geçirip, haýdap gelýärdi.

—Eçje!—diýip, Myratjyk bir Seýranyň, bir Tawusyň ýüzüne begençli bakdy-da, ýene çapak çalmaga durdy. Öňki hykyrdysy bilen kükregini dolduryp hykyrdady.

Nätanyş aýal Myratjygyň derdini duýman, özbaşyna geçip gitdi. Myratjyk onuň yzyndan gaşjagazlaryny çytyp, geň nazar bilen seretdi. Ýöne sesini çykarmady. Eginleri sallanan dek boldy. Kükrejigini dolduryp dem aldy. Aglamady hem. Diňe gözlerini tegeläp, özüniň hakyky ejesine seredýärdi.

Seýran bilen Tawus onuň bu bolşuna düşünmediler. Güýzüň çigregi iniňi tikenekledýärdi. Şeýle bolansoň, olar çagany hem alyp, öýe girdiler. Geň görmeli zat, Myratjyk ýene aglamady. Tawus düşek ýazyp, ony ýatyrdy. Çagajyk arkan düşüp ýatyşyna, düşnüksiz nazar bilen öýüň içine hem-de Tawusa seredýärdi. Onuň gözlerinde howsalamy, gorkumy, göwni galmakmy, bir üýtgeşik duýgy bardy. Çaga gözlerinde gussa mese-mälim saýgardýardy. Dodajyklaryny berk ýumup, burnuny tyssyldadyp, zol uludan dem alýardy-da, gaşjagazlaryny çytyp, özüni barha alada aldyrýardy. Tawus bilen Seýran misli, dünýäniň bar aladasyna düşünýän uly adamyň gaşynda agyr günä sebäpli hasabat berýän dek, ýüzlerini müýnli sallaşyp otyrdylar. Olar indi çaga söz gatmaga-da çekinýärdiler...





Soňy.
17 лайков 185 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şamuhammet
14 авг 2021, 10:02
Ýazgyňy haladym...