Sen günäkär däldiň (Ogulsenem Taňňyýewa)2

Sülçi gyza seredip oturyşyna birsyhly dymýardy. Ol göýä, bolan waka üçin Dünýäniň hut özüniň karar çykarmagyna garaşýan ýalydy.

Dünýä sülçini yryp bolmazmyka diýen niýet bilen ýene-de oňa ýalbaryp ugrady:

—Men ony basdyrmak islämok, siz düşüniň şuňa! Hemmesi gahardan boldy, gahardan... Gahar erbet zat ahyr! Oňa zat diýmäň! Haýyş edýän! Berdide jinnek ýaly-da günä ýok!

—Howlukmaň! Bar zady anyklarys.

Sülçi gapdalyndaky knopkany basdy. Gapyda peýda bolan milisionere Berdini ümledi:

—Günäkäri äkidiň!

Dünýä gaty gygyrmakdan gorkusyna bir eli bilen agzyny tutup, sülçä tarap okduryldy.

—Ýoldaş sülçi, bagyşlaň, ýekeje mintjik... Dogan jan, gürleşmäge rugsat et, haýyş edýän!

Onuň gözlerinden togalanyp gaýdan şor damjalar akja ýüzünde çyzmyk-çyzmyk ýoljagazlary emele getirdi.

Sülçi gyzy geň nazar bilen synlap durşuna mylaýym gürledi:

—Weý-weý, bolşuňyz nähili! Köşeşiň ahyry!

Ol stoluň üstündäki grafinden stakana suw guýup, gyza uzatdy.

—Alyň, içiň, birneme ýüregiňiz düşüşer.

Soňra sülçi milisionere ýüzlendi:

—Kabul ediş jaýyna eltiň, on minut töweregi gürleşsinler!

Gözegçi milisioneriň ellerini arkasyna tutup aýlanyp ýörşüne üns bermän, Berdi şu ömründe ilkinji gezek Dünýäniň eýjejik ellerini äpet aýalarynda gizledi. Muňa gyzyň ýüregi jigläp gitdi. Birgeňsi duýgy ony erkine goýman, bütin bedeni bilen gagşady. Gözler ýigidiň mährili nazaryna bakmaga tap getirmän, birenaýy süzüldi. Berdiniň mähir-muhabbetden doly endirewük sesi bolsa, ony beýhuşlyk hetdine ýetirdi. Gyz mylaýym güneşiň çogunyň astynda duran ýaly meýmiräp oturyşyna, häzir özüniň nirede, nä ýagdaýdadygynam wagtlaýynça unudypdy. Ol melul bolup, Berdini diňleýärdi. Häzir Dünýä üçin jahanda Berdiniň sesini eşidip durmakdan, onuň aýalarynyň ýürege ýetip duran ýylysyny duýmakdan başga lezzetli zat ýokdy.

—Dünýä, gör ahyry, biz çagalykdan bileje ösdük, ulaldyk. Men seni elmydama bagtym saýypdym. Häzirem şeýle. Näme üçin beýdäýdiň sen?! Aýt ahyry!—diýip, Berdi Dünýäniň akja ellerini elinde saklap durşuna gürleýärdi.—Ýeri, Dünýä jan, nämä dymýaň?! Hä?..

Dünýäniň bir bolşy. Dymmakdan başga alajy-da ýok. Gürlese, gözýaşlar böwedi böwsülen sile dönjek. Näme, eýsem, Dünýä ony söýmänmidi! Söýüpdi! Onda-da nähili söýüpdi diýsene! Dünýä özüniň Berdini söýşi ýaly ýedi aşyklaram biri-birini söýüp bilendir öýdenokdy. Bir özüni yşk daşynyň agramyny şeýle sessiz çekip bilýän aşyk saýýardy. Ýigit üçin ölüp-öçüp barýardy ahyr. Onda näme üçin ol bu ýerde beýdip otyrka?!

—Dünýä, dillensene! Ýene sanlyja wagtdan meniň ykbalym çözülýär ahyr! Soň bi ykbal bizi duşurjakmy-ýokmy, kim bilýär!..

Birdenem ol öz pikiriniň garşysyna gürledi:

—Şu ýagdaýdan sag-aman başymy alyp çyksam, toý ederis, Dünýä jan... Edil saňa meňzäp duranja gyzymyz bolar... Men ony şeýle bir gowy görerin, şeýle bir gowy görerin...

Ýigidiň bu sözlerine Dünýä tisginip gitdi. Saňňyldap, ýüregi agzyna gelerli göründi. Ellerini gahar bilen çekip alyp, üstünden asman basyp gelýän ýaly, hopugyp ýerinden galdy. Gözleri gazaply uçganaklady. Bir zatdan goranýan ýaly. Ellerini daldaladyp, azmly gepledi:

—Ýok! Bolmaz!

Berdi geň galmakdan ýaňa çüýlenene döndi. Agzyna suw alan dek, gepläbem bilmedi. Dünýä bolsa, ýeldirgän ýaly, sen-men ýok, atylyp gapydan çyldy. Berdiniň:

—Meni indi şu ýerde ýalňyz goýup gidýäňmi, Dünýä?!—diýen sesi oňa agy bolup eşidilse-de, yzyna gaňrylybam seretmedi.

Gyz ýola çykansoň, gulaklaryny tutup, ýagydan gaçýan ýaly, dem salym ylgady. Şor damjalar ýüzüni ýuwýardy. Berdiniň sesi oňa barha ýakyndan, barha batly eşidilýärdi: „Saňa meňzäp duranja gyzymyz bolar...“

Ol adamlaryň gatnawynyň azrak ýerindäki skameýkalaryň birine baryp, labyryny taşlady. Ellerini maňlaýyna diredi. Göz öňünde birsyhly milisiýanyň jaýynda naýynjar bolup oturan Berdi janlanýardy. Dünýä Berdiniň sözlerini içinden öwran-öwran gaýtalady: „Saňa meňzeşje gyz...“

Uruşmaga bahana arap duran gelniň ýüzi ýaly, howa çytylyp durdy. Birdenem, ýel ösüp başlady. Ol bar gaharyny agaçlardan çykarjak bolýan dek, olaryň şahalaryny yralap, elem-tas etdi. Agaçlardan tänip düşýän ýapraklara keýp edýän ýaly, şuwlap, barha güýjeýärdi. Ýapraklary baldagyndan barha köp üzýärdi.

Saralyp, meňzi solan ýapraklaryň biri ýeliň güýjüne uçup geldi-de, Dünýäniň öňüne düşdi. Gyz ony emaý bilen eline aldy. Üfläp, tot-tozanyny aýryşdyrdy. Onuň şeýle ýagdaýda düşmegine nebsi agyryp, sülük barmaklary bilen ýapragy sypady. „Menem edil seň ýaly saralyp-soldum. Ter nowçadym. Ikimiz dertdeş ahyry“ diýip, hyýalynda ýaprak bilen gürleşmäge başlady. „Oňa kim günäkär, hany, sen maňa aýdyp ber! Ýok! Onda ýekeje gramam günä ýok ahyry! Oňky „Günäliň oduna günäsiz ýanar“ diýleni boldy. Ah, gara bagtym diýse. Ol meni ýüregi bilen söýýär ahyr. Ýa baryny başdan gürrüň beräýsemmikäm? Ýok, ol bolmaz! Men onuň deňi däl. Gowusy, şeýleligime-de galaýyn. Men halys aljyradym. Indi nätsemkäm?! Ýene ýarym sagatdan sülçiniň ýanyna barmaly. Ýeri, oňa näme jogap bereýin?!“

Emma ýaprak ýaprak-da! Ol dymýardy. Ondan gyza ne maslahat bar, ne göwünlik.

Asmanyň ýüzüni birkemsiz örten gara bulutlar, misli, gyzyň halyna gyýylýan ýaly, iri-iri damjalary paýradyp ugrady. Dünýä şindizem elindäki ýaprakdan maslahata garaşýan dek, oňa gözüni dikip otyrdy. Ýagyş damjalaryna sarsmady hem. Ýagyş basym onuň zülplerini ezip, ýüzüni ýuwdy. Emma hernäçe ezilse-de, gyz turmak hakda pikirem etmedi. Ýagyş onuň derdini täzeläp, ýaraly ýüregine duz sepýärdi.
17 лайков 301 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şamuhammet
14 авг 2021, 10:06
Ýazgyňy haladym....