Sen günäkär däldiň (Ogulsenem Taňňyýewa)3
Şol günem ýagyş badyny gowşadaýyn diýenokdy. Dünýä diýseň ýeňil gopýardy. Şadyýandy. Klasdaşy Berdiniň özüne ýazan söýgi hatynyň setirlerini içinden öwran-öwran gaýtalaýardy. „Seni ýeke salymam gözümden salasym gelenok...“ Ýigidiň haty ony barha joşdurdy. Aýdyma zowladyberesi gelýärdi. Sebäbi Dünýäniň özem ähli klasdaş ýigitleriniň içinden boýy-syraty bilenem, görk-görmegi bilenem saýlanyp duran Berdini göz astyna alyp, oňa daşyndan guwanyp ýördi ahyry. Heý, beýle-de bir bagtlylyk bormy! Berdi başga bir gyza-da göwün berip bilerd-ä. Sebäbi klasda Dünýä gaýra dur diýýän owadan gyzlaram bardy, Berdiniň özi ýaly derek boýlularam. Berdi welin, Dünýä gyzyň ýürejigini bilip duran ýaly, klasdaş gyzlarynyň içinden onuň hut özüni saýlap tutdy.
Dünýä şol gün goňşy obadaky daýzalaryna gezmäge gidipdi. Garaňka ýüzüni tutup, ýola düşüpdi. Daýzasynyň ogullary hernäçe ugradarman bolsalar-da, ilkinji söýginiň şatlygyndan ýürejigi böküp duran gyz garşy boldy. Ýola ýeke çykdy. Berdiniň sözleri oňa ýan ýoldaşdy, uzak ýoluny ýakynlatjak goltgudy.
Gije gara şalyny obanyň üstüne mazaly atypdy. Daýzasy gije ýatyp, ertir ugraýmagyny sargap, kän özelendi. Gyz hiç kimi diňlemän, bökjekläp, ýola düşdi. Çigregrägem bolsa, howa göwnüňi göterýärdi. Gyz ýagyş damjalaryna ýüzüni ýuwup barşyna gaty ýeňil ädim urýardy. Ýdyna gorky-ürki düşenokdy. Ýogsa, daýzalarynyň obasy köne gyşlakda ýerleşensoň, posýologa barmak üçin harabalyklardyr gyzganlaryň arasyndan geçip gitmelidi. Ilerde asfaltlanan maşyn ýolam bar. Emma Dünýä çaltrak öýe barmak üçin gönülänini kem görmedi.
Hiňlenjiräp gelýän gyz üçekli howlynyň deňine ýetende, ýolunda keserip duran gara zada gözi düşüp, tisginip gitdi. Şadyýanlygy zym uçan ýaly boldy. Ýüregi erbet habary eşideniňki dek, gorkuly gürsüldäp, demi bokurdagyna tegek boldy. Gorkusyna basalyk edip, hernäçe ýörese-de, aýaklary sandyrap, ýol öndürmedi. Gyz özüne ýakynlaşsa-da, gara gymyldanokdy hem. „Alla janlarym, o nämekä? Yzyma dolanaýsammykam?“ Geçilen ýol geçilmedikden has köpdi. Dünýä häzir ejesine „Jyn-arwaha tä duşýançam, ynanman, bary ýalan zat“ diýen sözlerini ýatlap, „Küpür gepläýdimmikäm, Alla jan, gabarasy dagy näteňet?!“ diýip, özbaşyna samrady.
—Hymm... Hym...
Gyz has golaý gelensoň, gara zat ellerini öňe uzadyp, uzyn-uzyn hyňrandy. Dünýä bu sesi tanady. Dessine gorkusy aýrylyp, ýüzi ýagtyldy. „Hommy öýdýän bi. Häý, sypaty gurmuş, zähräm-ä ýardyň sen“ diýip, içini gepletdi-de, öňe ümzük atdy.
Hommynyň onuň-munuň malyny bakyp, ýandagyny çapyp, şu obanyň beren geýimini geýip, çöregini iýip ýörenine esli wagt bolupdy. Ony bu ýerde uludan-kiçä hemmeler tanaýar. Hommy eşidýär-de, gürläp bilenok. Onuň nireden gelenem, nädip bu ýagdaýa düşenem hiç kese belli däl. Gepläp bilmän, „hymm-hymm“ edip ýörensoň, oba adamlary oňa Hymmy, soňabaka Hommy diýiberdiler. Il arasynda ilkiler „Hommy öň gürläbem bilýän eken, ýöne biri onuň kellesine agyr zat bilen urupdyr, şonuň üçinem geplemekden galypdyr“ diýen gürrüňem ýaýrady. Emma onuň öň kim bolanlygy hakda anyk zady hiç kim bilenokdy. Diňe çopanlaryň biriniň çölden tapyp getirip gideni welin, hemmä aýandy. Hommynyň elinden gelmeýän zat ýokdy. Tarkyldadyp, agaçdan-beýlekiden bir zatjyklaram ýasabiýrdi. Bag-bakjalaryň çybygyny gyrkyp, gül ýaly oňarardy. Ýer deperdi. Ýöne oba adamlary onuň mal bakanyny kem görmediler. Obanyň sürüsini ynandylar.
...Dünýä garaňkyda Hommy laly görensoň, ýoldaş tapynan dek boldy. Hatda onuň gabadyna baransoň:
—Garaňkyda näme işleýäň sen? Git-dä indi oba. Sür mallaryňy, howa sowaýar—diýip, begenjinden oňa sözem gatdy. Jykyrdap güldi.
Gyzyň özüne söz gatyp gülenine üýtgedimi ýa-da öňden ýüregine bet niýet düwüp durmy, Hommy lal petrewük gözlerini elek-çelek etdi-de, sen-men ýok, gyza topuldy. Eýjejik göwräni güýçli gollaryna alyp, harabalyga siňip gitdi...
Dünýä hernäçe çabalansa-da, urunsa-da, läheň göwräniň gara güýjünden ejiz geldi. Gyz göz açyp-ýumasy salymda bolup geçen bu aýylganç waka hiç akyl ýetirip bilmedi. Asman üstüne gopup gelýän ýalydy. Özüni dürsäp, nämeleriň bolup geçenine akyl ýetirjek boldy. Urundy. Birdenem, ýagşyň derdinden ezilip, palçyga öwrülen topraga bagryny oýkap, çabalanyp başlady.
—A-a-a-a!..
Gyzyň bagryňy paralap barýan naýynjar sesi gijäniň garaňkylygyna siňip gidýärdi. Ol, hamala, bolan waka ýer günäkär ýaly, ýeri ýumruklap, özbaşyna samrady.
—Men indi näme etmeli, aýt ahyry, aýt! Men indi neneň edip, ile-güne çykaryn! Ömürlik ýüzi gara boldum, ýüzi gara!.. Sen şumbagt ekeniň, şumbagt!..
Gyz şeý diýip, taýly gezek maňlaýyna ýumruklady.
Şol wagt kimdir biri gyzyň ýanjagazynda çöküp, onuň saçlaryny emaý bilen sypady. Gyz ýuwaşlyk bilen kellesini galdyranda, Hommy lala gözi düşüp, dälilik hetdine ýetdi.
—Güm bol! Güm bol diýýän men saňa! Sen meniň bagtymy ýatyrdyň!..
Gyz Hommy laly eli ýadaýança ýumruklady. Onuň sarsmajagyna gözi ýetensoň, ýaraly keýik ýaly iňläp, bagryny ýere berdi. Birdenem ýerinden hasanaklap galyp, eline ilen palçyklary Hommynyň ýüzüne atyşdyryp ugrady. Hommy bolsa „Öldürseňem razy“ diýýän ýaly, gymyldaman otyrdy.
Dünýä halys ysgyndan gaçansoň, laý serpmesini goýdy. Ene ýaba girip, eşiklerini, el-ýüzüni ýuwdy. Mejalsyz halda yranjyrap, ýola düşdi. Ol birki ädim ädenden, erkek adamyň bagryňy dilip barýan agysyny eşidip, yzyna gaňryldy. Iki elini ýüzüne tutup, neresse çaga ýaly eňräp oturan Hommyny görende, ýüregi jigläp gitdi. „Bagty ýatan, ol nämä aglaýarka?!“
Gyz barha güýjeýän ýagşyň astynda öl-myžžyk bolan eşikleriniň suwuny sarkdyryp, ýoluny dowam etdi...
Berdiniň söýgi haty jogapsyz galdy. Ýöne ýigit gyz üçin ot-elek bolýardy. Dünýä dymdygysaýy, Berdiniň kalbynda köräp ugran yşk ody üstüne ýag damdyrylan pelte ýaly barha alawlaýardy. Olar ýokary okuw jaýyna-da bile gaýtdylar. Bir fakultetde, bir gruppada okadylar.
Gyzgalaňly studentlik döwri, şadyýan oglan-gyzlar, pajygaly ekzamenler gyzy bütinleý üýtgetdi. Gam-gussadan saplady. Ol özüniň düşen betbagt ýagdaýyny seýrek ýatlaýardy. Bütinleý unudýan günleri-de köpdi. Studentlik ýyllarynda Berdi bilen tirkeşip, kino-da gitdi, teatra-da. Ýöne ýekeje gezegem ýigide söýgi hakda söz açdyrmady. Haçan-da Berdi söýgi hakdaky söhbete geçende, ol ýarasyndan basylan ýaly, gaşyny çytýardy-da:
—Gel, şu gürrüňleri goýbolsun edeli-le, Berdi—diýip, öz ýoluna gitmek bilen bolardy. Keýpi bozulardy.
Özüni Berdä bütinleý mynasyp görenokdy. „Gowy gyz köp ahyry, meniň ýaly basgylanana bagtyny baglasa, ömrüni ah urup geçirer“ diýip, gyz pikir öwürýärdi. Emma, näme-de bolsa, Dünýä öz ýanynda Berdiniň bolanyny kem görenokdy. Ol özüniň ýigidi jany-teni bilen söýýänine şu geçen bäş ýylyň içinde has-da göz ýetirdi. Onsuz geçjek gününiň güne meňzemejekdiginem bilýärdi. Emma özüniň ynamsyz adamdygyny Berdiniň bilmegini islänokdy. Berdi üçin mydama ak bolup galasy gelýärdi. Özüniň namyssyzdygyny Berdä bildirenden, Dünýä ölenini gowy görýärdi. Gözleri mähirden doly syratly ýigit diýip hernäçe örtense-de, ony özünden daşlaşdyrmagyň gamyny iýýärdi. Ýüreginiň garşysyna gidip, ýigidiň gaňryşyna gaýdardy.
Diplom alynmagyna az wagt galypdy. Şol günleriň birinde Berdi bilen Dünýäniň arasynda şeýle waka bolup geçdi:
—Niçe ýyldyr, yzyňda ser-sepil men, Dünýä!—diýip, Berdi ýürek matlabyny orta atyp dynmak isledi.—Emma nämüçindir, dymýaň. Ýa meni özüňe mynasyp göreňokmy?
Dünýä uludan demini alyp, siňekden goranýan ýaly, ellerini daldalatdy:
—Bes et, Berdi, meň ýanymda söýgi hakda söz açma! Haýyş edýän!
Bu gezek Berdiniň sesi azmlyrak çykdy:
—Söz açman, beterem ederin. Besdir, näz etmäniňem çaky bar. Ýa seniň başga birinde göwnüň barmy?
Dünýä agzyndan „hawa“ diýen sözüň nädip sypanynam duýman galdy. Bu bolsa, Berdiniň ýagly peltesine ot berdi. Ýigit gahardan sandyrady.
—Kim ol?
Dünýä kejir jogap gaýtardy:
—Kim bolanda, saňa näme?!
—Onda, sen şunça ýyllap meni aldap gezipsiň-dä, şeýlemi? Söýýäniň baryny wagtynda aýtman, yzyňda bilgeşländen ser-sepil edipsiň-dä?!
—Yzymdan özüň galman ýörsüň!—diýip, Dünýä sesine çyna berimsiz gahar çaýdy. Ýürek welin aglaýardy.—Heý, men saňa söz berdimmi?!
Berdi biraz ýuwaşady.
—Dogry, sen maňa hiç hili söz bereňok. Ýöne men seni söýýän ahyry, Dünýä!
—Söýeňde näme! A men seni söýemok!
—Ýalan! Ýalan aýdýaň, Dünýä! Senem söýýäň meni. Ony gözleň aýdyp dur-a. Ýöne sen menden bir zad-a gizleýäň—diýip, Berdi gyzyň gözlerinden nazaryny aýyrman oturyşyna çaga ýaly delmuryp bakdy.
Dogrusy, gyzyň bolşuna Berdiniň gahary gelýärdi. Ol birdenem sesine gahar çaýdy:
—Şundan öýe barsak, ejemi ibererin! Toý ederis. Gürrüň gutardy!
Dünýä syçrap ýerinden galdy.
—Ýok! Ejeňem ibermersiň! Toýam etmeris!
—O näme üçin, Dünýä?! Aýt ahyry!
—Üçini, men başga birine durmuşa çykýan!
Berdi ýeňsesine depilen ýaly, böküp ýerinden galdy. Dünýä topuldy.
—Ýalan! Ýalan aýdýaň! Hiç kime gitmersiň sen! Sen diňe meniňki bolmaly, diňe meniňki!..
Dünýä zor bilen ýigitden sypdy-da, kejirligine tutdy:
—Ýok bol, utançsyz! Men hiç wagtam seňki bolman. Men başga...
Onuň bu sözleri ýigidiň ýüregine ok bolup çümdi. Berdi elleri bilen gulaklaryny tutdy.
—Bes et, Dünýä, bes et! Indi şol sözleri gaýtalasaň, öldirin!
Dünýä, ýüregi aglap dursa-da, ýigidiň gaharyny gowy getirmek, şeýdibem oňa özüni ýigrendirmek isledi:
—Öldüräý! Başarsaň, häzir öldür! Sen ýala durmuşa çykanymdan, ölenimem gowy!
Berdi özüne erk edip bilmän, bat bilen gyzyň dulugyna çalyp goýberdi. Dünýäniň gözlerinden ot çykdy. Ýaňagy lowlady. Özüni dürsände, gahardan ýaňa dälilik hetdine ýeten Berdä gözi düşüp, hopugyp gitdi. Ýigidiň gözleri gyzarypdy, gahardan sandyraýardy.
—Eger meňki bolmajak bolsaň, aýt dogryňy! Häzir öldüreýin! Seniň başga biri bilen tirkeşip ýöreniňi görenimden, meniň üçin jeza çekmek ýeňil düşer.
Şol wagt edil ýerden çykan ýaly bolup, iki sany milisioner peýda boldy. Olar Berdini alyp gitdiler. Berdi bilen bile Dünýäniň ýüregem sogrulyp gitdi. Ol mejalsyz halda özüni ýere goýberdi.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.