Sen günäkär däldiň (Ogulsenem Taňňyýewa)4

Dünýä gowy ezilmekden ýaňa üşäp ugrady. Ýerinden turup, özüniň näme edýäninem bilmän, yzyna—milisiýanyň jaýyna dolanyp bardy.

Durşy bilen öl-myžžyk bolan gyzy görüp, sülçi oňaýsyz ýagdaýa düşdi.

—Siz kesellärsiňiz, çalşyrynyp geläýmeli ekeniňiz.

Gyzyň öl bolan zülpleri ýüzüne ýelmeşip, ony has-da naýynjar görkezýärdi. Eşikleri endamyna ýelmeşip durdy. Gözleri bolsa ahmyr bilen gussadan doludy. Dünýä sülçiniň ýanyna baryp özelenip ugrady:

—Jan dogan, başyňa döneýin, iş gozgama-da, meniň hol günki ýazan arzamy ber yzyna! Hemmesi gahardan boldy. Ol oglanda jinnek ýalam günä ýok. Men ony söýýän... Ýoldaş sülçi... Özümizem bir obadan. Goýberiň...

Sülçi ysytma tutýan ýaly sandyrap duran gyzy bir salym boýdan-başa synlady-da, oňa papkasyndan bir tagta kagyzy çykaryp berdi.

Dünýäniň gözleri şatlykly uçganaklady. Ol uzak wagtlap gözlän zadyny tapan ýaly, kagyza nebsewür topuldy. „Maňa pyçak görkezdi. Öldürjek boldy... urdy...“ Gyz özüniň bir hepde öň öz elleri bilen ýazyp giden sözlerine ynanmajak boldy. „Hih“ edip, içini çekdi. „Men biriniň günäsiz çagasyny nädäýipdirin! Bu namartlyk ahyry! Şondan aýrylmagyň başga alajyny tapmadyňmy diýsene!“ Dünýä ýazan zatlaryny dessine üýtgetdi: „Meni onuň urany çyn. Ýöne men ony bagyşlaýaryn. Sebäbi bu ýerde meniň özüm günäkär“.

Dünýä täzeden ýazan kagyzyny sülçä uzatdy.

—Indi ony boşadarmysyňyz?

—Şu diýýäniňiz çyn bolsa, boşatmaly bolar—diýip, sülçi entegem gyza haýran galmak bilen seredip durşuna ýylgyryp jogap berdi.

Dünýäniňem sesi begençli çykdy:

—Sag boluň, ýoldaş sülçi!

Dünýä gapa ýeteňkirläp, birdenem yzyna öwrüldi-de:

—Ýöne goýbermeziňiziň öň ýanynda oňa aýdyň, goý, ol gaýdyp maňa ýekeje gezegem seretmesin—diýdi-de, batly-batly ýöräp çykyp gitdi.

Äpişgäniň deňinden geçip barýarka, gyzyň gözýaşlaryny süpürişini gören sülçi gyzyň bolşuna geň galmak bilen başyny ýaýkaýardy...
17 лайков 598 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şamuhammet
14 авг 2021, 10:01
Ýazgyňy haladym...