Söýüp Git

Eje nämedir ýönekeý aýal
Asman perişdesimi ýa ýetilmez hyýal
Ölýänçäm haýyşt etýän ýanymda gal
Ýa gitjek wagtyn ýanyň bilen alyp git.

Durmuşyn manysymy sen ýa gül ysy
Aýy gawandyrýamyş ejeleň ýüzi
Jennet sende däl sen Jennediň özi
Jennede gidäýseň meni oda salyp git.

Öwretdiň garany, öwretdiň agy
Köpeldi saçyň agy gözüňde agy
Şahyr diýdi besdir dahlaň garrany
Sen garrama ýaş wagtyn tapyp git.

Ýürgňi gysganmarsyň eger islesem
Ýüregiň okaýa gaýgymy gizlesem
Armanym ýok owazyň diňlesem
Mähirden doly ol sazyňy çalyp git.

Dünýä ýatyr küýsäp ertirki güni
Menem ukladym dileg edip gowlugy
Ýüzüňde gijäň ukysyzygy
Birazajyk ýataý aýy güne öwrüp git.

Seň içki dünýäňe düşinmek mumkin däl
Dünýä garşy sende öýke kin kän
Sen uçmaly ýöne seň ýüküň kän
Eje gaýgylarňy ogluňa goýup git.

Alla seni ýaratdy päk ýürek bilen
Kömek ednokdy,ne giden, ne gelen
Ýadyňdamy doýýadyk gury çörek bilen
Diýdiň ogum bary bilen oňup git.

Oraz diýer men bir ene aşygy
Ýöne gaharlanýan käte çytyp gaşymy
Diňe gülende görkezsin ýaşyny
Ejeňi soňky demiňe çenli söýüp git.

awtor_Däli
1 лайков 114 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.