Eger ýalan bolsady...

Ýalan bolsa hiç diýmezdim, seniň ýaly uýam bar,
Görüp seni çyndan söýdüm gelejege güwäm bar,
Ýalan däldi tutuş gije saňa diýen sözlerim,
Aldamana ýürek etmez gaty gorkýan Allam bar.

Kemlerim bar, belki oňa ýaýdanýaň,
Gorkup belki iç pikriňe aldanýaň,
Men bolsa bu ýerden uzak bakyşyma,
Saňa bakan her gözlerden gabanýan.

Her güni, her hili bahana bilen,
Seň bilen söhbete çäre gözleýän,
Gözümden, sözümden bellä söýenim,
Diýsene, näm üçin söýgim görmeýäň?!

Wagtymam az, ýaşam ýetdi, saç biliňi dolap dur,
Deň duşumuň eneleri habar idäp sorap dur,
Duş eýleme Kadyr Allam ony menden del ýara,
Ýüregimde yşk ataşy alow alow lowlap dur.

Maşgala düşünýän hemme ýar bolmaz,
Her söýýän diýýäniň wepadar bolmaz,
Birleşse wagtynda çyndan söýenler,
O dünýä, bu dünýä söýgä zar bolmaz.
6 лайков 102 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.