Ýaly....

Ynanjymyñ päli aýdyñ,
Beren sözüñ wada saýdym,
Bu gün bolsa syrly aýdym,
Çelgi boldy söner ýaly.

Señ niýetiñ bilmän eken,
Günäm sada ýörmäm eken,
Wah gözlerim görmän eken,
Señ ýalanyñ biler ýaly.

Üzülipdir, düwün ýok,
Arzym-a kän, sözüm ýok,
Saña dözüp bilemok,
,,Sen ýalançy" diýer ýaly.

Indi haýp günä geçiñ,
Uzaklardy galdy göçüñ,
Meñ ýüregim seniñ üçin,
Duralga däl geler ýaly.

,,Ynan" diýse diñlemesem,
Çözüp ykbal deñlemesin,
Duşjak saña meñzemesin,
Pursat bersin güler ýaly.

Bagtym diýip begenemde,
Özge bolar deregiñde,
Dogulmandym geleniñde,
Gideniñde öler ýaly.

Awtory: Näbelli
6 лайков 110 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.