Söhbet Döwletow ,,Allam geçirsin''


Ine bugün geldi bagyşla diýip,
Indi men däl seni Allam geçirsin.
Ýörgün o dünýede ot köýnek geýip,
Eden günälerňi Allam geçirsin.

Indi gelme, seni hiç kabul etmen,
Seniň bar ýeriňe bir ädim gitmen,
Ýadymdadyr, meni aldaýan gepleň,
Ýalan sözläniňi Allam geçirsin.

Belki bir gün senem bolarsyň eje,
Meni gören günüň aglarsyň gije,
Saňa bolan söýgim çykardyň puja,
Maňa edenlerňi Allam geçirsi.

Bugün hemme diňe baýramçylykda,
A men bolsa ýene hasratçylykda,
Diýýän özüme men, garypçylykdaa,
Söýen ýarym seni Allam geçirsin.

Awtory: Söhbet Döwletow
14 лайков 112 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.