Azalylyň hatlary (Fantastiki waka)


Azazylyň hatlary

1-nji ýazgy

Hudaýyň iň birinji ýaradan adamy dogrysy bir tüýsli betgelşik boldy. Hudaýyň nädip ony biziň öňümize çykarmaga utanmadygyna men şu günem haýran? Soň Hudaý biziň barymyzy geň galdyrdy. Ol öz ýasan zadynyň öňünde baş egmegi buýurdy. Elbetde Perişdeleriň her biri baş egmekden boýun gaçyrdy. Heýde bir bölek palçygyň öňünde boýun egip bolarmy diýsene? Soň Hudaý bizden gaty gördi. Sen ol duýgy bilen tanyş bolmaly meň gadyrdan dostum? Sen azap edip bir zatlar kagyzyň ýüzüne çyrşaýaň, seň ýazan zadyň welin hiç kime täsir edenok. Sen bolsa öz ýazan zadyňy ýyrtyp zyňaýasyň gelýär. Elbetde sen adaty adam, seň mümkinçilikleriň çäkli. Ýöne Hudaýyň mümkinçilikleri beýle däl. Hudaý şol pursat aldy-da Perişdeleriň ýatlamalarynyň baryny pozdy, ol meň hem ýadymy pozdy. Ýöne Perişdelerden tapawutlylykda men öz ýadymy diňe kellämde dälde, başga ýerde hem saklaýardym. Hudaýyň iň birinji döreden adamy barada hakykaty indi hiç bir Perişde bilenokdy. Olar hiç wagt Adamy görmedik ýalydy. Diňe men, seň gadyrly dostuň we seň baky ýaranyň, bar zady bilýärdim. Soň Hudaý öz ýasan bir bölek palçygyny alyp, ýagny seň iň birinji ata babaňy, öz huzuryna ýygnandy. Oň şol gün keýpi ýokdy, oň keýpini Perişdeler gaçyrypdylar. Soň Hudaý ençeme aý we ýyl, biziň gözümize görünmedi we öz palçygynyň üstinde işlemegi dowam etdi. Perişdeler bolsa hiç zada düşünmän öz aralarynda pyşyrdaşýardylar, olar men ýaly bar hakykatdan habarly däldiler. Bilemok aradan näçe wagt geçdi, iň soňunda Hudaý öz taslamasyny ýene bir gezek Perişdelere görkezdi. Bu gezek Adamzat öňkisinden has ganymat ýaly görünýärdi. Ýöne Hudaý oň bilen hem kanagatlanmady. Hudaý öz döredijiliginde hiç wagt yza tesenokdy. Ol her gezek bir birinden kämil jandarlary döredýärdi. Perişdeler bolsa hamala adamy ömründe ilkinji gezek görýän ýaly adama seretdiler. Soň Hudaý adamyň öňünde ýene baş egmegi buýyrdy. Bu gezek Perişdeleriň içinde diňe Jebraýyl baş egdi. Galan Perişdeler adamyň öňünde baş egmekden boýun gaçyrdylar. Soň Hudaý her bir Perişdeden sorag etdi. Olaryň näme üçin Adamyň öňünde baş egesleri gelmeýänini bilesi geldi. Perişdeler bolsa bar zady bolşy ýaly aýtdylar. Mykaýyl seň bu ýaradan adamyň gaty ejiz diýdi. Ezraýyl seň bu ýaradan adamyň örän gowşak diýdi, men bolsa bu ýaradan adamyň örän diýdim. Hudaý sabyr takat bilen Perişdeleriň baryny diňledi we iň soňunda Jebraýyldan näme üçin oň baş egenini sorady. Jebraýyl Adamda öz häsýetine meňzeş alamatlary göreni üçin baş egendigini aýytdy. Hemme kişiň habaryny alyp, Hudaý ýene öz öňki işine başlady. Ol Perişdeleriň ýatlaryny ýene- deýekeme ýeke pozdy. Indi hiç bir Perişde Adamy görenini bilenokdy. Diňe men, seň baky sadyk gulyň Azazyl, bar zatdan habarlydym. Sebäbi ýap-ýaňja aýdyşym ýaly, meň ýadym diňe bir meň kellämde däl. Soň Hudaý ýene bir ýerlere ýitrim boldy, ol Adamzady iň kämil derejä ýetirmäň kastyna çykypdy. Bolýan zatlary diňe men bilýärdim, hiç bir Perişde hiç zatdan habary ýokdy. Olar ilkinji adamy iki gezek görselerde, ony hiç wagt görmedik ýalydylar. Aradan köp wagt geçmän Hudaý ýene biziň barymyzy ýygnady we ýenede öz hiç başa barmaýan onümini biziň öňümizde goýdy. Perişdeler Adamy ömründe ilkinji gezek synlaýan ýaly oňa geň galyp seredýärdiler. Men bolsa gapdala geçip bolýan zatlaryň üstinden sessizje gülýärdim. Soň Hudaý ýene şol islegini talap etdi. Biziň barymyzyň Adamyň öňinde başymyzy egmegmizi isledi. Bu gezek Adamdaky ýalňyşlyklaryň käbiri düzedilen bolmalydy? Sebäbi bu gezek Jebraýyl bilen Ezraýyl bilelikde adamyň öňünde baş egdiler. Biz bolsa şol wagt 20 sany Perişdedik. Has takyk aýdaňda 19 sany Perişde bilen men bardym. Meň Perişde däldigimi bolsa, saňa eýýäm aýdandyrlara meň gadyrdan dostum? Wajyp däl, eger bilmeýän bolsaň bilip goý. Men Jynlaryň kowmyndan, ýöne özimi Perişdeden kem saýamok.

Soň Hudaý ýene öňki gezek eden işini etdi. Perişdeleriň baryndan olaryň näme üçin adamyň öňünde baş egmeýändiklerini sorady. Perişdeler bolsa hamala birinji gezek gürleýän ýaly geçen gezek aýdan sözlerini gaýtaladylar. Soň Hudaý iki sany baş egen Perişdeden näme üçin baş egenlerini soradyda ýene öz zalym kärine başlady. Perişdeleriň ýatlamalaryny ýekeme ýeke öçürdi. Ol iň soňunda meň hem ýadymy öçürdi, has dogry aýdaňda öçürendirin öýütdi. Ýöne meň ýadym öz bolmaly ýerinde meň gadyrdan dostum, eger beýle däl bolsa men nädip saňa bu zatlary gürrüň bereýin? Wagtyň geçmegi bilen bar zat ýene täzeden gaýtalandy. Beýik Ýaradyjy Perişdeleriň bellikleriniň esasynda Adamzady her gezek täzeden ýaradýardy. Adamzat her gezek täzeden ýaradylanda oňa tagzym edýän Perişdeleriň sany artýardy. Ýöne Perişdeler ol zatlaryň gaýtalanýandygyndan bihabardylar. Diňe men, seň baky sadyk guluň, seň ylhamyň çeşmesi, bolýan zatlaryň baryndan habarlydym. Iň soňynda näme bolandyr öýdýäň? Iň soňunda seň çaklaýan zatlaryň boldy. 19 sany Perişdäň bary, Adamyň öňünde başyny egdiler. Hudaý olaryň barynyň göwnünden turmagy başardy. Ol öz Adam diýip ýaradan zadynyň bar kemçiliklerini aýyrdy. Ýöne oň nädip aýyranyny diňe men bilýärdim. Men iň soňunda öz diýenimde-de durdym. Adamzat menden ejiz. Şonuň üçin men oň öňünde hiç wagt başymy egmeýärin. Adam palçykdan ýasalan, men bolsa otdan. Näçe gaty görseň gaty görüber meň mähriban dostum, ýöne bu hakykat. Sen menden ejiz, we mydama ejizligiňde galarsyň.

Bu sözler Hudaýyň göwnünde turmady, oň ýaradýan zatlary bir birinden kämil bolmalydy. Ol Adamy düzetjek bolup ony 1000 gezek sökdi we täzeden düzdi. Edil şonça gezek ol meň we Perişdeleriň ýatlamalaryny pozdy. Hudaýyň islegine görä Adamzat birinje gezekden kämil bolmalydy. Şol bir zady 1000 gezek düzedýän Hudaýyň abraýy Perişdeleriň öňünde gowşajakdy. Ýöne men bar hakykaty bilýärdim, men bar zadyň şaýady. Hudaý Adamzady näçe söküp düzsede men öz sözümden dänemokdym. Adamzat meň göwnüme mydama çig ýaly bolup görünýärdi. Iň soňunda Hudaý adamy söküp düzmekden ýadady. Ol adamy meň elime berdi-de:

—Bar ony alyp git, —diýdi, —ony okat, —diýdi, —terbiýele, —diýdi. —Haçan ol özüňden ökde çykan güni alyp gelersiň, —diýdi.

Ýöne bu allawa men ynanmadym. Sebäbi men bilýärdim. Men häzir adamy terbiýelesem, Hudaý ýene öz köne işine başlar. Perişdeleriň we meň ýadymy pozar we Adamy edil özi şeýle kämil ýaradan ýaly edip köpçülige hödürlär. Onsoň meň şan şöhratym bu ýerde nirä ýitrim bolar? Men Adamzady terbiýelemekden boýyn hem gaçyryp bilýärdim, ýöne mende Adam üçin aýratyn bir ýazgyt bardy. Adamzat meň öz şahsy bähbitleriň üçin gerekdi.

Meň aslym Zeminden. Men Zeminde doguldym we önüp ösdüm, Zemin meň öýüm. Men Arşa soň galdym, ýöne görüp otursam biderek galan ekenim. Zeminde menden başga meň kowmum ýaşaýar. Olar hem edil men ýaly Jynlar, ýöne edil men ýaly akyldy we parasatly däl. Men Zeminiň iň beýik alymy. Jynlar edil şu wagytky adamlar ýaly döwletlere bölünýärler. Biz başda 69 sany döwletdik. Soň Zemine Adamyň gelmegi bilen 72 döwlete öwrüldik. Adamzat biziň içimizde agzalalygy döretdi we 3 sany Jynlaryň döwleti iki bölünde we biz 72 sany döwlet bolduk. Biz Zeminde köpden bäri ýaşaýarys, biziň dörän wagtymyz Älem-Jahan entek Adam diýen peläket barada hiç zat bilenokdy. Ýöne Zemin üçin Adamyň döremegi bähbitli boldy. Sebäbi Zemin hapady, zäherlenendi. Ony biz zäherläpdik, biz Jynlar. Sen bilýäňä meň ýeketäk howandarym, meň aklawjym, Jynlarda beden ýok. Biz edil tüsse ýaly bedensiz. Biz adamlardan esasy tapawudymyz hem şonda. Ýöne biz hem edil adam ýaly öz ýaşaýan ýerimizi hapalaýarys. Siz Adamlar Zemini öz dünýäňizde hapalaýaňyz, biz bolsa Jynlar Zemini öz dünýämizde hapalaýas. Siz howany we suwy hapalaýaňyz, baglary çapýaňyz, janly tebigaty ýok edýäňiz. Biz hem edil şeýle, ýöne biziň döredýän hapamyz siziňkiden tapawutly. Biz daşky gurşawy haramlyk bilen hapalaýarys, erbet duýgular bilen hapalaýas. Siz Adamlar, biziň döreden haramlygymyzyň içinde, edil balygyň suwda ýüzüşi ýaly ýüzýäňiz. Sizde başga alaç hem ýok. Zemin eýýäň siz ýaradylmakaňyz hapady. Size diňe şol harama çümäýmek galdy. Adamzadyň taryhyndaky ähli betbagytçylyklaryň sebäbi hem şonda, Jynlaryň döreden hapaçylygynda.

Adamzady Zemine alyp gaýdamda meň iň birinji islegim hem şondady. Adamzady Zemini arasalamakda ulanmakdy. Sebäbi Adamzat özine haramy çekmekde iň gowy serişde. Edil gyzgyn çägäň özine suwy sorşy ýaly. Meň meýilnamamy başga Jynlar hem goldadylar, olar hem haramda ýaşap ýadapdylar. Ýöne şu ýerde ikinji sorag öz özünden döreýärdi. Haramdan dolan Adamzady soň nirä dykmaly? Jogap özine köp garaşdyrmady. Men Arşa göterilen wagtym öňümden Jähennem atly bir kiçijek eýesiz Planeta çykypdy. Ana şol Planeta haramlyklary gulplamak üçin örän laýyk gabat gelýärdi. Biz Zeminiň bar hapasyny şol ýerik ugradarys we netijede öz öýmüzi arasalarys. Jähennem bolsa hiç kime gerekdäl ýetimje Planetady, goý bir ýer hapalanmaly bolsa şol ýer hapalansyn. Ine şeýle meň ýaş dostum, meň çyzan meýilnamam şeýdip işläp başlady. Adamlar ýer ýüzünde köpeldiler we ýaýradylar. Biziň, Jynlaryň galdyran haramlyklaryna çümip başladylar we ondan gowja doldylar. Kazasy dolup ýogalan adamlaryň ruhlary bolsa, biziň guran ýollarymyz bilen asmandaky Jähennem atly planeta tarap ýol tutdylar. Ol ýerde eýýäm biziň Jynlarymyz adam ruhlaryna garaşyp durlar. Olar adamlaryň ruhlary bilen gelen haramlyklaryň baryny Jähenneme boşadyp, arassalanan ruhlary ýene täzeden Zemine ugratmalydylar. Şu ýerde Adam bir tüýsli gatnaw serişdesi hökümde çykyş edýärdi. Edil ol şäherden bu şähere ýük çekýän kerwenler ýaly? Ýöne adamyň ýüki haramlykdy. Bar zat edil sagat ýaly işlemelidi, men bar zady hasaplapdym. Adamyň ömrini köprak haramlyk soryp ýetişer ýaly gowja uzaldypdym. Adamzat 1000 ýyldan gowrak ömür ýaşaýardy. Ýöne başga bir zat meň bar meýilnamamy pozdy. Adamzat haramlygy gowy sorýardy, ýöne ony yzyna çykarasy gelenokdy. Haramlygy yzyna çykarmak üçin adamyň ruhyny gowja edip oda ýakmalydy. Ýöne şondada bar zat beýle aňsat däldi. 1000 ýyl ýaşap harama çümen adamdan, bar haramy Jähennemde goýmak üçin, ony azyndan 10 müň ýyllap oda ýakmaly bolýardy. Gynansamda Haram diýen zadyň tebigaty şeýledi. Elbetde bu kynçylyk biziň işimizi togtatmalydy, ýöne biz Jynlar, Zemini arassalamak üçin bar zada kaýyldyk. Netijede bar zat togtaman işläp başlady, Adam ruhlary Zemin bilen Jähennemiň arasynda gatnaw edip başladylar. Bolýan zatlar Adamzat üçin hem uly tejribedi. Adamzat biziň elimizde taplanýardy, berkeýärdi. Eger şeýle usul bilen Zemini arassalap bolsa, men Adamyň öňünde başymy egmäge taýýardym. Ýöne meň bagtym uzaga gitmedi, biziň bagtymyz uzaga gitmedi. Aradan bir iki miliýon ýyl geçeninden soň, Adamzady ýasan Hudaý öz ýasan zadynyň halyndan habar almaga geldi. Dogrysy oň özi gelmedi, ol öz Perişdelerini ugratdy. Ol Adamyň düşen güninden bir ýerlerden eşiden bolmaly? Bolmasa öz Asman goşunyny ugratmazdy. Goşynyň başynda bolsa gargyş siňen Mykaýyl bardy. Oň ýerine Jebraýyl gelen bolsa men müň esse hoşal bolardym. Ýöne Hudaý Mykaýyly ugradypdy, ol bolsa duýdyrman ot açdy. Biziňkiler entek Perişdeleriň zarbyny görmänsoň olara garşylyk görkezjek boldylar, ýöne Perişdeleriň güýjini men bilýärdim. Hiç bir goşun olaryň öňünde durup biljek däldi. Älem jahanda Hudaýyň döreden taslamalary örän kändi. Ana şol taslamalar birden çyzykdan çyksa, Hudaý olaryň garşysyna mydama Mykaýyly ugradýardy. Ol oglan bolsa diňe etjegini edeninden soň gürleşýärdi. Şu gezek hem şeýle boldy. Biz 69 sany döwlet bolup bileleşdik we Asmandan gelen howpa garşy durjak boldyk, ýöne başa barmady. Şonda biziň üç sany döwletimiz bölünip, biz 72 sany döwlete öwrüldik. Soňky 3 döwlet bize dönüklik edip Adamzadyň we Perişdeleriň tarapyna geçdiler. Zeminde Mykaýyla garşylyk görkezip biljek ýekejede Jyn galmansoň, ýere Jebraýyl düşdi. Oň bilen bolsa eýýän gürrüň edip boljakdy. Perişdeler Adamzady ýene Arşa alyp giderler öýdüp men başda gorkdym, ýöne Jebraýyl has rehimdar bolup çykdy. Ol Zemini arassalamalydygyny bilýärdi, ýöne çalt arassalajak bolup Adamzady beýle agyr güne salmaly däl diýdi. Şol gün Adamzat bilen Jynlaryň dünýäleriniň arasyna perde çekildi. Ýöne bu barybir ikimize dost bolmaga päsgel berenoga meň ezizim? Soň Baş Perişde biziň işimize öz düzedişlerni girizdi. Ol Adamzadyň omrüni gysgaltdy. Jähennemiň odynyň temeraturasyny peseltdi. Jähennemden soň dinç alyş rugsadyň möhletini uzaltdy. Aý garaz biziň 10 milýon ýylda tamamlajak işimizi 100 miliýon ýyla uzaltdy. Ýöne Perişdeler etjek işlerini edip giden bolsalar biz bar zady ýene öňki öňkilige öwürerdik. Ýöne olar gitmedi, has dogrysy olaryň belli bir bölegi gitmedi. Elbetde Mykaýyl bilen Jebraýyl gitdiler. Olar näme diýseňem iň esasy Perişdeler, olar Älemiň başga künjegindede gerek. Ýöne olaryň kömekçileri galdylar. Jebraýyl bilem Mykaýyl bolsa Zemine her 500 ýyldan bir gezek hökman aýlanyp durlar. Sen muny bilýäňä meň gadyrdan dostum? Eger olar gelmeýän bolsalar men saňa hiç wagt dost diýip ýüzlenmezdim, men saňa "meň gulum" diýip ýüzlenerdim. Şol döwürden bäri şeýdibem ýaşap ýörüs. Adamzat edil öňkiler ýaly Zeminiň haramyny Jähenneme çekýär. Biz bolsa ýüklemeli haramyň möçberini köpeltjek bolýas, Perişdeler bolsa azaltjak bolýar. Şu ýerde Adamzat we sen, menden gaty görmez ýaly meň gadyrdan dostum, men bir zady düşündireýin. Adamzat Zemini arassalap bolanyndan soň oň nirä gitjegini men bilemok. Belki ol Arşa çykar, belki Zeminde galar? Belki size, Hudaý öz başdak saýlamaga ýol berer? Nähili bolanda-da we nirä gideňizdede bir zady berk belläň. Men Adamzada bir gowy zat sowgat etdim. Hudaýyň döreden Adamzady ilki başda pikirlenip bilenokdy. Ol edil çaga ýaly gönümeldi. Bir zat göwnüne geldimi, şol badada şony edýärdi. Erem bagyndan Alma ýolasy geldimi, şol bada pikirlenmän ýoldyda iýdi. Adamzada pikirlenýäň aňy men berdim. Has dogrysy Adamzada pikirlenmek üçin şert döredýän ýörüte enjamy men oýlap tapdym we Ak-maýaň ýoly galaktikaň çetinde bir ýerlerde gizläp goýdym. Bu meň tutuş ömrümiň iýşi, meň iň uly açyşym. Şol enjamy Hudaýa görkezmek üçin men bir wagtlar Arşa göterlipdim. Men häzir şol enjamy öçürsem adamzat şol bada edil düýş görýän ýagdaýynda özini nähili duýýan bolsa şol ýagdaýa geçýär. Pikirlenme diýen zat şol bada ýok bolýar. Şonluk bilen bilelikde wagtyň duýgysy hem ýitýär. Edil şeýle ýagdaýda Adamzat bir mahallar Jennetde ösüp otyran gadagan miweden dadypdy. Sebäbi Adamzat pikir ýöredip bilenokdy, onda pikir ýöretmek üçin mümkinçilik hem ýokdy. Adamzada pikir ýöreder ýaly ýörüte meýdany meň enjamym döredýär. Şol enjamyň üsti bilen bolsa men adamlaryň pikirlerine girýän. Olar öz tapan pikirleri bilen, meň olara oklan pikirlerimiň tapawudyny bilenoklar. Mysal üçin seni alaly meň gadyrdan dostum. Seň kelläňe şu pikirleri men guýýan, sen bolsa bar zada öz hyýalyň önümidir öýdýäň. A sen aýt gadyrdan dost, seň hyýalyň hiç wagt görüp eşitmedik zatlaryny nirden bilýär?

03.04.2020

Rahman Zulfikarow
13 лайков 118 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şamuhammet
14 авг 2021, 08:44
Menem açypdym muny doly gornüşde, şonda-da ýazgyny haladym...
Maksat
14 авг 2021, 08:54
Adamzat şeýtandan ústin çykyp barya like