Bilbilim/Çary Ýegenmyradow


Bilbilim

Aýdymyňdan derde derman gözleseň,
Ýüzüň düşmez,
mylakata, iýme kän,
Gaty beletdirin bu zatlara men,
Çünki menem özüň ýaly bimekan.

Bimekanym,
saňa göwnüm açaýyn,
Tagapyl et, daňa çenli saýrama.
Aýtdym-a häli men,
ykbaldaşlar biz,
Men öwgä mätäç däl, senem baýraga.

Birmahallar kändi meniň syrdaşym,
Ýeke gezip ýörün, bilbilim, indem.
Başym çaşdy,
okuwdanam kowuldym,
«Ikilik» aldym-da dil biliminden.

(Dil nämedir ýürekde söz bolmasa)
Garaşýarkaň hyrydara ýeterne.
Kalby sazly şehit bolsa kaýyldyr,
Duş bolsa-da belalaryň beterne).

Şondan soň mugtuna saýrap başladym,
Şoldur biziň ömrümiziň ýalňyşy.
Göwün diýenimem tersine boldy,
Bar ýaly ykbalyň mende algysy.

Men, barybir, henek etdim ykbala,
A, ol welin, düşünmedi, eýesiz!
Nätjek-dä, bilbilim, ýazgytda bolsa,
Doganyň neýlesin, dost-ýar neýlesin?!

Meni aý-ýyllar däl, günüm garratdy,
Indi zeýrenmegem görünýär çemsiz.
Ynansaň, gözlerim ýumdurjak ýokdur,
Bir gün iýnim sowap, ýykylsam demsiz.

Ýeri bolýar, mähribanym, gynanma,
Janymyz sag,
düzüw niýet-pälimiz.
Bolmajak zat barmy ýagty jahanda,
Şatlyga-da sataşarys häli biz!
0 лайков 131 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.