gysganç baýyň puşmany

köp wagtlap näsag ýatan adam ahyry bu dünýä bilen hoşlaşypdy. onuň yzynda iki çagasy bilen aýaly galypdy. olar hem bir öýde kireýine ýaşamaly bolupdylar. indi hemme zat onuň gerdenine düşýärdi. öý kireýiniň tölenmänine-de esli wagt bolupdy. öý öýesiniň olary öýden çykarjak bolmagy bolsa, ony has-da ünjä batyrýardy. öý öýesiniň üstüne gelip igenmegine çydam edip bilmedik görgüli, ahyry iki balasyny hem alyp, mesjidiň howlusyndaky harabalyga ýerleşipdi. soň, obada baýlygy bilen tanalýan bir adamyň gapysyny kakdy. oňa özüniň agyr günde galandygyny aýdyp, ondan delalat isledi. baý hasaplanýan adam dodaklaryny çömmeldip, göwünli-göwünsiz: - seniň ýaly dilegçilik edip ýören köp. men hemme kişiň derdine derman bolup bilmerin ahyryn. bar, başga bir gapyny kak! - diýip, gapyny bat bilen ýapdy. iki çagasy bilen galan görgülijik, bu gezek howludaky jemagata elini sermäge mejbur boldy. halkyň berýän pullary bilen mydar etjek bolýardy. bir günem ol ýoldan geçip barýan bir nätanşyň öňünden çykdy. umydyny ýitirmän, ýagdaýyny oňa-da düşündirdi. ol adam aýdylanlary üns bilen diňländen soň, şeýle diýdi: - wah, wah-eý. munuň ýaly kynçylyga-da bir çydap bolarmy? gel meniň ýanyma, çagalaryňam alyp gel. ol adam sözlerini şeýle dowam etdirdi: - hiç kimiň ýanynda kiçelme. bir çäresini tapýançaň bu ýerde biziň myhmanymyz boluber. saňa-da, çagalaryňa-da seretmäge güýjümiz ýeter, gynanma! sen ýetimlere sereden gahryman enesiň. saňa eýe çykmak biziň borjumuz. iki çagasy bilen bu ojakda rahat dem alan ene, allaha doga-dileg edýärdi. gije-gündiz okan namazlarynda, ol allahdan, özüne beýle ýagşylyk eden nätanşa jennetden köşk nesip etmegini dileýärdi. esli wagt geçeninden soň, öý eýesi bilen aýaly onuň ýanyna gelip şeýle diýdiler: - uýam, näçe günläp seni synlaýarys. sen päk ýürekli bir musulman adam. seniň çagalaryň üçin şeýle hupbatlara sabyr etmegiň bizi diýseň haýran galdyrdy. aslynda, biz otparaz maşgala. emma seniň bu päk ahlagyňy görüp, musulman bolmagy ýüregimize düwdük. bize yslam dinini öwret. şeýlelikde, otparaz maşgala şol enäniň edep-ekramyny görüp, musulman boldy. bu aýal maşgala kömek etmedik hälki musulman baý adam bolsa bir gün gije düýşünde özüni magşarda görýär. magşar meýdanynda gün beýnisini çogduryp barýan wagty, saýa gözläp ýörkä, garşysyndaky ak köşge gözi ilýär. - bu köşk kimiňki? - jomart musulmanlaryňky- diýip jogap berýärler. - beýle bolsa menem musulman, goýberiň içeri gireýin. beýnimi çogduryp barýan yssydan bir gutulaýyn- diýeninde, onuň elinden tutup: - dur entek. seniň şol ýere mynasypdygyňy görkez. bir pukara bende gapyňa ýetimleri bilen geldi, boýnuny burup ýagdaýynyň kyndygyny aýtdy, senden delalat isledi. sen bolsa olary boş goýberdiň. ana şol gün bu köşgüň gapysy seniň üçin ýapyldy. ýetimlere öýüniň törüni açan otparaz goňşyň üçin bolsa, bu ýerde jennet köşkleriniň töri açyldy- diýýärler. ol ertire çykan badyna derrew otparaz goňşusyny tapmak bilen bolýar. ol goňşusyna: - ýardam edeýin, görgüli açdyr - diýdi. otparaz goňşy şeýle jogap berdi: - men seniň gören köşgüňi görmän, bu görgülä eýe çykdym. allah hem maňa bu pukaranyň doga-dilegleriniň hormatyna iman nesip etdi. hudaýa şükür, musulman boldum. bar, seniň kömegiňi islese, kömek edäý. pukara aýal bolsa oňa: - sen maňa gapyňy ýapdyň. allah hem saňa jennet köşgüniň gapysyny ýapdy. pukara gapysyny açan jomart otparaz maşgalasyna bolsa ilki bilen iman, soňra-da jomartlaryň köşgüni nesip etdi. men gysgançlaryň kömegine mätäç däl. sen özüňe başga bir pukara tap-da, gysganç baýlaryň hataryna girmekden gutul!- diýip maslahat berdi. — zaman
1 лайков 129 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Men sho
21 сен 2021, 21:08
Like