Unudylmadyk soygi...
Adaty aladaly säheriñ bir güni. Sagat 8-de, 80 ýaş töweregi garry goja uly barmagyndaky tikilen tikini sökdürmäge lukmanyñ ýanyna gelipdir. Onuñ gaty gyssanýandygy görünip duranmyş. Ol sagat 9-da örän bir möhüm işiniñ bardygyny sandyraýan sesi bilen düşündiripdir.
Lukmanyñ ýanyndaky şepagat uýasy ähli lukmanlaryñ ertirki barlag bilen meşgullanýandygyny, olaryñ ýene-de bir sagatdan öñ boşamajakdygyny aýdypdyr. Gojanyñ bir gapa, bir-de sagadyna seredip oturanyna dözmedik şepagat uýasy gerekli enjamlaryny, ýarany arassalamak üçin zerur dermanlaryny alyp, onuñ tikinini özi söküp başlapdyr.
Şepagat uýasy iş başynda gojadan: "Siz beýle gyssanýan bolsañyz, siziñ sagat 9-da bir möhüm işiñiz bar bolmaga çemeli?" diýip sorapdyr.
- Men hassahana, hassa aýalymy naharlamaga ýetişmelidim - diýip, goja jogap beripdir.
- Eger-de, birazyrak gijä galsañyz, ol gynanarmy? diýip, şepagat uýasy sorapdyr.
- Ýok, ol indi bäş ýyl bäri huşsuzlykdan kösenýär. Ol indi bäş ýylyñ içindedir meniñ kimligimi hem bilenok.
- Siz şonda-da, her gün baryp, ol sizi tanamasa-da, ony naharlaýañyzmy? - diýip, şepagat uýasy geñirgenipdir.
- Hawa, ol meni tananok, ýöne men ony has gowy tanaýaryn - diýip, goja ýylgyrypdyr.
Şepagat uýasynyñ gözlerine ýaş aýlanypdyr. Ol ynha, meniñ bütin ömrümde gözläp ýören söýgim. Ol zenanyñ huşy ýok hem bolsa, şeýle söýýän, aladaçyl adamsy bolanlygy üçin, ol iñ bagtly zenanlaryñ biri bolup göründi. Hakyky söýgi, bu diñe owadan, ganatly sözler, möwçli duýgular däl. Hakyky söýgi, bolan hem boljak zatlary, bolşy ýaly kabul edip bilmekdir...
5 нед.

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.