5 milýona düşen bäbek ( bolan waka)

Men ýoldaşym bilen iki ýyla golaý bir birimizi görmän diňe hat üsti bilen halaşdym .
Ol mamamlar bilen goňshy ýashaýardy.
Birniň hem uly oglydy
Ol juma güni doglandanmy nämemi adyna Jumageldi goýypdyrlar
Juma okuwyn gutaran badyna garaşyly duran ýaly Miwe gelnejem derrew gudaçylyga geldi we bir aýa galman hem toý sähedim belledi otyryberdi
Toýdan soň öýiň uly gelni bolanymdanmy nämemi gaynym Miwe gelnejem meni gaty gowy görýardi gyzym ,guzym jan gelinjan diýip süýji dilli öz gyzyndan kem görmeýard
Günler şatlyga söýga garylyp geçip durdy
Şeýlelikde men bir gün özümi şeýlebir oňaýsyz duýdym .Turanymdan ýüregim bulanyp gaýtarasym gelip turdym .Jumany tuzurdym
-juma maňa bir zada bolýa ýüregim bulanýar
-gowyda bulansa
-birhili boldy
-ýüregiň bulananyny ejeme bir aýdaýma ,ilki erte lukmana görneli we belli bolansoň aýdarsyň
-näme belli bolmaly
-waý gülümi gelin bolanyňa iki aý bolyp barýar ,bizede Allajan bäbäjik berendir diýi pikir edenokmy,göwreli bolaýmaýyn diýip pikir edeňokmy?
-nämeeee----ýok ,göwreli
-howwa göwreli
-bilemok
Ertesi turanymdan ýakyn saglyk öýine gitdik
Olar shakur shukur telofizora duşürdiler,elime el ýaly kagyza Kesel kesgidi:Sagat ,göwrellik 4-5hepde diýip ýazylan kagyzy maşgala lukmanyňyza görkez diýip berdi

Gelenmize görä ony hem dynaly öýden he zol zol çykyp bolýamy,hasaba bir duraýýn diyip Juma bilen oňa gitdik
Hasaba duryp ol hem bir topar geçmeli barlaglary ýazyp berdi ýene barlaglardan zordan geçip mashgala lukmanymyz gaytmaňka netijesin eline berdik
Öýe gelen badyma gaýnym aýtmamkam özi bild
-gelin naçe hepde diýdi
-ýaňy 4-5 hepde
-bolýa oňat diýdilermi
-ganyň az gan ukol ýazdy
-alyşdyr onda balam
-bolýa
Gaýnyma zordan bu günki geçen güni hasabyn berdimde ylgadym aýak uja gaýtarmaga
Gowräme çaga galansoň durkum bilen üýtgedim ,ýarsdym, öňkümden garaldym
Yuzlerime ýakal düşdi
Bokurdagymdan zat geçenokdy,aş saýym agyr geçdi
Ahyr gaýnym gelin gaty horlanýar aş saý agyr iyýan zady ýok, barjasyn hem ysyny alandan aýak uja gaýtaryp gelýar ,5-10 günjik hassahanada ýatyp bejergi alsyn diýip meni hassahana ýerleshdirdiler
Hassahanalaryň bahasy hem hemma belli ,aýak basdygyň 4-5 milýon beraýmeli
Hassahanalaryň bahasy hem hemma belli ,aýak basdygyň 4-5 milýon beraýmeli
Hassahanada ýazlan däri dermanlara milýony gurt ýaljak edip sanap berdik
Oňat bolyp çykdym
Şeýdip çagam aýy güni dolýança 2 gezek hassahana girip çykmaly boldym
Öýe arzymy aýdyp bilmän joram ya ejem gelse ,olara aytýan çaga edinmek kyn eken menä duran bir hassada indi utanýand ,öýdäkiler hem her gezek bellenen dermanlary ýatdan bilýän ,ýaly 5 milyonlyk dermany hökman alaýmalyda
Dogrum bir kadaly geçäyýedida diýip dileýardim
Doly durkym bilen üýtgedi
Çaga bolmaly wagty hem oňat doguldy we öýe hem sagamanja elim doly geldim
Öýe gelemden gaýnym pişme bişirip bäbege azan aýtdyrdyp dogan garyndaşlary çagyryp pişme toý etdik
Indi günler öňkiler ýaly, boş wagtym kän däldi ,çagam bilen başagaýdy
Jumada goterişýardi ,gijede deňne seredişýardi ,ýatyranok diýip o jaýa geçenokdy
Bir gün irden säher bilen çaý çörek iýip otyrkam, çagamy gaýnym güýmäp otyrka gaýnym
-meniň 5 milýona duşen balajygym,meniň baş milýonlyk guzyjygym diýen sözini eştdip ta aglapdym
Juma aňdy we sesini çykarmady.Gaýnymdan öz ýanymdan gaty gördüm ýöne syr bermedim
Bir garaňda gaýnym dogry aýtýardi. Bize bäbek almak 5 milýona düşüpdi,şo mahal özüme seretdirmedik bolsam edil şu wagta 10 milýon berseňde bäbek düşmezdi.......
Her bir gelin gele gelmage göwreli bolýar,öýe doly öwrenişmaňkaň bir bada ýokuş degýar,ýoldaşyň gaýnyň dagy goldap dursana bir topar berga batyp gelin edeninen hojalyga buda agram berýar,utanýaň bir bada,ýöne Jumaň aýlyk günligi gowy bolansoň öýde ilden soramasyz boldyk
Ýöne aýlyk günlikler azrak hojalyk ýada işlemeýän hojalyklar nahilikä...?!
Gyzlar gyz wagtyňyzda öziňize serediň!
Sowuklama ,gan azlyk erteki gün gelin bolaňyzda biriji barlagda çykýar ,soň ýöne ukol derman bilen kowalaşyp bäbek edinmeli,şonyň üçin gyz wagtyňyz suwa duşeňizden soň aýagyňyz joraply ,egniňiz halatly,saçyňyzy hem daşarda selkildedip guratman öýde gowy süpürip,özäm guratman ýatmaň,şu elementarniý edip bolaýjak zatlary hökman ediň ......
~~~soňy~~
Awtory: Nowça
6 лайков 292 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ejekabe
30 сен 2021, 20:17
mmm bah like+++
Ýury
30 сен 2021, 20:19
cilimkesh
Din
Like
Queen oo5
01 окт 2021, 10:15
Like
nurana
01 окт 2021, 19:05
Like manyly esasy mana gerek zatda sul eleMentarny zatlar