SYNAG

Ol çörek kombinatynda işleýärdi. Işine örän jürdi. Alýan hakyny haklamak üçin, wezipesini kemsiz berjaý etmäge çalyşýardy. Bu kombinatda bişirilýän çörekler biraz arzan bolansoň, hyrydary-da köp bolýardy. Kombinatyň demirden ýasalan, äpet peji bardy. Peji köplenç onuň özi arassalaýardy.
Oraza baýramynyň soňky günüdi. Ertir çörek ýapmalydy. Ol demir peji arassalamaga girişdi. Çyralary ýakyşdyrdy. Demir pejiň gapysyny açyp, içine girdi…
Peji arassalap bolansoň, öýüne gaýtmalydy. Daňdana golaý, sagat dörtlerde geljek işgärler bolsa, işe gelen batlaryna tok bilen işleýän peji işledýärdiler. Işgärler hamyry taýyn edýänçe, pejem mazaly gyzýardy.
Ol peji arassalamaga ökdeläpdi. Içini hümledip, peji arassalaýardy. Şol barmana-da işgärleriň biri ýuwmaly geýimlerini almak üçin gelýär. „Görsene muny. Çyrany öçürmegi unudaýypdyrlar öýdýän?“ diýip, içini hümledýär.
Ýaş ýigit pejiň ýanyndan geçende, açyk duran gapysyny eli bilen itip goýberýär. Çykyp barýarka, çyralary öçürişdirmegi-de unutmaýar.
Çyra sönen badyna, içindäki adam ylgap pejiň gapysyna barýar. Ýöne, giç… Gapy daşyndan ýapylypdy. Gapyny kakdy. Näçe urunsa-da, näçe gygyrsa-da peýdasy bolmady. Bu kapasaň içinde ol hiç kime sesini eşitdirip biljek däldi.
Endamy tikenekläp gitdi. Gorkusyndan ýaňa uzak wagtlap özüni dürsäp bilmedi. Rahatlanansoň, sagadyna seretdi. Sagat on ikiden bäş minut işleýärdi. Laýyk bäş sagady galypdy. Birden nädip beýle bolaýdy diýsene? Ajal barha golaýlaýardy. Ilki derläp başlar, soň başy aýlanar. Peç ýuwaş-ýuwaşdan gyzar. Gyzgynlyk ýokarlandygyça, bedenindäki et-ýaglar eräp ugrar. Entäk bu aýylgançlyklar başlamanka, belki, çaşyp özünde gider. Däliremegem ahmal…
Wah, şol iň gowusy-la. Dälirese, ýaramaz oý-pikirleriň birehim holtumyndan halas bolardy. Peçden ýaňy çykan mele-myssyk çörägi eline alanda derrew ýere oklany ýadyna düşdi. Şojagaz gyzgynlyga-da çydam eder ýaly däldi. Indi bolsa özem çörek ýaly, bişmelidi.
Birnäçe gün öň işgärler pejiň üstünde nahar bişiripdiler. Şonda-da onuň barmagy gyzgyn peje degipdi… Barmagy şobada pakgarypdy. Agyryny gowşatjak bolup, barmagyny sowuk sowa batyrypdy. Ýekeje barmagy ýananda şeýle yza çekipdi. Häzir bolsa bütin göwresi ýanmalydy. Birhili pejiň içi gyzýan ýalydy. Ýa gapyny kiltlän bende, pejem ýakyp gidäýdimikä? Eý Hudaý! Beýle bolar öýtmändim? Sagadyna seretdi. Sagat bir bolupdy. Wagt suw ýaly akyp barýardy. Edil ömür ýaly…
Ýaňy gaýtmanka, ýanýoldaşynyň göwnüne degipdi. Güzeran keşigini deň çekişen ýanýoldaşyny hiç haçan ynjytmadyk bolsa gowy bolardy. Ogly näme? Oňa-da el galdyrmaly däldi. Magşarda maşgalasy barada-da hasap sorarlar. Gelniniň aýdanyna gulak asmalydy. Gelni oňa: “ Gel. bile namaz okamagy öwreneli!” diýipdi. Ol bolsa: “Entäk wagt bar. Garramyzda okarys” diýip, sapalak atypdy. Ylla diýersiň, garrylykdan öňki durmuşy barada hasap soralmajak ýaly…
Bu ýere gelmänkä, metjide baryp gaýdan bolsa nähili gowy bolardy. Azançy ýüreginden syzdyryp okaýan azany bilen ony ýassy namazyna çagyrypdy. Ajaly ýetmänkä, bolmanda, iň soňky gezek Beýik Biribaryň huzurynda dyz epdigi bolardy. Belki, Beýik Biribar, şol iň soňky gezejik öz huzurynda dyz epeni üçinem ony bagyşlardy.
“Wah, akmak bolupdyryn” diýip ökündi.
Oglunyň ýaňy ýedi ýaşy dolupdy. Kaka hökmünde oglunyň egin-başyna, iýjek-içjegine göz-gulak bolsa-da, onuň ruhy dünýäsine üns bermändi. Ogly telewizoryň başyndan turanokdy. Eger özünde derek bolsa, ogluna-da terbiýe bererdi.
Çagalyk ýyllary ýadyna düşdi. Ýaşlygyny ýatladygyça ökünýärdi. Eden günälerine utanýardy. Şol pursatda ýaşlykda eden etmişleri hakydasyna geldi. Diýmek, bir gün bar eden etmişleriňden hasap soraljak ekeni-dä. Birdenkä kellesine bir pikir geldi. Beýik Biribaryň huzurynda iň soňkuja gezek dyz epmek. Hemme zadyň gutaran wagty ol başga kime bil baglasyn? Käşgä bu gaflat ukusyndan öňräk oýanan bolsa bolmaýarmy?
Ol ömründe birinji gezek Beýik Biribara içini dökdi. Ol häzir özüni hem-de ähli barlygy ýaradana baş egýärdi. Özüniň ejizdigine, kömege mätäçdigine häzir gaty gowy düşünýärdi. Arman bu zatlara giç göz ýetirdi.
Dyz epip, toba etdi. Darajyk ýerde, demir gutynyň içinde ajal onuň ýakasyndan ýapyşypdy. Özüniň peçdedigini ýatladygyça, endamy ot ýaly gyzýardy.
Hälki geýimlerini almaga gelen ýaş ýigit, öýüne baryp, çuň uka gidipdi. Gijäň bir mahaly düşeginden böküp turdy. Sagadyna seretdi. Sagat dörtden on bäş minut işleýärdi. Düýş görüpdi. Düýşünde kombinatda işleýän dostlarynyň biri pejiň içinde ýanyp durdy. Peçde ýanýan dosty, onuň adyny tutup, gygyrýardy. Ondan kömek soraýardy. Bu nähili düýş boldugy? Birden tamdyryň içine seretmän, gapysyny ýapyp gaýdandygy ýadyna düşdi. Içinde adam galaýdymyka? Bolup bilmez. Geýimini çalşyryp, ylgap köçe çykdy. Ylgamakdan ýaňa demi sogrulara gelipdi. Işgärler heniz gelmändirler. Baryp, binanyň gapysyny açdy-da yşyklary ýakdy. Alasarmyk halda düýşüne giren dostunyň adyny tutup gygyrdy. Içerden ses eşidilmedi. Ýigit ýene-de gygyrdy. Ýöne jogap beren bolmady…
Pejiň içindäki bende gözýaş döküp, dileg edip otyrdy. Beýik Biribardan çyny bilen dileg edýärdi welin, asyl dostunyň sesinem eşitmändi. Ýok, bolup bilmez. Gulagyna eşidilýän bolmaly. Ýöne ýene-de şol sesi eşitdi. Biri onuň adyny tutup gygyrýardy. Daşaryň çyrasam ýanypdy. Pejiň gapysyna bardy. Şol barmana dosty tamdyryň gapysyny açdy.
– Kim sen? – diýip, ýaş ýigit sorady.
Ol bolsa mejalsyz:
– Bu näme diýdigiň boldy? Näme meni tanaňokmy? Jan ýaly dostuň. Düýn agşam arassalaýyn diýip peje giripdim. Kimdir biri bolsa daşymdan gapyny ýapyp gitdi – diýdi.
Ýaş ýigit henizem dostuny tanap bilmän durdy. Sebäbi dostunyň saçy, ýüzi-gözi beýle däldi. Ol ylgap gidip, aýna getirdi. Aýnany dostunyň üýtgän ýüzüne tutdy. Peçde galan dosty bir gijede garrapdy. Ol aýnada özüni görüp, çaga ýaly hamsykdy. Soň aýna seredip bilmedi. Özüni özem tanamady.

Peçde galan dosty bir gijede garrapdy.
2 лайков 133 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
My life
02 окт 2021, 15:50
Gowy eken. Like!
Queen oo5
02 окт 2021, 17:22
like