Karmen niredekä?
Ejem maňa hemişe şeýle diýerdi: “Bilesigelijiligiňe bäs gelip bilmedik wagtyňda, ondan netijeli peýdalan!” Başgaça aýdanyňda, “Ýeri, bakaly!”
Maýkl Tomas.
Bir adam oýunjak aýydan, ýagny içine zat dykylyp doldurylan jansyz aýydan nämeler ögrenip bilerkä? Tomus günleriniň birinde oýunjak aýyjykdanam köp zadyň öwrenip boljakdygyna maşgalamyz bolup göz ýetirdik. Muňa uly gyzym sebäp boldy.
Telewizorda ABŞ-nyň ähli ýerine awtostop usuly bilen syýahat eden bir žurnalistiň alyp barýan telegepleşigine tomaşa edipdik. Žurnalistiň berýän gürrüňleri gyzym Eşleýe ýiti täsir eden bolara çemeli, ol uludan demini alyp: “Wah, şoň edenlerini menem edip bilsedim!” diýdi. Elbetde, on ýaşlyja gyzyň ýoldan geçip barýan maşyna el galdyryp, Amerikany aýlanyp çykmagynyň gürrüňinem edip bolmaz. Emma her näme-de bolsa onuň arzuwçyl ruhuny kanagatlandyrmak üçin bir zatlar etmelidim.
Doktorlar üç ýyl mundan ozal Eşleýde rak keseliniň bardygyny ýüze çykardylar we ony operasiýa etdiler. Şondan bäri Eşleý töweregindäki adamlara, bolup geçýän hadysalara ynamsyzlyk bilen, şübheli garaýardy. Edil häzir ol keselini ýeňen hem bolsa, başyndan geçiren onça barlaglary we alan güýçli dermanlary ony öz çagalyk dünýäsine gabap goýupdy, onda daşky dünýäni tanamak üçin töwekgelçilik etmäge höwes goýmandy. Şol telegepleşikden soňra men Eşleýiň Amerikany syýahat etmegi üçin nähilem bolsa bir alaç tapmaly diýen netijä geldim we munuň ýollaryny gözläp ugradym.
Ine, Karmen şol gözlegiň netijesinde orta çykdy!
Karmen, Eşleý keselhanada ýatyrka, oňa sowgat getirilen oýunjak aýydy. Eşleýiň ýerine Karmeni syýahata ýollamak pikiri kelläme geldi! Karmene bir gündelik bilen syýahat eden mahaly içine salar ýaly bir sumka aldyk. Eşleý Karmeniň gündeliginiň ilkinji sahypasyna şeýle ýazgy ýazdy:
“Meniň adym Eşleý. Men onbir ýaşymda. Bir gezek men telewizorda birtopar çaganyň oýunjak aýylaryny uçar bilen syýahata ýollandyklaryny gördüm. Soň bir gezegem, bir žurnalistiň ýol maşynyna el galdyryp, tutuş Amerikany syýahat edendigi hakyndaky taýýarlanan gepleşige tomaşa etdim. Biz aeroportdan uzakda ýaşaýarys. Enem-atam bolsa meniň ýol maşynyna el galdyryp, Amerikany gezip çykmagyma garşy. A Karmen bolsa ýöräp bilenok. Oňa gezelenç etmäge kömek edäýiňdä!
Bu meniň aýym Karmen. Ol örän üýtgeşik aýy. Ony maňa keselhanada ýatyrkam sowgat berdiler. Karmeniň, mümkin boldugyndan, bütin ştatlara aýlanasy gelýär, ýöne ol munuň üçin siziň kömegiňize mätäç. (Kim bilýär, belki ol Disneýlendi hem görer?!) Haýyş edýän, Karmeni öz ýanyňyz bilen alyp gidäýiň-dä! Oňa oňatja seredersiňiz-dä! Özüni ýalňyz duýmaz ýaly onuň bilen tanyşlyk açsaňyz we bileje gürrüň etseňiz! Meniň Karmeni gaty göresim geler. Bizden uzakda gezip ýören wagty ony gorar ýaly oňa goragçy perişdäniň nyşanyny hem dakýaryn.
Karmeniň gündeligine özüňiz hakynda ýazyň we ony täze dostlar bilen tanyşdyryň! Men onuň dostlarynyň mümkingadar has köp bolmagyny isleýärin. Eger Karmen siziň ýanyňyzda bir günden köp galsa, onuň gündeligine her gün üçin bir zatlar ýazyň! Meselem, şol gün nämeler edeniňizi ýazyň! Karmen bilen nähili tanşanyňyzy, haýsy ýollardan geçeniňizi, nirelerde bolanyňyzy, ýaşyňyzy, eger bar bolsa çagalaryňyzy we maşgalaňyzy jikme-jik gürrüň beriň! Ýogsa-da siziň gyz jigiňiz barmy? Meniňki bar, ýöne käwagtlar ony hiç halamok. (Ejem “ýigrenmek” sözüni ulanmagymy islänok, emma “halamok” diýsem ol sesini çykarmaýar. Men käwagtlar jigimi hiç hili halamok.)
Karmen sentýabr aýyna çenli ep-esli ýere aýlanyp, öýe dolanmagyň gamyny iýip başlarmyka diýýärin. Onuň gapjygynda öýe gaýdyşyn ulanar ýaly bäş dollar bar. Syýahat tamamlanandan soňra Karmeni we onuň gündeligini bir berkje guta salyp, “Saç Sity, ýerli Poçta, Karmeniň hossary” diýlen salga ýollamagyňyzy haýyş edýärin! Men ony iberilen salgysyndan alýançam, ol şol howpsuz ýerde hem durar. Öýüne gaýdanyndan soň Karmen bilen habarlaşmak isleseňiz ýa-da öýe gelip-gelmedigi barada maglumat alaýyn diýseňiz, onuň gündeligine adyňyzy we salgyňyzy ýazyp goýaýyň! Karmeniň sag-salamat öýüne gelendigi barada men size hat ýollaryn!
Karmene seredeniňiz, ony gezdireniňiz hem-de onuň gündeligine başdan geçirmelerini ýazanyňyz üçin size ullakan minnetdarlyk bildirýärin!
Täze tanyşlaryňyz:
Karmen bilen Eşleý.”
Ýol gözegçilik gullugynda işleýän tanşymyz bardy. Oňa niýetimizi aýtdyk hem-de ondan Karmeni ýany bilen äkidip biljekdigini ýa-da bilmejekdigini soradyk. Şeýdip, ýola çykdy. Ol ýola çykan güni polisiýa tanşymyz Fillden soňra ilkinji dosty bilen tanyşdy. Fill ýokary tizlik bilen barýan bir awtoulagy saklaýar. Onuň sürüjisine tizligiň bellenilen çäklerini duýdurandan soň Karmen barada gürrüň gozgaýar, sürüji hem onuň haýyşyny kabul edýär. Şeýlelik bilen, Karmeniň Amerika syýahaty başlaýar.
Şol tomus örän gyzgalaňly geçdi: dürli ýerlere gezelenç etdik, garryja enem bilen atamyňka myhmançylyga gitdik, garaz, günümizi boş geçirmedik. Eşleý arman-ýadaman her gün poçta gidip, öz adyna bukja gelip-gelmändigini soraýardy. Her gezegem: “Ýok Eşleý, hiç hili habar ýok” diýlen jogap alýardy. Sentýabr aýynyň ortalary boldam welin ol dolanmady, biz hem ýuwaş-ýuwaşdan Karmenden umydymyz üzüp başladyk.
Sentýabryň ýigrimi dördi güni Karmen duýdansyz, Gawaýyň poçta möhüri basylan gutynyň içinde öýümize dolanaýdy! Gutuda Karmen we onuň sumkasy, gündeligi hem-de gapjygy bilen birlikde gezen ýerlerindäki ajaýyp adamlaryň ýollan dürli-dürli ýadygärlik zatlary bardy: Wiskonsinden sypaldan örülen şlýapa, “Jip Çerokiniň” kiçijik nusgasy, Oklahomadan indeý bilezigi, “Disneýlendde” Mikki Maus bilen düşülen surat, Saint Louisde 4-nji iýun dabaralaryndan alnan surat, Arizonada suwa düşülýän ýerlerde güneşläp oturan wagty alnan surat we ýene-ýeneler… Karmen bäş aýlyk syýahatynyň dowamynda Gawaýy hem hasap etseň jemi on alty ştat gezipdir! Bu bary-ýogy bäş aý üçin az-küş zat däldi.
Karmen Eşleýe bu sowgatlaryň ýany bilen başga-da gaty köp zat gazandyrdy. Meselem, Eşleý Karmen bolmadyk bolsa, hiç haçanam tanyşmajak birisi bilen hat alşyp başlady. Eşleý Karmeni gezdirip, onuň gündeligine adyny we salgysyny ýazanlaryň her birine hat ýollady, Karmen hem-de özi bilen tanyşlyk açandyklary üçin olara minnetdarlygyny bildirdi.
Köp wagt geçmänkä Karmeniň syýahaty baradaky gürrüňler dumly-duşa ýaýrady, hatda o hakda teleýaýlymlaryň biri Eşleýiň gatnaşmagynda bir gepleşik hem taýynlady. Beren gürrüňiniň soňunda Eşleý: “Syýahatçy aýylary söýüň, olara oňatja gözegçilik ediň! Bir gün dostluga mätäçlik duýsaňyz, maňa habar beriň! Karmeniň heniz aýlanyp görmedik otuz dört ştaty bar” diýdi.
Bu telegepleşikden soňra Karmen dünýä syýahatyna çykdy. Ýakyn günlerde Karmeniň öýe dolanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Ol bu çaka çenli gelmelidi, belkem bir ýerlerde eglenip, täze tanyşlary bilen wagtyny keýpiçag geçirýändir, emma onuň tiz wagtdan öýüne dolanjakdygyna biz ynanýarys.
Ýönekeýje bir oýunjak aýydan öwrenere munça zadyň bardygyny ýatsam-tursam oýuma-da getirmezdim. Karmen bize sabyrly bolmagy öwretdi. Sabyr-kanagat bilen garaşylan halatynda, täleýiň adama oslagsyz ýerden nijeme täsinlikleri bagyşlaýandygyny görkezdi. Wakalary öz akymyna goýbermegimiz we olaryň netijelerine öňünden göz ýetirmegimiz üçin zerur bolan batyrgaýlygyň kalbymyzyň töründedigini öwretdi. Adamlara ynanmalydygyny, her kimiň kalbynda ýagşylyk duýgusynyň bardygyny, şoňa ynam bildirmelidigini öwretdi.
Karmen başdaky bäş aýlyk syýahatyndan dolanyp gelende, poçta çykdajylary üçin onuň ýanyna salyp goýberen bäş dollarymyzyň henizem jübüsinde duranlygy, belkem bu hekaýanyň iň oňat ýeridir.
Marieta Irwin.Allajanlarym!Karmen niredekä?

Awtor: Marieta Irwin.
Terjime eden: Arsen blogger

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.