Hiç zat hakda hiç zat / hekaýa

Hiç zat hakda hiç zat ýazasy geldi.
Ýaman erbet!
Edil ýöne, şeýlebir ýazasy geldi welin, içi byjyk-byjykdan dolup, ölüp barýar...
Ýöne, hiç zat hakda nädip hiç zady ýazjak?!
“Hiç zat” hiç zat bolar-da. O hakda, ýekeje harp-a beýle-de dursun, hatda dyngy belgi ýazdygyňam, ol eýýäm, hiç zat hakdaky hiç zat bolmagyny bes edýär-de, nämedir bir zat hakdaky nämedir bir zada öwrülýär.
Asla, adamzadyň müňlerçe ýyllaň dowamynda toplan tutuş edebiýaty, ylmy, sungaty, pelsepesi... nämedir bir zat hakda nämedir bir zat dämi nä?!
Hiç zat hakdaky hiç zady hiç haçan, hiç kimem ýazyp bilmändir.
Iň bolmanda, iki aýagynda ýöreýänleň arasyndan kimdir biri.
Oň sebäbem başda aýdyldy.
Ýekeje belgi goýuldygy hiç zat hiç zat bolmagyny tamamlaýar.
Oň welin, şo barada şony ýazasy gelip ölüp barýar.
Goý muňa: “syrtyň açykka ilden üýtgeşik boljak bolan bolmak” diýen tagma ýelmesinler!
Goý muňa, diliniň awusyny nirä nämetjeklerini bilmän ýörenler: “Guýa ýeňle-de at gazan!” diýşen bolup, dodak çöwürsinler!
Goý muňa, eýlekileň düşünmedik jümlesine özleriniň düşünendigine ýa-da düşünýändiris öýdýändigine heýjanelek bolup, erkek gyýan deýin birnäçe sapar yzba-yz aýyş pursatyny başyndan geçirýänler: “Brawissimo!” diýip, gürrüldili bimany çarpyldy eýlesinler!
Goý muňa...
Barybir, nämedip nämetseler-de, oň ýazasy gelýär.
Şo barada!
Hut şo görnüşde!
Çünki, hiç zat hakda hiç zat, adamzat döräp, entege bu güne çenli ýazylmadyk zat!
Nämedir bir zatlar barada nämedir bir zatlardan dünýe doly!
Emma, hiç zat hakda hiç zat welin, edil şagalaňly toýa çagyrylman gelip, indem, bezemen, mes myhmanlaň hümerinden çeträge çekilip, “gel, geç” diýip mürehet edilmeg-ä baýaky, hatda: “bamysyňam” diýilmedik misgin deý, gelenine ökünip, utanyp, horaşaja geýminde ýüzüni sallap dur!
Dünýe – nämedir bir zatlaň dünýesi!
Hiç zatlaň orny bolsa, bu ýalamçy-da – köwüş bazaram däl!
Toý-meýlisiň bolýan howlusyndan daşrakdanam daşrakda gezmeli!
Özüniň mazlum sypaty bilen, pakyr-bende roýy bilen döwre gurap bezm kylýan nämedir bir zatlaň gözüne görnüp, olaň keýpini gap bilinden döwmez ýaly!
Şoň üçinem hiç zat hakda hiç kim hiç zat ýazmaýar.
Sebäbi birinjiden-ä bu mümkin däl.
Üçünjidenem, hiç zat hakda hiç zat ýazanyň üçin hiç kim hiç zat nemetmez.
Ikinji sebäbine-de her kesiň özi düşünsin!
Belki, şo – hiç zat hakda hiç zatdyr?!...

Serdar ATAÝEW

Çeşme: site
5 лайков 490 просмотров
101комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
21 дек 2021, 00:38
Цитата: Miss_minnosh
Mana yer acynn hany....

Hany doslar hemmämiz süýş süýş edeli, zioma ýer bereliň, töre geç)
#динара.
21 дек 2021, 00:38
Bagul_Atayeva,
gowy menem Hudaya shukur
Aýnur
21 дек 2021, 00:43
Цитата: MerdanGeldiyevv
Цитата: Mona Songz
Цитата: Bagul_Atayeva
Mona Songz,
Men bagyşlamagy halamaýan diysene))

Yok bagyşlap yadadym diysem näder...

Bagyşla diýdirip ýadamadyňmy?

Diymegem şert däl
#динара.
21 дек 2021, 00:43
sᴛᴀᴛᴇ,
sen aytmasan yerem berjekdallai bular:[
Merdan
21 дек 2021, 00:45
Цитата: Mona Songz
Цитата: MerdanGeldiyevv
Цитата: Mona Songz
Цитата: Bagul_Atayeva
Mona Songz,
Men bagyşlamagy halamaýan diysene))

Yok bagyşlap yadadym diysem näder...

Bagyşla diýdirip ýadamadyňmy?

Diymegem şert däl

Beýle diýme, gadyryny bil diýýänler barka, bolmasa soň men ýaly ökünip gežersiň, saňa dälde başga birine diýýän wagty :[
Aýnur
21 дек 2021, 00:45
Menä süýşjegem däl...?
#динара.
21 дек 2021, 00:46
,,YRSARAMAK''nm diymegaa?????
Merdan
21 дек 2021, 00:46
Цитата: Miss_minnosh
sᴛᴀᴛᴇ,
sen aytmasan yerem berjekdallai bular:[

Dur men yza süýşeýin welin, sen geçäý ýerime :]
Aýnur
21 дек 2021, 00:47
Цитата: MerdanGeldiyevv
Цитата: Mona Songz
Цитата: MerdanGeldiyevv
Цитата: Mona Songz
Цитата: Bagul_Atayeva
Mona Songz,
Men bagyşlamagy halamaýan diysene))

Yok bagyşlap yadadym diysem näder...

Bagyşla diýdirip ýadamadyňmy?

Diymegem şert däl

Beýle diýme, gadyryny bil diýýänler barka, bolmasa soň men ýaly ökünip gežersiň, saňa dälde başga birine diýýän wagty :[

Menä daže öwrenişipdirin ....öňem düşdum seň aydyan yagdaýyňa menem..?
#динара.
21 дек 2021, 00:47
biriniz dushundirayin
biz kan tkm sozlerden gurleshmanson(dine tema aydanda tkm aytya)
esasan shiwede
Merdan
21 дек 2021, 00:47
Цитата: Miss_minnosh
,,YRSARAMAK''nm diymegaa?????

Azar bermek, bimaza etmek bolýa
#динара.
21 дек 2021, 00:48
bizin Himik nirdai barmy sholam
#динара.
21 дек 2021, 00:49
Цитата: MerdanGeldiyevv
Цитата: Miss_minnosh
sᴛᴀᴛᴇ,
sen aytmasan yerem berjekdallai bular:[

Dur men yza süýşeýin welin, sen geçäý ýerime :]

yoo seninn yerini alyp bolmaz....
#динара.
21 дек 2021, 00:49
Цитата: MerdanGeldiyevv
Цитата: Miss_minnosh
,,YRSARAMAK''nm diymegaa?????

Azar bermek, bimaza etmek bolýa

haaa sag bol :))))
#динара.
21 дек 2021, 00:50
Barkam gadrymy bilin,gadrymy bilen wagtynyz belki yanynyzda bolmaryn!!!!
#diyaydim menem
Merdan
21 дек 2021, 00:51
Цитата: Mona Songz
Цитата: MerdanGeldiyevv
Цитата: Mona Songz
Цитата: MerdanGeldiyevv
Цитата: Mona Songz
Цитата: Bagul_Atayeva
Mona Songz,
Men bagyşlamagy halamaýan diysene))

Yok bagyşlap yadadym diysem näder...

Bagyşla diýdirip ýadamadyňmy?

Diymegem şert däl

Beýle diýme, gadyryny bil diýýänler barka, bolmasa soň men ýaly ökünip gežersiň, saňa dälde başga birine diýýän wagty :[

Menä daže öwrenişipdirin ....öňem düşdum seň aydyan yagdaýyňa menem..?

Öňki gezek düşeňde, nm üçin beýle boldy diýip özüňe sorag berdiňmi?
#динара.
21 дек 2021, 00:51
sonky teswirler ahlisi MISS_MINNOSH bolup durla hihi
Aýnur
21 дек 2021, 00:51
Цитата: Miss_minnosh
Barkam gadrymy bilin,gadrymy bilen wagtynyz belki yanynyzda bolmaryn!!!!
#diyaydim menem

Bio çagada girmesini goyupdyrmy namemi)
Aýnur
21 дек 2021, 00:52
MerdanGeldiyevv,
Howa yone men däl o gunakrdi)
Merdan
21 дек 2021, 00:52
Цитата: Miss_minnosh
Barkam gadrymy bilin,gadrymy bilen wagtynyz belki yanynyzda bolmaryn!!!!
#diyaydim menem

Menä bilýän?
#динара.
21 дек 2021, 00:53
Цитата: MerdanGeldiyevv
Цитата: Miss_minnosh
Barkam gadrymy bilin,gadrymy bilen wagtynyz belki yanynyzda bolmaryn!!!!
#diyaydim menem

Menä bilýän?

shlyapa
Aýnur
21 дек 2021, 00:55
Цитата: MerdanGeldiyevv
Nairobi,
Şu günä özüm uzak gün gaýgylanyp gezdim we saýta gelemde hemme adamyň ýüzüni güldürjek bolaryn, başardygymdan diýip özüme aýtdym.

Şeyle gowy oglaney sen))
Merdan
21 дек 2021, 00:55
Цитата: Mona Songz
MerdanGeldiyevv,
Howa yone men däl o gunakrdi)

Belki sen ýalňyş saýlansyň, eger şeýle bolsa ýene-de seňem azajyk bolsa-da günäň bar! Şeýle dälmi? Menä indi illeri günäkärläp hem ýadadym, hemme zadyň özümden bolýanyna düşündüm diýsem ýalňyşmaryn
Aýnur
21 дек 2021, 00:57

Ýalňyşlykdan diysene)))Belki
Merdan
21 дек 2021, 00:57
Цитата: Mona Songz
Цитата: MerdanGeldiyevv
Nairobi,
Şu günä özüm uzak gün gaýgylanyp gezdim we saýta gelemde hemme adamyň ýüzüni güldürjek bolaryn, başardygymdan diýip özüme aýtdym.

Şeyle gowy oglaney sen))

Aý sag bola köp shlyapa
#динара.
21 дек 2021, 00:58
Цитата: MerdanGeldiyevv
Цитата: Mona Songz
MerdanGeldiyevv,
Howa yone men däl o gunakrdi)

Belki sen ýalňyş saýlansyň, eger şeýle bolsa ýene-de seňem azajyk bolsa-da günäň bar! Şeýle dälmi? Menä indi illeri günäkärläp hem ýadadym, hemme zadyň özümden bolýanyna düşündüm diýsem ýalňyşmaryn

brawo manyly......
Aýnur
21 дек 2021, 00:59
Miss_minnosh,
Merdandanam çykjak ekenä şeyle sozler))
#динара.
21 дек 2021, 00:59
Цитата: Mona Songz
Цитата: MerdanGeldiyevv
Nairobi,
Şu günä özüm uzak gün gaýgylanyp gezdim we saýta gelemde hemme adamyň ýüzüni güldürjek bolaryn, başardygymdan diýip özüme aýtdym.

Şeyle gowy oglaney sen))

menin doganjygym shonun ucindir belki.......

Yok o meň daýzam şoň uçin))Hem agam
Merdan
21 дек 2021, 00:59
Mona Songz,
Beýle diýsem ýalňyşmajak bolup ýörme, biz hemme zady ýalňyşyp öwrenýäs, indikilerimize tejribe bolýa.