Hiç zat hakda hiç zat / hekaýa

Hiç zat hakda hiç zat ýazasy geldi.
Ýaman erbet!
Edil ýöne, şeýlebir ýazasy geldi welin, içi byjyk-byjykdan dolup, ölüp barýar...
Ýöne, hiç zat hakda nädip hiç zady ýazjak?!
“Hiç zat” hiç zat bolar-da. O hakda, ýekeje harp-a beýle-de dursun, hatda dyngy belgi ýazdygyňam, ol eýýäm, hiç zat hakdaky hiç zat bolmagyny bes edýär-de, nämedir bir zat hakdaky nämedir bir zada öwrülýär.
Asla, adamzadyň müňlerçe ýyllaň dowamynda toplan tutuş edebiýaty, ylmy, sungaty, pelsepesi... nämedir bir zat hakda nämedir bir zat dämi nä?!
Hiç zat hakdaky hiç zady hiç haçan, hiç kimem ýazyp bilmändir.
Iň bolmanda, iki aýagynda ýöreýänleň arasyndan kimdir biri.
Oň sebäbem başda aýdyldy.
Ýekeje belgi goýuldygy hiç zat hiç zat bolmagyny tamamlaýar.
Oň welin, şo barada şony ýazasy gelip ölüp barýar.
Goý muňa: “syrtyň açykka ilden üýtgeşik boljak bolan bolmak” diýen tagma ýelmesinler!
Goý muňa, diliniň awusyny nirä nämetjeklerini bilmän ýörenler: “Guýa ýeňle-de at gazan!” diýşen bolup, dodak çöwürsinler!
Goý muňa, eýlekileň düşünmedik jümlesine özleriniň düşünendigine ýa-da düşünýändiris öýdýändigine heýjanelek bolup, erkek gyýan deýin birnäçe sapar yzba-yz aýyş pursatyny başyndan geçirýänler: “Brawissimo!” diýip, gürrüldili bimany çarpyldy eýlesinler!
Goý muňa...
Barybir, nämedip nämetseler-de, oň ýazasy gelýär.
Şo barada!
Hut şo görnüşde!
Çünki, hiç zat hakda hiç zat, adamzat döräp, entege bu güne çenli ýazylmadyk zat!
Nämedir bir zatlar barada nämedir bir zatlardan dünýe doly!
Emma, hiç zat hakda hiç zat welin, edil şagalaňly toýa çagyrylman gelip, indem, bezemen, mes myhmanlaň hümerinden çeträge çekilip, “gel, geç” diýip mürehet edilmeg-ä baýaky, hatda: “bamysyňam” diýilmedik misgin deý, gelenine ökünip, utanyp, horaşaja geýminde ýüzüni sallap dur!
Dünýe – nämedir bir zatlaň dünýesi!
Hiç zatlaň orny bolsa, bu ýalamçy-da – köwüş bazaram däl!
Toý-meýlisiň bolýan howlusyndan daşrakdanam daşrakda gezmeli!
Özüniň mazlum sypaty bilen, pakyr-bende roýy bilen döwre gurap bezm kylýan nämedir bir zatlaň gözüne görnüp, olaň keýpini gap bilinden döwmez ýaly!
Şoň üçinem hiç zat hakda hiç kim hiç zat ýazmaýar.
Sebäbi birinjiden-ä bu mümkin däl.
Üçünjidenem, hiç zat hakda hiç zat ýazanyň üçin hiç kim hiç zat nemetmez.
Ikinji sebäbine-de her kesiň özi düşünsin!
Belki, şo – hiç zat hakda hiç zatdyr?!...

Serdar ATAÝEW

Çeşme: site
5 лайков 490 просмотров
101комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
20 дек 2021, 23:58
Öň men ýazypdymam muny
Leyli Amanowa
20 дек 2021, 23:58
öň mona songz açdy shuny
Aýnur
20 дек 2021, 23:58
Blok edipdim hiç zady
Merdan
21 дек 2021, 00:00
Bagul_Atayeva,
Pozma dursyn
Döwlet Şöhradow
21 дек 2021, 00:02
Dursun dursun?
Aýnur
21 дек 2021, 00:02
Цитата: Bagul_Atayeva
Nairobi,
Mona Songz,
Pozaýynmy onda

Pozma hiç zada bu hihi
Merdan
21 дек 2021, 00:04
Bagul_Atayeva,
Ana bizem @state ikimiz dursun diýdik, indi deňlik boldy. Pozmada :]
Aýnur
21 дек 2021, 00:06
Ooo menem öçur diymedimä dursyn diydim
Merdan
21 дек 2021, 00:07
Цитата: Mona Songz
Ooo menem öçur diymedimä dursyn diydim

Ana 3boldyk. :] ✓
Döwlet Şöhradow
21 дек 2021, 00:08
Mona Songz,
Sen soň aýtdyň)
Aýnur
21 дек 2021, 00:08
Цитата: MerdanGeldiyevv
Цитата: Mona Songz
Ooo menem öçur diymedimä dursyn diydim

Ana 3boldyk. :] ✓

:))
Aýnur
21 дек 2021, 00:10
Цитата: sᴛᴀᴛᴇ
Mona Songz,
Sen soň aýtdyň)

Bilyanle hemişe meni ýanaýaň saytda:(
netwoya
21 дек 2021, 00:10
Cok guzel ya
Döwlet Şöhradow
21 дек 2021, 00:15
Mona Songz,
Bagyşla...
Aýnur
21 дек 2021, 00:15
Цитата: sᴛᴀᴛᴇ
Mona Songz,
Bagyşla...

Yok...
Aýnur
21 дек 2021, 00:16
Цитата: Bagul_Atayeva
Mona Songz,
Men bagyşlamagy halamaýan diysene))

Yok bagyşlap yadadym diysem näder...
Merdan
21 дек 2021, 00:18
Цитата: Mona Songz
Цитата: Bagul_Atayeva
Mona Songz,
Men bagyşlamagy halamaýan diysene))

Yok bagyşlap yadadym diysem näder...

Bagyşla diýdirip ýadamadyňmy?
Merdan
21 дек 2021, 00:18
Цитата: Bagul_Atayeva
Цитата: MerdanGeldiyevv
Цитата: Mona Songz
Ooo menem öçur diymedimä dursyn diydim

Ana 3boldyk. :] ✓

Köpelyäňiz tüweleme))

Eýsem näme? Gowy ýazgy bolsa
Döwlet Şöhradow
21 дек 2021, 00:18
Цитата: Bagul_Atayeva
Mona Songz,
Men bagyşlamagy halamaýan diysene))

Başgaçarak aýdaýmala...
Döwlet Şöhradow
21 дек 2021, 00:19
Indi tarnado başlar...
Leyli Amanowa
21 дек 2021, 00:21
Suwjuklar ?
Döwlet Şöhradow
21 дек 2021, 00:22
Цитата: Nairobi
Suwjuklar ?

Например...
Merdan
21 дек 2021, 00:26
Nairobi,
Şu günä özüm uzak gün gaýgylanyp gezdim we saýta gelemde hemme adamyň ýüzüni güldürjek bolaryn, başardygymdan diýip özüme aýtdym.
Merdan
21 дек 2021, 00:27
Цитата: Nairobi
Suwjuklar ?

Senem ýüzüňi hamyrturşy ýalt edip durmada, azajyk ýylgyraý ?
Merdan
21 дек 2021, 00:27
*ýaly
#динара.
21 дек 2021, 00:29
Nameler eden bolyanyz....
Merdan
21 дек 2021, 00:32
Miss_minnosh,
Näme edeli? Gep edip ýörüs bizem. Gel senem goşul jigimjan?
Merdan
21 дек 2021, 00:32
Bagul_Atayeva,
Mümkin
#динара.
21 дек 2021, 00:36
Mana yer acynn hany....
#динара.
21 дек 2021, 00:36
Bagul_Atayeva,
jorkam gowmy yagdaylan