Hiç zat hakda hiç zat / hekaýa

Hiç zat hakda hiç zat ýazasy geldi.
Ýaman erbet!
Edil ýöne, şeýlebir ýazasy geldi welin, içi byjyk-byjykdan dolup, ölüp barýar...
Ýöne, hiç zat hakda nädip hiç zady ýazjak?!
“Hiç zat” hiç zat bolar-da. O hakda, ýekeje harp-a beýle-de dursun, hatda dyngy belgi ýazdygyňam, ol eýýäm, hiç zat hakdaky hiç zat bolmagyny bes edýär-de, nämedir bir zat hakdaky nämedir bir zada öwrülýär.
Asla, adamzadyň müňlerçe ýyllaň dowamynda toplan tutuş edebiýaty, ylmy, sungaty, pelsepesi... nämedir bir zat hakda nämedir bir zat dämi nä?!
Hiç zat hakdaky hiç zady hiç haçan, hiç kimem ýazyp bilmändir.
Iň bolmanda, iki aýagynda ýöreýänleň arasyndan kimdir biri.
Oň sebäbem başda aýdyldy.
Ýekeje belgi goýuldygy hiç zat hiç zat bolmagyny tamamlaýar.
Oň welin, şo barada şony ýazasy gelip ölüp barýar.
Goý muňa: “syrtyň açykka ilden üýtgeşik boljak bolan bolmak” diýen tagma ýelmesinler!
Goý muňa, diliniň awusyny nirä nämetjeklerini bilmän ýörenler: “Guýa ýeňle-de at gazan!” diýşen bolup, dodak çöwürsinler!
Goý muňa, eýlekileň düşünmedik jümlesine özleriniň düşünendigine ýa-da düşünýändiris öýdýändigine heýjanelek bolup, erkek gyýan deýin birnäçe sapar yzba-yz aýyş pursatyny başyndan geçirýänler: “Brawissimo!” diýip, gürrüldili bimany çarpyldy eýlesinler!
Goý muňa...
Barybir, nämedip nämetseler-de, oň ýazasy gelýär.
Şo barada!
Hut şo görnüşde!
Çünki, hiç zat hakda hiç zat, adamzat döräp, entege bu güne çenli ýazylmadyk zat!
Nämedir bir zatlar barada nämedir bir zatlardan dünýe doly!
Emma, hiç zat hakda hiç zat welin, edil şagalaňly toýa çagyrylman gelip, indem, bezemen, mes myhmanlaň hümerinden çeträge çekilip, “gel, geç” diýip mürehet edilmeg-ä baýaky, hatda: “bamysyňam” diýilmedik misgin deý, gelenine ökünip, utanyp, horaşaja geýminde ýüzüni sallap dur!
Dünýe – nämedir bir zatlaň dünýesi!
Hiç zatlaň orny bolsa, bu ýalamçy-da – köwüş bazaram däl!
Toý-meýlisiň bolýan howlusyndan daşrakdanam daşrakda gezmeli!
Özüniň mazlum sypaty bilen, pakyr-bende roýy bilen döwre gurap bezm kylýan nämedir bir zatlaň gözüne görnüp, olaň keýpini gap bilinden döwmez ýaly!
Şoň üçinem hiç zat hakda hiç kim hiç zat ýazmaýar.
Sebäbi birinjiden-ä bu mümkin däl.
Üçünjidenem, hiç zat hakda hiç zat ýazanyň üçin hiç kim hiç zat nemetmez.
Ikinji sebäbine-de her kesiň özi düşünsin!
Belki, şo – hiç zat hakda hiç zatdyr?!...

Serdar ATAÝEW

Çeşme: site
5 лайков 490 просмотров
101комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#динара.
21 дек 2021, 01:00
Цитата: Mona Songz
Miss_minnosh,
Merdandanam çykjak ekenä şeyle sozler))

kan aytya yone siz parhyna baranzok.....
Merdan
21 дек 2021, 01:00
Miss_minnosh,
Saol hanimefendi yazyan
Döwlet Şöhradow
21 дек 2021, 01:01
Dogry...
#динара.
21 дек 2021, 01:01
MerdanGeldiyevv,
seret nm diyya Aynur
Aýnur
21 дек 2021, 01:01
Цитата: MerdanGeldiyevv
Mona Songz,
Beýle diýsem ýalňyşmajak bolup ýörme, biz hemme zady ýalňyşyp öwrenýäs, indikilerimize tejribe bolýa.

Yok ýalňyşmajak bolaryn näme peyda yene gaytalasam?
#динара.
21 дек 2021, 01:02
Цитата: sᴛᴀᴛᴇ
Dogry...

ziom.....
Aýnur
21 дек 2021, 01:02
Цитата: Miss_minnosh
MerdanGeldiyevv,
seret nm diyya Aynur

Haýsyna seretmeli gözup gitdä her zolotoy sözune)))
Merdan
21 дек 2021, 01:03
Mona Songz,
Miss_minnosh,
Aý şu günä meni begendirip bildiňiz, saýtda meni öwdüler diýp menä bu gün ýatyp hem bilmerin indi aglaya
Aýnur
21 дек 2021, 01:05
Цитата: MerdanGeldiyevv
Mona Songz,
Miss_minnosh,
Aý şu günä meni begendirip bildiňiz, saýtda meni öwdüler diýp menä bu gün ýatyp hem bilmerin indi aglaya

Hahhaa))Senem unutma meni)
Meni öwmediň yone menem eşidaýjekdim...)
#динара.
21 дек 2021, 01:06
MerdanGeldiyevv,
suratcy ......
Döwlet Şöhradow
21 дек 2021, 01:06
Цитата: Miss_minnosh
Цитата: sᴛᴀᴛᴇ
Dogry...

ziom.....

Ziom ikik bu ýerde liçny öýdýän...
Aýnur
21 дек 2021, 01:07
Miss_minnosh,
Dur dur)
Merdan
21 дек 2021, 01:08
Hakykatdanam meň iň gynanýan ýada iň şadyýan wagtymda, ilkinji gelýän ýerim saýtlar boldy. Saýty hem bezeýän, içindäki adamlar boldy. Bir gün çaga, bir gün ýaşuly, bir gün agressiw adam ýene bir gün bolsa degişgen bolmak isledim. Ýagny hemmäňize köp sag bolsun aýdýan! Şu gün uzak gün keýpim ýokdy, indi azajygam bolsa siz sebäpli ýüzüm güldi?
#динара.
21 дек 2021, 01:09
sᴛᴀᴛᴇ,
sheyle oytyan....
#динара.
21 дек 2021, 01:10
Цитата: Mona Songz
Цитата: MerdanGeldiyevv
Mona Songz,
Miss_minnosh,
Aý şu günä meni begendirip bildiňiz, saýtda meni öwdüler diýp menä bu gün ýatyp hem bilmerin indi aglaya

Hahhaa))Senem unutma meni)
Meni öwmediň yone menem eşidaýjekdim...)

men na adam dalmi namee
Döwlet Şöhradow
21 дек 2021, 01:10
Цитата: Miss_minnosh
MerdanGeldiyevv,
suratcy ......

Snapchatda düşürseň gowy boljak eken...
Aýnur
21 дек 2021, 01:11
Цитата: MerdanGeldiyevv
Hakykatdanam meň iň gynanýan ýada iň şadyýan wagtymda, ilkinji gelýän ýerim saýtlar boldy. Saýty hem bezeýän, içindäki adamlar boldy. Bir gün çaga, bir gün ýaşuly, bir gün agressiw adam ýene bir gün bolsa degişgen bolmak isledim. Ýagny hemmäňize köp sag bolsun aýdýan! Şu gün uzak gün keýpim ýokdy, indi azajygam bolsa siz sebäpli ýüzüm güldi?

Gyyy menem şeyle
#динара.
21 дек 2021, 01:13
Цитата: sᴛᴀᴛᴇ
Цитата: Miss_minnosh
MerdanGeldiyevv,
suratcy ......

Snapchatda düşürseň gowy boljak eken...

sagbolun
Döwlet Şöhradow
21 дек 2021, 01:18
100-e çenli çut çut galdy...
#динара.
21 дек 2021, 01:24
sᴛᴀᴛᴇ,
95-pully /
#динара.
21 дек 2021, 01:24
96- suratcy
#динара.
21 дек 2021, 01:24
97- tanss
Merdan
21 дек 2021, 01:24
Цитата: Mona Songz
Цитата: MerdanGeldiyevv
Mona Songz,
Miss_minnosh,
Aý şu günä meni begendirip bildiňiz, saýtda meni öwdüler diýp menä bu gün ýatyp hem bilmerin indi aglaya

Hahhaa))Senem unutma meni)
Meni öwmediň yone menem eşidaýjekdim...)

Seni öwmän kimi öweýin? Sen biziň himik gyzymyza. Saňa öý iş zat işletmeli, şoň üçin öwmesem bolmaza hehe ( degişýän) Gaty gowy dost sen?
#динара.
21 дек 2021, 01:25
98- kitap
#динара.
21 дек 2021, 01:25
99- maska
#динара.
21 дек 2021, 01:25
ine-de 100 1nji
Aýnur
21 дек 2021, 01:26
Boldy boldy:)))Spasibo Merdan!Senem gowy aga))
Merdan
21 дек 2021, 01:27
Цитата: Miss_minnosh
Цитата: Mona Songz
Цитата: MerdanGeldiyevv
Mona Songz,
Miss_minnosh,
Aý şu günä meni begendirip bildiňiz, saýtda meni öwdüler diýp menä bu gün ýatyp hem bilmerin indi aglaya

Hahhaa))Senem unutma meni)
Meni öwmediň yone menem eşidaýjekdim...)

men na adam dalmi namee

Wii sen meň jigimjana. Ertir saňada öýüň işlerini etdirmeli, şoň üçin öweýin senem hehe (degişýän). Senem işeňňir, akyllyja jigim meň?
#динара.
21 дек 2021, 01:27
Цитата: Mona Songz
Boldy boldy:)))Spasibo Merdan!Senem gowy aga))

urya menin agam.......
#динара.
21 дек 2021, 01:28

shlyapa