EJE...

Gar reňkli göwünli, süýt deý çal saçly,
Gözümden ýaşymy sylma sen, eje.
Şu hal haýrym bilen şerim garjaşdy,
Ýöne bu ahwaly bilme sen, eje.

Aýdyp bolmaz syrlarym kän berç bolan,
Maýyp arzuwlam kän öňler sarç bolan,
Bu göwün ozalam owlan, kerçelen,
Ony söýgiň bilen dilme sen, eje.

Göz-gülban halyma bilmän imrige,
Sabyr suwum direnip dur seňrige,
Ömrüm juda çalymdaşka iňrige,
Haýyş, oňa meňzäp solma sen, eje.

Müň gowgany jemläp ýekeje serde,
Arşdan wahyý diläp, garaşdym ýerde
(Ah, wahyý nirede, keramat nirde!..),
Indem gelmän geçsin!
Gelmesin, eje!

Ilki geda, soňam şa bolan Ýusup
däl men, başaramok derdimi busup.
Başy dik bolsa-da, egini gysyk
Kakam bir bulary bilmesin, eje...

Eýläm — köýen yhlas, boşluk beýläm-de
(Mundan halas bolup bolar neýläňde?!).
Ogluň umydyny ajal peýlände
Dem ber oňa!
Ol bir ölmesin, eje...

19.02.2022ý.

Sapa HOMMADOW
6 лайков 1 194 просмотров
39комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
My life
22 фев 2022, 22:20
Hiayress,
Azyrak söyuşayerler senem)))
Pegas
Автор 22 фев 2022, 22:22
Цитата: Гость
Pegas,bu günki söhbetdeşlik zametkaňda dagy galmadymy

Bar, bar. Häzir goýjak.
Leyli Amanowa
22 фев 2022, 22:28
Bendtner,
yazdym
Bentner
22 фев 2022, 22:32
Цитата: Nairobi
Bendtner,
yazdym

Sagbol edebi tankydyňa... men professional shahyr dal prosto ic gysan wagty duzyan, indi goshgy duzsem seni kritik tutjaga))
Ötegçi
22 фев 2022, 22:34
Berekella
Ötegçi
22 фев 2022, 22:34
Söýgi hakda kän ýazanda da ýüregedüşgünç ýazanok
Leyli Amanowa
22 фев 2022, 22:35
Bendtner,
goşgular bn aram gowy däl meň
Hiayress
22 фев 2022, 22:39
Ötegçi,
Ýok gürrüň onda dällaý, söýgi hakda ýazylan goşgular köp we känbir biri-birinden many we ýazylyş stil taýdan tapawutlanmansoň ýadatýar. "Günde-günde etli palaw iýseňem, bir gün gyzyrylan kartoşga iýesiň geler" diýerdi öňem biri.
Ötegçi
22 фев 2022, 23:07
Gyzardylan kartoşga da känlaý Hiayres. Haýsyny iýesiñ gelse tapmak beýle bir kyn däl-ä bu zamanda))
Hiayress
22 фев 2022, 23:40
Ötegçi,
Dogry aýtýaňyz "Gözlän Käbäni tapar" diýýäler, biziňä maňlaýymyza ýazylan şol gyzardylan kartoşga bolupdyr. Kiçiligimizden iýýänimiz şol, ýöne şular ýaly saýtlarda oturyp günde etli palaw iýip ýörenlerem hem bir dadyp görse gyzardylan kartoşgaň tagamyny diýip aladalanan bolýaslaý.))
My life
22 фев 2022, 23:50
Hiayress,
Palow, gyzardylan kartoshga diyip tuweleme hojalykcyl ekeniñlegyy)))
Lachin
23 фев 2022, 09:09
Молодец! Вперед учитель!