Daşary ýurtdan gelen türkmeniň Aşgabatly garyndaşy bilen söhbeti

DAŞARY ÝURTDAN GELEN TÜRKMENIÑ AŞGABATLY GARYNDAŞY BILEN SÖHBETI

—Eýesin depermiş semrände eşek.
—Aý, öz eşegmiz-dä, gylaw alýa-da.
—Hany, namysa-da ýeten ýaly şek?
—Aý, namysdan ölen barmy, bolýa-da...

—Millet guldan beter ezilýän eken.
—Ýene şükür, türme mundan aňsatmy?!
—Adam hukuklary bozulýan eken.
—O diýýäniň näme, iýilýän zatmy?!

—Gabra itýärmişler ýuwaş-ýuwaşdan,
—Aý, göni gyrmaga çekinerler-dä.
—Saňa nä ýetenok bolelin aşdan?!
—Aý, bir boldum edip, çekilerler-dä.

—Duluňdaky saçagam-a boş ýatyr!
—Aý, iliňem bizden artyk güni ýok.
—Alnyňda bahar ýok, diňe gyş ýatyr!
—Aýlawly gürleme, hiç zat bilemok.

—Öýüň iç-daşam-a kirmi, hapamy?
—Oňa derek asmanymyz arassa.
—Haçan doýurjak ol ýeke gapany?
—Aý, iýse-iýsin-dä, ýetim neresse.

—Bilýäňmi haýwanyň iň bir mekirni?
—Goýsana şu gepi, gözüm çekedir.
—Dur onda, Hudaýyň ikimi, birmi?
—Allajan ýekedir, özem—tekedir!

Şiraly NURMYRADOW
6 лайков 391 просмотров
32комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
20 авг 2022, 22:15
Haydaroff,señ kimligiñ üsti açylýar.Ondan beter näme bolsun! Şolmy ýa dälmi?
Haydar
20 авг 2022, 22:25
Belki
Haydaroff,señ kimligiñ üsti açylýar.Ondan beter näme bolsun! Şolmy ýa dälmi?

Hawa men şol. Kim indi men)))
Yusup
20 авг 2022, 22:57
Belki,

Menin familiam Gurbanow. Haydaroff men dal. Menem Haydaroff dal. Ady yok sorajak zadyny shahsyda soraysyn. Senin tanyshlan biri oydyan yorite senem yatlap yazypsyn. Nomerimi ber shona bolmasa jan edip sorasyn yada
Massimus
21 авг 2022, 10:18
Aý, iýse-iýsin-dä, ýetim neresse.

Şular ýaly şahyrlaryň gadryna ýetilmeýäni gynandyrýar.