Şadyýan hekaýatlar

Öýkünen bolsañyz...

Ýazyjy Baýram Gurbanow redaktorymyzdy. Degişgen, bälçik, gülüşdiregen adamdy. Adymyzyñ yzyna, "oglum" diýen sözi goşup ýüzlenerdi. Bizem käwagt biri-birimize "pylan oglum" diýip gürleşerdik.
Bir gezek kabinetden çykyp gelýärkem, işdeş ýoldaşymyz Annaly Berdi zalyñ gapysynyñ agzynda pete-pet gabat geläýdi.
Men gapynyñ iç tarapyna ýüzümi goýdum, ol hem daş tarapyna ýüzüni goýup salamlaşdyk. Ol-a maña:
- Salam, Temmim däde! - diýdi. Menem:
- Saglykmy, Berdi oglum - diýdim. Yzymyzda bolsa Baýram aga duran bolsa nätjek.
- Hany öýkünip bolan bolsañyz geçeýin-le - diýende, utanjymyza gülşüp, herimiz bir tarapa gitdik. Ol hem loh-loh edip güldi.

▶ Myhmançylyga baranymyzda

Dostumyz Aman Ataýewiç gelip:
- Baýram agany myhmançylyga çagyrdym. Ol öýümi tapýan däldir. Özüñ alyp bararsyñ - diýdi.
Maşyna münüp ugradyk. Ýolda Baýram aga Saparyñ aýalynyñ adyny sorady. Mariýa Iwanownadygyny aýtdym. Ol tä barýançak, Mariýa Iwanownany on-on bäş gezek gaýtalady.
Bardyk. Salam berip ýerleşdik. Baýram aga Mariýa Iwanowna bilen hal-ahwal soraşdy. Stol başyna geçip oturdyk. Mariýa Iwanowna hyzmat edip, dürli tagamlary getirip başlady. Baýram aga her gezek adyny ýalñyş tutup, minnetdarlyk bildirýärdi. Ilki adyny dogry tutdy. Soñra unudyp, bir gelende Polina Iwanowna, ikinji gelende Lida Konstantinowna, üçünji gezek nahar getirende Swetlana Prokorýewna, soñabaka Maşa Maksimowna, Dusýa Dmitriýewna diýdi.
Men ýuwaşjadan:
- Agasy, onuñ ady Mariýa Iwanowna ahyryn. Ýalñyşmaweri diýemde:
- Haýsy ady tutamda näme, onuñ orusdygy bilinse bolýar-da - diýip ýylgyrdy.

Meretdurdy TEMMIMOW.
9 лайков 493 просмотров
162комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ejegyz.
Автор 11 дек 2021, 13:19
Enegul,
"Geliň bärik " atly mowzuk
Ejegyz.
Автор 11 дек 2021, 13:19
geçip barýaka sowlan,
Ýok arkaýyn gidiber
Enegul
11 дек 2021, 13:24
Ejegyz,
düşündim
Ogulşirin Bayramowa
11 дек 2021, 13:24
Цитата: geçip barýaka sowlan
Ýör senem gitseñ şirniñ magazynyna.....
Ejegyz,

Yooook
Ýury
11 дек 2021, 13:26
Bolýa ýeke özim bararyn.....Ogulşirin_Bayramowa,
Ogulşirin Bayramowa
11 дек 2021, 13:27
geçip barýaka sowlan,
Men şu gün yapayynla

Yerimi çalşaýyn ejem bilen iň bolmanda gep eştmen
Ogulşirin Bayramowa
11 дек 2021, 13:27
geçip barýaka sowlan,
Gelme wiyy toba
Ýury
11 дек 2021, 13:29
Ýokla täze ýyla pakupka etmeli.....
Ogulşirin_Bayramowa,
Ogulşirin Bayramowa
11 дек 2021, 13:34
geçip barýaka sowlan,
Gelmegin. Duşmanymdan beter yigrenern!
Ýury
11 дек 2021, 13:39
Цитата: Ogulşirin_Bayramowa
geçip barýaka sowlan,
Gelmegin. Duşmanymdan beter yigrenern!


Zaçem wiiii.....
Ýury
11 дек 2021, 13:41
Sen meni tanagoña ýagny meni ýurini.....Ogulşirin_Bayramowa,
Enejan
11 дек 2021, 13:53
geçip barýaka sowlan,
dali dv bile baraly !