Ýylgyraý eje!
Salam hormatly talyplar! Men türkmen rap'çylarynyñ biri bolan orazgeldiniñ (syke) "ýylgyraý eje" diýen aýdymyny diñledim. Gözüm ýashdan dolaýdy. Men shol aýdymyñ sözlerini shu taýyk ýazmany makul bildim. Sebäbi bu aýdym her bir talybyñ ejesine ýüreginden çykýan sözleri. Aýdymyñ köp ýerleri meniñ durmushyma gabat gelýär. Sizde-de ejeleriñiz hakda sheýle pikirler bardyr. Ýylgyraý eje! Çagalaryña bolan mähir bar seniñ ganyñda, dünýä sowuk, eje sen bolmasañ ýanymda bizi ulaltmak üçin edenleriñ ýadymda, gije üstümi ýapyp, sypa eje alnymdan. Älemde eje ýok, sen ýaly, ogluñ senden uzakda, seniñ söýgiñ zary, hemme edenlerim üçin bagyshlaý, eje bilýän kynçylyk köp, shonda-da ýylgyraý eje nämeden bashlaýyn eje? Elim titreýä saña ýazamda kagyzym ýyrtylýa, gaýtadan ýazyp bolamda, näme bolýar düshünemok özümede damja-damja ýash gaçýar, eje! gözümden. Göz öñümden geçýär, çagalyk ýyllary hemme zadymy bererdim, yzyma getirmek üçin olary hiç haçan aýrylmajak ýalydym senden 18 ýashymda ýyllar aýyrdy seni menden eje! Çagalaryña daýan, bashyñy belent tut men hemishe ýanyñda bolaryn, gaýgyñy unut. Senden sorasalar "-dünýäde näme etdiñ?" diýme "-dört çagany ýeke ýetishdirdim" az görünýädiñ öýde, bütin gün ishde aladañ köp, biziñki bolsa nahar bishse, ozalam ýadaw, ejejan geldiñ ishden bir zatlar bishirjek bolýadyñ, eje hiçden dynjyñy alaý, adam beýle kösenermi çagalary aç, ene ýüregi kösheshermi kakamyzyñam ýerini tutdyñ. Ýadyña düshýärmi ýa-da sen unutdyñ?! Ýüregim seni küýseýär, galamym golda ashgabat-istanbul, ejejan gözüm ýolda gije ýatamda uky girenok gözüme seniñ üçin ýashaýan, ynanaý sözüme ejejan! Arzuwym sag-aman okap ýörsem alladan ýeke dilegim, basymrak dönsem seni görsem, elleriñden öpsem armanym bolmaz, gujagyñda uklap ölsem. Monolog: eje! Gitmeli boldum. Gadryñy bilmändirin. Bagyshlaý! Durmush kyn ýöne... Seniñ ýanyñda hemme zat ýeñil ýalydy. Näme üçin?! Belkide ähli kynçylyklary sen öz üstüñe alýadyñ. Ýylgyraý! Ýadyña düshýärmi? Hemishe meniñ okamagymy arzuw edýädiñ. Allajana shükür. Okap ýörün. Hemme zat bolar. Hökman!!! Hormatly agzalar! Siziñem ejeleriñize ýürek wasplaryñyz shular ýalydyr. Orazyñam sözlerini siziñ bilen paýlashanym üçin suda bermezmikä diýip umyt etýän;)
Bayram-Jm
Bayram-Jm
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.