Alan hem gynanar, almadygam...

Bir gün bir ýurduň patyşasy gije tümlikde ýörişden gaýdyp gelýän eken, soňra weziri patyşa sorag berýär:
Patyşam atymyň aýagyna bir tokga zat degýä welin bu näme-kä? - diýip, sorapdyr. Patyşa hem:
- Bu zady alan hem gynanar, almadygam - diýip, jogap beripdir. Onda weziri "Alamsoň gynanjak bolsam, goý alman gynanaýyn" diýip, atdan hem düşmän durupdyr. Serkerdeler we nökerlerden alan hem bolupdyr almadygam. Soňra ýagta çykyp alan zatlarynyň Altyndygyny bilip hemmesi gynanypdyr. Alanlar köpüräk alaýmaly ekenim diýip ahmyr çekipdir, almadyklar bolsa, wah, menem almaly ekenim diýip gynanypdyr.
3 лайков 160 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şamuhammet
30 июн 2022, 23:38
Oguznamada hem bar şular ýaly rowaýat...