TÄZE DÖWÜRDE (degişme)

Bir bar eken bir ýok eken. Gadym döwürde dälde 2037-nji ýylda Dursyngeldi atly bir ýaş oglan bar eken. 2037-nji ýylyñ adamlary üýtgeşik, döwre görä bular gaty tapawutlanýardylar. Dursungeldi hem şolaryñ biridi. Günleriñ birinde Dursungeldi awtobusa münende owadan gyzy görüp onuñ ýanynda oturmak isledi. Ol gyzyñ ýanynda-da ýaşuly adam otyrdy. Oglan ol ýaşula: näme otyrsyñ, utanañokmy ýaşlar bara bärde? Ýaşlara ýol bermeli siz, bu ýaşlaryñ döwüri diýip ony ýerinden kowýar. Gyz hem oglanyñ bu hereketini görüp ýyrşaryp başlaýar. Dursungeldi gyz bilen tanyşmaga başlaýar. Salam. Meñ adym Dursyngeldi, meñ jynsym erkek diýýär. Ol gyz hem salam. Meniñ adym Agajemal. Ýewropa gitmezimden öñ Agamyratdym diýýär. Dursungeldi ol gyz bilen gürleşip halap başlaýar. Olar geçmişler barada gürrüñ edip başlaýarlar. Oglan: ejemiñ aýtmyşlaryna görä öñki adamlar gaty pis bolupdyrlar. Ol döwüriñ garrylary dar gysga balak geýip jorapsyz bantikli sary makasina geýýän oglanlary hem halamaýan ekenler diýýär. Olar biziñ döwrümizi döwür eden, modalarymyzy moda eden Dolçi Gabanany, Ýudaşkini, Sergeý Zwerýewi we ş.m. beýik adamlary hem äsgermezler ekeni diýýär. Agajemal hem ony goldap: bilýän. Meñ kakam şol döwürler söýgülsi Babamyrat bilen nikalaşyp bilmändi. Ejemede saçyny syrmaga, oglanlar bilen arkaýyn spirtnoý içip oturmaga gadagad edýän ekenler diýýär. Dursungeldi ol gyz bilen günde duşuşyp söýüşmäge başlapdyrlar. Günleriñ birinde olar has ýakyndan tanyşmak üçin öñki söýgülilerinem çagyryp kafede oturypdyrlar. Öñki söýgülileri täze söýüşýän kepderijikleriñ kemleri bara-da, gowy taraplary barada gürrüñ edip başlaýarlar. Dursungeldi öñler meñ bilen söýüşýärkä gysga ýupga geýmäge utanardy diýip Çary gürrüñine başlaýar. Ol pomadany çalmaga hem başarmazdy diýip gülüşip başlaýarlar. Ýene biri: Agajemalyñ trenažorda 100 kg daşy göterjek bolanda ýel goýbereni barada ýatlap geçýär. Olar şatlanyp şagalañly bolup oturşygy tamamlaýarlar. Bir güni Agajemal Dursungeldä özüne durmuşa çykmagy isläp restorana çagyrýar. Şonuñ şanyna gyz syrtlan etinden lüle zakaz edipdir, owadan güller bilen stoly bezedipdir. Oglan kän garaşdyrman gyzyñ ýanyna gelipdir. Syrtlan etiniñ tagamly ysyny alyp begenipdir. Gyz oglana sen maña durmuşa çykarmyñ diýip briliant bilen bezelen altyndan ýüzügi uzadýar. Oglanam begenjeginem bilmän, gynanjagynam bilmän pikire batypdyr. Bir salymdanam men oýlanyp görmeli diýýär. Gyzam näme sebäpden onuñ ýlanmalydygyna düşünýär. Sebäbi gyz Buzowalardandy. Oglan hem oña durmuşa çyksa Winseslawlygyndan ýüz öwürip Buzowalardan bolmagy kabul etmeli bolýan eken. Oglan öýüne gelip ejesine şol gyza durmuşa çykyp buzowalardan boljakdygyny aýdýar. Ejesi muña razy bolmaýar. Ejesi oña Winseslawyñ suratyny görkezip: sen şundan gorkmaýan bolsañ senden düzüwli adam bolmaz diýýär. Sen näme, habaryñ ýokmy Buzowalarda entägem 23-nji fewral baýramy bilen 9-njy maý bellenýändigini? Olarda entägem öñki geçmişiñ terbiýeleri bar. Totom, gumly adamlar olar. Biz sowremenny maşgala, olaryñ däp-dessurlary bize laýyk däl diýip ejesi gaharlanyp başlaýar. Oglan öýkeläp zaryn aglap öz ýatýan jaýyna baryp ýassygy gujaklap aglaýar. Soñ salondan ösgün saçyny sara boýap onuñ kakasy gelýär. Oglunyñ jaýyna baryp: mähirlijäm, näme aglaýarsyñ? Oglan: ejem maña Buzowaly gyza durmuşa çykmaga rugsat berenok diýýär. Kakasy ösgün laklanan dyrnaklary bilen oglunyñ kellesini sypalap köşeşdirmäge başlaýar. Alada etme oglum alajy tapylar diýýär. Ertesi gün oglan magazyna barýarka onuñ kellesinden sputnik gaçyp ölýär. Gyzam ony eşidip waý pahyrjyk diýýärde fifa2037 oýunyny oýnamaga dowam edýär. Şol günlerden soñ galan adamlar agzybir we bagtly ýaşamagy dowam edýär. SOÑY

Ertekini düzen Spagetti
2 лайков 197 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Enesh_Turkmengyzy
14 авг 2022, 16:39
Bamy şu spagetdi göni uçyan hala mùndùrip äkidyen hekayalary bar şunam:)