ÝERIŇ ÝÜZÜNDEN ATLAS PELEGINE ÇYKYLMAGYNYŇ BEÝANY

Bu waka perişdeleriň ýer ýüzüne gelip, jynlar bilen uruş edenlerinden soň bolup geçdi. Iblis çola ýere çykyp ybadata meşgul boldy. Perişdeler onuň takwalygyny görüp: «Eý, Taňrym! Bu ýerde saňa yhlasly bir bende bar. Şony bize berseňiz. Ol asmanda bolmaga laýykdyr» di ýdiler. Allatagala bularyň dilegini kabul etdi. Perişdeler Azazyly birinji gat asmana alyp çykdylar. Ol ýerde Azazyl müň ýyl ybadat etdi. Ondan soň Mälik Ryzwan ony Allatagaladan diläp, jennete getirdi. Azazylyň işi bu ýerde hem müň ýyl tagat-ybadata meşgul bolmak boldy. Soňra ony Mälik dowzah diläp alyp, dowzaha getirdi. Ol her dowzahda müň ýyllap ybadat etdi. Soň ony Arşy Mejide alyp geldiler. Ol bu ýerde hem müň ýyl ybadata meşgul boldy. Oňa ýakutdan bir münber ýasap berdiler. Azazyl bu münbere çykyp, perişdelere köp wagyz-nesihatlary etdi. Elkyssa, ylymlar Azazylyň başyna nurdan dykylandy. Köp perişdeler ol münbere çykanda onuň ündewini diňlemek üçin ýygnanardylar. Şeýdip, ol Arşda hem perişdeleriň arasynda uly sylag-hormata mynasyp boldy. Perişdeler Azazyly Arşy Mejide alyp gelen wagtynda, Benijan – jyn ogullary dagy azlykdy. Olar adalardan yzlaryna dolanyp jemlendiler we köpeldiler. Olaryň sany artyp dünýäni tutdy. Ýöne, olar Allatagala ybadat etmeklikden ýüz dönderdiler. Şol wagt Azazyl Allatagaladan dileg etdi: «Eý, Taňrym! Meni ýere iberseň, men Benijan taýpasyny seniň ýoluňa ündesem?!». Allatagala onuň bu dilegini kabul etdi we ony ýer ýüzüne iberdi. Azazyl ýerde jynlara köp wagyz-nesihat etdi. Emma olaryň köp bölegi Azazyň ündewini kabul etmedi. Jynlaryň az sanlysy dogry ýola düşdi. Azazyl kapyr jynlaryň üstüne Sahlut atly birini: «Benijan günä işleri etmegini goýup, dogry ýola düşsün» diýip, ilçi edip iberdi. Benijan Azazylyň teklibini kabul etmedi we Sahluty öldürdiler. Ondan soňra Azazyl onuň üstüne Ýusup atly birini ilçi iberdi. Benijan bu ilçini hem öldürdi. Elkyssa, ol onuň ýanyna jemi sekiz ilçi iberdi. Benijan olaryň ýedisini öldürdi. Sekizinji ilçi Benijanyň elinden gaçyp, Azazylyň ýanyna gelip, oňa bolup geçen wakalary aýdyp berdi. Azazyl Allatagalanyň permany bilen goşun tartyp, Benijan taýpasynyň köpüsini gyrdy. Olaryň diri galanlary gaçyp, adalara siňdiler we şol ýerlerde mesgen tutundular. Allatagala Azazyla birinji gat asmanyň häkimligini we jennetiň hazynasynyň açaryny berdi. Azazyl islese jennete çykyp, islese ýere düşüp, islese hem asmana galyp, tagat-ybadata meşgul boldy. Azazyl şunuň ýaly uly derejä ýetdi. Ýöne, ol wagtal-wagtal özözüne: «Eger Allatagala Hudaýlyk işini başga birine tabşyrmak islese, elbetde ony maňa bererdi» diýmekligi çykardy. Günlerde bir gün perişdeleriň birnäçesi Lowhul-mahfuzda: «Perişdeleriň biri Allatagalanyň emrine boýun sunman, Taňrynyň ebedi näletine sezewar bolar» diýen ýazgyny gördüler. Olaryň her biri bu näletiň öz boýnuna düşmeginden gorkdular we bihuş bolup ýykyldylar. Olar özlerine gelenlerinden soňra, Azazylyň ýanyna geldiler we bu wakany oňa aýdyp berdiler. Şeýle hem olar Azazyldan: «Biziň bu näletden aman bolmagymyz üçin Taňrydan dileg edip ber!» diýip, haýyş etdiler. Azazyl: «Eý, Taňrymyz! Bu günäsiz bendeleriňi beýle beladan päk sakla!» diýip, dileg etdi. Emma ol özüni bu näletden uzakda tutdy we dilege özüni goşmady. Ol şundan soňra tagatybadat etmegini taşlady. Hergiz ol ybadata meýil etmedi. Azazyl bir gün jennetiň gapysynda bir hat gördi. Ony Hudaýtagala özüniň gudratly galamy bilen ýazypdyr: «Biz bir bendäni uly hormat-mertebe bilen ýerden asmana getireris. Ahyrynda oňa bir iş buýranymyzda, ondan ýüz dönderer. Şol sebäpden ol ebedi nälete sezewar bolar. Biz oňa dowzahyň azabyny görkezeris». Azazyl bu ýazgyny görüp, müň ýyl ybadatyny taşlamady. Ol her gezek seždeden başyny göterende bu ýazga gözi düşerdi. Her gezek ol: «Şol näletkerde melguna ýüz müň nälet bolsun» diýerdi. Emma bu nälet ahyry onuň özüne düşdi. Häzir hem bir kişi başga birine nälet aýtsa ýa-da gargasa, ol nälet we gargyş onuň özüne düşýändir.

"KYSSASYL ENBIÝA" NASYREDDIN RABGUZY (sah:33-35)
2 лайков 162 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Enesh_Turkmengyzy
16 сен 2022, 07:13
Gowja mowzuklar birem okalanok