Antielita, rep sözleri (terjime)

M1NOR - Oxymiron Antielitasy.

Töweregimde elita, kime pagta aýt maňa elita.
Ine men Sindbad ýaly gözläp tapanym Erida.
Ýüzýäris gämiler bilen bu giň umman içre.
Öňümizde uly maksat, uzak menzil we bu sowap galan sendwiçler.
Yzarladym görünmez arzuwymyň yzynda bagt duryp.
Tragedik tamamlanarmy bu gäminiň ýazgydy?
Baý boldummy, garyp boldummy, düşinilmez şahyr boldummy?
Bugünlikçe dynç goýuň. Ýuwaş okeanynda ýuwaşja öljek.
Bugün näme üçindir gün sowaýan ýaly.
Ýadymda uwlaýardyk tokaý sanitarlary ýaly.
Öz işimizi bilerdik, ýöne bolmandyk melek.
Indi bolsa uzakdan Minor sesini tapyp bilmän heläk.
Bu IMPERIÝA, antielita göýä antidot.
Men bilýän näme tapdym, Elita gygyranda "waý-dat".
Aýdýardylar: "Pangeýa ymtylmagyňda nep ýok.
Meteoridiň astynda galmaga tarap ýok"
Sinoptik ýene nähak. Ýene sepeleýär ýagmyr.
Haýal kapýuşonly, tratuarda ädimim agyr.
Oýlanýaryn, şu zamanyň adamymy men çyndanam?
Bu şäherimiziň görki däl. Bu ýönekeý ýapyk metbugat.
Işine howlugýar adamlar. Dördünji ölçeg içre.
Içgysgynç işden gaýdyp, içgysgynç Victor Komarov.
Oxsforda girmekden, bara girmek aňsadrak.
Çünki bizde kitapdan göra alkogol arzanrak.
Ýaňra men hawa nadan men. Bagtyzlykdan şeýle men.
Görnüşimden altmyş kilo bolsamda, sözlerim bilen tonna men.
Bu repde Madonna men. Zäherli Belladonna men.
Ne derbeder nä Bondda men? Seniň üçin gorizontda men.
Ne Rizon ne maksat? Şunça ýyl geçip gitdi bir sekunt ýaly.
Durmuşy taryplasam peşehodsyz trassa ýaly.
Edebiýat poeziýam edil gijeki kör ýaly.
Näçe azaplansamam bular maňa lezzet ýaly.
Derbeder şemal meni magrypdan maşryga alyp git.
Parça bagt. Ýüregim ýaraly. Saýgaryp bilýärin reňki diňe spektr analizatordan.
Seniň özüň alyp çykdyň meni kanalizatordan. Eýý.
Parça parça parçalanyp atom ýaly...
...(Durmuşym ssenarisinde durmuşda ýok kopiýa.
Özüme özüm oýunlarda antiutopiýa. Men Antielita. Men Antielita.) (2x)
Sen agzyňy ýum! Maňa maslahat berme!
Bir gün asmana çyksam geçmişimden hat berme!
Meň ýanymda gal diňe, bolýar maňa nep berme!
Iň ýakyn ynsanymsymsyň, esasy maňa howp berme!
Biz, bu dünýäni uly ädimler bilen gezip çykyp...
Ýetmedigi bolsa uly galam bilen ezip geçip...


Terjime eden: Baýramgylyç Sapargylyjow.
5 лайков 220 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
menembiri
03 окт 2022, 18:54
Malades Atabaý! Bäşlik saňa! Ýo serýozno, bet lirika
Oksimiron
03 окт 2022, 20:05
Oksimironyň batllaryny hezil edip diňleýän. Esasanam KPSS bilen aýdanyny. Maslahat berýän