Arzuwly söhbet 2

Salam saýtdaşlar we myhmanlar. Kyn pursatlardan ýeňil çykalga tapmak ukyby her bir ynsana berilenmikä diýýän. Ýöne kyn pursatda özüňe we içki intuisiýaňa ynanmak has möhüm. Geliň häzir durmuşda bolup biläýjek, käbirlerimizde bolsa belki bolmajak ýagdaýlardan çykalga tapmaga synanyşalyň. Gyzlaram jogap berip biler. Ýöne bu blogy ýönekeý degişme görnüşinde kabul etmegiňizi haýyş edýän. Aşa realist, serýozny adamlara bu blogy okamagy maslahat beremok.

1. Aýdaly siz iki gyz (oglan) bilen söýüşýäňiz. Olaryň biri bilen kafe girdiňiz. Otyrkaňyz beýleki söýgiliňiz geldi. Näme ederdiňiz?

2. Söýgiliňiz bilen naharhana girdiňiz. Naharhanaň eýesi kartdan söwda edýändigini aýtdy. Ýanyňyzda nagt pul ýok. Iýip-içip bolduňyz. Kartyňyzy uzatdyňyz, (Demirindenmi ýa kömürindenmi belli däl) terminal siziň kartyňyzdan pul çekip bilenok. Naharhanaň eýesi kartyňyz işlänok nagt töläýiň diýdi. Çykalga tapaweriň.

3. Söýgiliňiz bilen el tutuşyp gelýärkäňiz (belki gujaklaşyp durkaňyz) sambist agasy gabat gelse. Bu ýagdaýda siziň özüňize ynamyňyzam, intuisiýaňyzam kömek etmez. Siziň hereketiňiz.

4. Siz ulanylan telefon satyn aldyňyz (aýdaly tmcars-dan). Satan adam telefonyň korobkasy zady ýok, ýöne özümiňki diýip ant içdi. Siz ynandyňyz. Telefony 1 aý ulandyňyz, sizi polisiýa çagyrdy. Telefon ogurlyk ekeni. Polisiýa siziň aýdan adamyňyzy tapyp bilmedi. Olar sizden güman edýär. Günäsizdigiňizi subut ediň.

5. Siz Nýu Ýorka syýahata gitdiňiz. Ýolda uçar heläkçiligine duş geldiňiz. Diri galdyňyz. Jeňňelde sizi ýabany indeýler halas etdiler. Indeýleriň baştutany size özüne durmuşa çykmagy (aýal baştutan özüne öýlenmegi) teklip etdi. Razy bolsaňyz indeýleriň iň abraýlysy bolarsyňyz, garşy bolsaňyzam mangal taýyn şaşlyk bolarsyňyz. Aşpez indeý marinowat etmäge zat gözläp ýör. Tizräk bir karara geliň.

6. Bu sorag üçin öňünden ötünç soraýan. Öýde ýeke özüňiz, hajathana girdiňiz. Işiňizi gutaryp seretseňiz düýnki goýan bitin bumagaňyz gutarypdyr. Sögündiňiz, gygyrdyňyz, aý bular bumaga iýýämi diýdiňiz, teke bazaryňkyda-da günde munça gidýän däldir, ogurlap äkidip satýalarmy bular diýip gygyrdyňyz. Peýdasy ýok. Şunça wakalardan baş alyp çykdyňyz, mundanam üstünlikli geçjegiňize ynanýan. Baş alyp çykyň ýöne soňky soragyň jogabyny bärik ýazyp otyrmaň..
2 лайков 307 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
27 апр 2022, 15:35
1. Kursdaşyma öwrülýär biri awtomatiçeskiý)
2. Biraz garaşyp, poçta etdirerdim dost-ýarlaň birine)
3. "Assa gaçan namart" :D
4. Ses zapis, tmcars'daky bildiriş, arhiw...
5. I tagam öýlenip bilmän ýörün. :D
6. Tapdym eýýäm çykalga))
Senyorita
27 апр 2022, 15:36
Ilki özüňiz jogap berseňiz nädýär!
Massimus
Автор 27 апр 2022, 15:49
I tagam öýlenip bilmän ýörin, gowy jogap. Minnetdar jogaplaňa Pegas aga.
Dowsypat
27 апр 2022, 16:38
1. Aýdaly siz iki gyz (oglan) bilen söýüşýäňiz. Olaryň biri bilen kafe girdiňiz. Otyrkaňyz beýleki söýgiliňiz geldi. Näme ederdiňiz?

Olaram ýanymyza çagyrardym.Dört bolup oturardyk.(Olam bir baran bilen barardy-da kafe).

2. Söýgiliňiz bilen naharhana girdiňiz. Naharhanaň eýesi kartdan söwda edýändigini aýtdy. Ýanyňyzda nagt pul ýok. Iýip-içip bolduňyz. Kartyňyzy uzatdyňyz, (Demirindenmi ýa kömürindenmi belli däl) terminal siziň kartyňyzdan pul çekip bilenok. Naharhanaň eýesi kartyňyz işlänok nagt töläýiň diýdi. Çykalga tapaweriň.

Hiç hili jübüme agram düşürmezdim.Şol dördünji barana tölemäge mejbur ederdim.(Biderege ýanymda oturtdymmy ony?)



3. Söýgiliňiz bilen el tutuşyp gelýärkäňiz (belki gujaklaşyp durkaňyz) sambist agasy gabat gelse. Bu ýagdaýda siziň özüňize ynamyňyzam, intuisiýaňyzam kömek etmez. Siziň hereketiňiz.

Barany agasynyň eline berip,özüm gaçardym.

4. Siz ulanylan telefon satyn aldyňyz (aýdaly tmcars-dan). Satan adam telefonyň korobkasy zady ýok, ýöne özümiňki diýip ant içdi. Siz ynandyňyz. Telefony 1 aý ulandyňyz, sizi polisiýa çagyrdy. Telefon ogurlyk ekeni. Polisiýa siziň aýdan adamyňyzy tapyp bilmedi. Olar sizden güman edýär. Günäsizdigiňizi subut ediň.

Baranyň adresini bererdim.(Ogurlamadym diýip bir görsün).

5. Siz Nýu Ýorka syýahata gitdiňiz. Ýolda uçar heläkçiligine duş geldiňiz. Diri galdyňyz. Jeňňelde sizi ýabany indeýler halas etdiler. Indeýleriň baştutany size özüne durmuşa çykmagy (aýal baştutan özüne öýlenmegi) teklip etdi. Razy bolsaňyz indeýleriň iň abraýlysy bolarsyňyz, garşy bolsaňyzam mangal taýyn şaşlyk bolarsyňyz. Aşpez indeý marinowat etmäge zat gözläp ýör. Tizräk bir karara geliň.

Gyz owadan bolsa elbetde öýlenerin.Gyz göwnüme ýaramasa,indeýleriň arasynda-da baranlar az däldirä.Dogurlap goýbererin birini.

6. Bu sorag üçin öňünden ötünç soraýan. Öýde ýeke özüňiz, hajathana girdiňiz. Işiňizi gutaryp seretseňiz düýnki goýan bitin bumagaňyz gutarypdyr. Sögündiňiz, gygyrdyňyz, aý bular bumaga iýýämi diýdiňiz, teke bazaryňkyda-da günde munça gidýän däldir, ogurlap äkidip satýalarmy bular diýip gygyrdyňyz. Peýdasy ýok. Şunça wakalardan baş alyp çykdyňyz, mundanam üstünlikli geçjegiňize ynanýan. Baş alyp çykyň ýöne soňky soragyň jogabyny bärik ýazyp otyrmaň..

Barana jaň etsem,paçkalap getirerdi.(Hajathana bumagasyz girilsede,telefonsyz girilmeýän zaman häzir).

Duýduryş:Menem degişip ýazandyryn,serýozny kabul etmäň!
Mümkin
27 апр 2022, 17:34
1.Ilki haýsysyndan geçip biljegimi kesgitlärin.Sebäbi hökman biriniñ söýgülimdigini kabul etmeli.Soñ geçjek kişimi görkezip beýleki geçip bilmeýänime şeýle diýerdim:
"Tanyş bol,bul oglan işdeşim"(sorap,idäp ugrasa işden çykdy diýäýmeli)
2.Muñ üçin men oglan bolup jogap berýän:Dostuma jañ ederin.Gyza-da ýene azajyk oturaýaly diýerin.
3.(oglan bolýan) Doganyny gördügim:"A gyz näm üçin elimi tutduñ?Ýogsa-da kim sen?"Her gören oglanyñ elini tutýañmy?" diýerdim :)
4.Men ynanmazdym.Tanamaýan adamymdan almazdym
5.Bolýa razy diýerdim-de toý gidip durka gaçardym :)
6.Pas :)
Waleryanka
27 апр 2022, 17:41
Dowsypat.,
Serýozny kabul etmäň baranlar- diýmelidiň bolanna görä cilimkesh
Massimus
Автор 27 апр 2022, 17:53
Ugurtapyjy agzalara sag bolsun aýdýan. Käbir jogaplara prosto söz ýok.
Massimus
Автор 27 апр 2022, 18:03
Hany aktiw bolalyň agzalar siziň pikirleriňiz biziň üçin has gyzykly we gymmatly
Ladybug
27 апр 2022, 18:27
1. 3nji birini hem zapasda goyardym,eger seyle yagday bilen gabatlassam onaysyz yagdaya dusup,yalbaranymdan ikisindenem gecip goyberer yaly.
2. Elbetde birinden pul sargamaly bolar,basga alac yok.
3. "Son hawarlasarys" diyip, goni yzyma owurlip gacardym.
4. Men asla karopkasyz zat alman,alaysamam so kisin pasport kopyasyny,dil hatyny alardym.
5. Toy gutaryp gutarmanka uky derman bererdim kop mukdarda,son gacardym.
6.....
noname
27 апр 2022, 20:23
Menem şulañ aydanlaryna goşulýan. Goşmasalaram goşulyan... swist
Durmush
27 апр 2022, 23:58
Meň aýtjak zatlarymy bylar ýazypdyrlar.
Meň jogaplarym şularyň aýdýaň zatlary. yazyan