Pursat gaçandan soňra...

Bir zenan maşgala aeroportda uçar bilen alyslardaky öz watanyna gitmek üçin ýolagçylyga taýýarlyk görýärdi. Ýanynda sumkalary bardy. Uçaryň uçmagyna bir sagat ýaly wagt bolansoň, okap güýmenmek üçin gazýet we ýanyndan iýer ýaly bir paket köke aldy. Okamak we dynjyny almak üçin VIP salonunda bir oturgyja oturdy. Ýanyndaky oturgyja-da satyn alan kökesini açyk goýupdy. Onuň ýanyndaky oturgyja başga bir adam otyrdy we ol hem bir žurnal açyp, okamaga başlady.

Zenan maşgala ilkinji kökesini alyp, iýmäge başlady. Adam hem ondan bir köke aldy. Zenan örän gaharlanypdy we içinden: "Wah, özümi oňat duýýan wagtym bolsady, onda muny oňatja ýepbeklärdim!" diýip pikirlendi. Zenan birini alýar, adam hem birini alýardy. Zenan däliräýjek bolýardy, ýene gohlaşmagam islänokdy. Soňunda ýekeje köke galanda, zenan: "Indi bu edepsiz adam näme ederkä?" diýip pikirlenipdi. Ol adam bolsa soňky kökäni alyp, ikä bölüp, ýarysyny zenana uzatdy. Bu ýagdaýa has hem gaharlanan zenan ýarty kökäni alman, tüweleý ýaly bolup, gazýedini alyp, uçaryna tarap çalt ädimler bilen tasanjyrap gitdi.

Uçara münen zenan äýnegini almak üçin, el sumkajygyny açdy. Bir seretse satyn alan kökesi açylmanjyk durdy. Orän utanypdy. Kökesini hiç açman, sumkasyna salanyny unudypdy. Ol adam bolsa kökelerini hiç gaharlanman zenan bilen paýlaşypdy. Zenan bolsa öz kökelerini iýýär diýip, ol adama örän gaharlanypdy. Indi ötünç soramaga-da mümkinçilik ýokdy.

Bu ýagdaý netijesinde şuňa ýene bir gezek göz ýetirdi:
Yzyna gaýtaryp bolmajak dört ýagdaý bar:
1 - Daş zyňylandan soňra
2 - Söz agyzdan çykandan soňra
3 - Pursat gaçandan soňra
4 - Wagt geçenden soňra
— yzyna gaýtaryp bolmajak ýagdaýlar emele gelýär, bu ýagdaýlardan seresap boluň!
6 лайков 135 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
MIZ Tv
13 июн 2022, 03:24
Näme ýazýanyňa bir üns berä adam. Ýokarda
Uçaryň uçmagyna bir sagat ýaly wagt bolansoň, okap güýmenmek üçin gazýet we ýanyndan iýer ýaly bir paket köke aldy. Okamak we dynjyny almak üçin VIP salonunda bir oturgyja oturdy. Ýanyndaky oturgyja-da satyn alan kökesini açyk goýupdy.
ýazypsyň, aşakda bolsa
Bir seretse satyn alan kökesi açylmanjyk durdy
diýýäň, ol ayal kokesini acyk goydy diyyan, son sunkasynda dur diyyan. O yerde dine bir gap koke alan yaly bolupdyr we sol bir wagtda kokani acyar sonam sol koke sumkada acylmadyk dur. Name yazyanyny bilenok oytyan.
MIZ Tv
13 июн 2022, 03:26
Dusundirjek bolyan zadyna mysaly bir dogry getirmani basar ilki. Awtory men dal diyersin okabam, sen bolmasan okayan zadyna dusunmeyanmi?
noname
13 июн 2022, 10:45
Öñem kop kişi goydy şuny